Abat_
31.10.2023 21:12

Ýene-de duýgylaryma söz geçirip bilmän "Seni" ýazmaga başladym bügün. Ýazanlaryma seretseň ählisi seniň bilen başlap, seniň bilen gutarýanyny duýarsyň. Esasan hem sen meniň ýanymda ýok wagtyň ýazasym gelýär, iň gözel jümleleri birleşdirip gaýta gaýta senli günleri ýatlasym gelýär. Bilýäňmi, gün gelip ýene-de öňki günlermiziň geljegine meni ynandyrsaň, aramyzdaky bitmez uzaklyklara sözlerim bilen birleşdirip köprüler gurardym. Belki öňde-soňda "biz" hakda has gowy jümleleri gurmagy başararyn, ýöne hiç kim meni we duýgylarymy düşünmez. Sebäbi men seni oýlamok, men sende ýaşaýan. Ýazanlarymy başgalar makala, hekaýa ýa-da oýlanma diýip okamagy mümkin. Aslynda ýazanlarym "belki-de Allahym doga diýip hasaplap, hasyl eder" niýeti bilen ýazylandyr. Aslynda ýazanlarym "bir gün öňki günler geler, belkide duşuşarys" umydynyň ähtimallygydyr. Ýazanlaryma sensizlikde geçiren günlerimde özüme beren sözlerimi gizledim, okamagyň üçin däl sensiz geçen pursatlarymy seni ýazyp, seniň adyň bilen doldurmak üçin.
Belki-de durmuşyň çarhy tersine aýlanar we biz duşuşarys. Belki soňsyz "baky" älemde bagtymyz bizi duşurmak üçin garaşýandyr. Belki-de...Eh hormatlym käşgä bilsediň bu "Belkileriň" sanynyň sözlükerimde barha artýanyny, mensiz ýörän köçeleriňden ýöräp seniň ysyňy gözleýänimi, belki-de düýşümde görerin umydy bilen uklaýanymy. Käşgä bilsediň obaň daýzalaryndan "söýeniňe ýet!" dilegini eştmek üçin (şol kiçijik ýöne çyn ýürekden aýdylan sözi eşitmek üçin) edýän tagallalarmy. Käşgä bilsediň, "halaýan ýazyjym" diýip ýazyjylary topara bölmegimiň sebäbi, olaryň maňa iň gowy şekilde seni ýatladýanlygyna baglydygyny. Käşgä bilsediň köpçülikden ybarat ýalňyz galmalarymda "maňa ol bolsa ýeterlikdi" diýip ýerime ýadyrgaýanymy. Käşgä bilsediň men senden näçe uzaklaşsam uzaklaşaýyn, yzyma dolananymda okajak ilkinji sözüm seniň adyň bolýanyny. Käşgä bilsediň men entegäm saňa garaşýanymy....

© Abat AŞYRGELDIÝEWA

36
119
ruslan03
9 Dekabr 2023
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.