Abat_
26.10.2023 15:37

Tötänleýin surat maňa “Adam garrasada göwni garramaýar” aýtgyny ýatlatdy. Ýaşulynyň gasyn düşen maňlaýyna, dişleri dökülip gutaran bolsada çyn ýürekden ýylgyrşyna serediňä. Ýüzünde ýyllar yz galdyrsada “dünýäden bihabar çagajyk” ýaly ýylgyrşy aýryja ünsüňi çekýär. Ýaşulynyň dyzyna elini goýup, onuň bir zat diýmegine garaşýan ýaly ünslije seredip oturan oglanjygyň kirlije eli siziňem ünsiňizi çekdi gerek? Ol başgalar ýaly gülmän çalaja ýylgyryp oturşyna “megerem şu oglanjyk filosof bolar” diýdirýär))
Her agzaň özboluşly pikiri bardygyna ynanan ýagdaýda, teswirlerde manyly pikirlere garaşýan.

32
112
Dusia
26 Oktýabr 2023
Şeýdip ol ýaşulydaky şatlygy ýyllar öňünden duýjak bolýandyr belkem!
Dusia
26 Oktýabr 2023
Ol oglanjyk öz ýaňagyny hem gysymlap görýär edil ýaşulyňkyny beýleki oglanjygyň edişi ýaly... Belkide ol ýaşulyda öz gelejegini görýändir (pikirlenýändir)...😊
myrataly_
26 Oktýabr 2023
Yashymam bir cene bardy oza)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.