Abat_
06.11.2023 20:56

 Salam alysdaky ýüregime ýakyn ynsan. Men ýene-de biygtyýar seni ýazýan bügün. Sebäbi meniň elipbiýim seniň adyň harplary bilen çäklenyär. Her jumlamde, her sözlemimde, her ýazgylarymda adyň bar. Ýazgylardan geçeli, ähli zatda  "Sen" barsyn. Elime alan her galamymy kagyza degirsem seniň adyňy ýazýar. "Galamy özgertmegi derňemediňmi?" diýme maňa, netije üýtgemez.  Ýüregimdäki ýazgyny kagyza göçüreni üçin galamy günäkär etmek iň gowy çykalga şeýle dälmi?! Aslynda her bir harpym uzakdan bolsa-da, seniň okamagyň üçin seslenýär saňa. Harplarym bilen çep tarapyňda özüm üçin öý gurmak isleýän, emma bu ýazgylar iň bärkisi  ýüzüňde ýylgyryş ýasap bilmezliginden gorkýan. Asyl-ha bu akja kagyzlaram meniň göwnüme çalym edýän ýaly. Ak bolany üçin däl, gaýta gaýta seniň adyň ýazylýany üçin. Söýgimi hiç bir setire sygdyryp bilmejegimi bilýän. Emma seni ýazmaga näçe hakym bar bolsa, hemmesini "Seni" ýazmak üçin ulanaryn. Ýekeje sözümi başgalara dözmedik ýagdaýymda hem, sözlerim bilen ýagyşlar ýagdyraryn üstüňe. Gaýta we gaýta seni ýazma sebäbim: seni we senli pursatlary unutmazlyk. Ömrümiň ahyryna çenli unutmajagymy, ýazanlarymy senden başga-da ýüzlerçe adamyň okajagyny bilip durup, şu ýekeje bahana baglaýan ýazmagymyň bar sebäbini. Men ikimizi bir kagyzda ýaşatmakdan ýadadym. Men  haçan "çyn ýürekden söýseň söýeniňe ýetersiň" aýtgynyň dogrudygyny başgalara subut ederin? Men "seni" ýazmak üçin kiçijik bahanalara esaslanýarkam, sen haçan "meni" ýazmak üçin ullakan "Seni söýýänligim" sebäbini görmegi başararsyň? Men haçan senden gelen haty çagalaryň özüne alnan sowgady açýan pursadyndaky joşguny bilen açyp okaryn?!

©Abat Aşyrgeldiýewa 

34
333
Abat_
8 Noýabr 2023
@senorita, sag bol gulum😘❤️
senorita
8 Noýabr 2023
@Sunshine lady, Tũweleme gutlaýan gũlũm 🤗😘
Abat_
8 Noýabr 2023
@flowers_, olara meniň şu ýerdedigimiň özi ýetigä)
Abat_
8 Noýabr 2023
@flowers_, öňemä joşyan ekeniniza onna))
Abat_
8 Noýabr 2023
@flowers_, öňki nikiniz namedi?
Abat_
8 Noýabr 2023
@Serwi, höwesjeň derejede şeýle mümkinçilik bardygyndan habarym ýokdy:))
Abat_
8 Noýabr 2023
@Serwi, Minnetdar 😘
Abat_
8 Noýabr 2023
@flowers_, Özüň dereje yetmegim üçin itekläp gutlan bolyanmy😁 oýun edýän Minnetdar
Abat_
8 Noýabr 2023
@Serwi, bilemok, dislike goýulsa habar gelenoga maňa. Goyubersinle dereje möhüm dal maňa 😊
Abat_
8 Noýabr 2023
@Serwi, 3 gezekden bäri 997 ball bolýarda, her post goyanymda 20 ball azalýar. )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.