Abat_
05.11.2023 22:17


?-nji hat. Sentýabr

Ýaşamaga güýjüm galmady, dostum. Sen ýaşa… Ýöne hergün ir-säher, otagyň her boşlugyny Gün şöhlesi bilen doldurmagy unutma! Tutularam tans etsin ýeliň sazyna. Ýolugra bir sazyň täsiri bilen hiňlenip ugra sen işiňe bakan. Men saňa üýtgeşik aýdym goýmadym, bilýän. Sen saýla bir serçäni, goşulyber şonuň heňine.
Depderiň bir çetine Gün suratyn çekmegi, ähli saralyp-solan gülleri jaýlamagy we her agşamara, dostum, aglamagy unutma! Men henizem ýaşaýandyr öýtsün otagym.
Ýaşaýarkaň, ýaşamagy unutma! Ýadasaň eger, akymyna goşul mawy asfaltyň, ýöräber ýoluň soňuna deňiç. Ýollar uzak, ädimlerem gysga… Soňuny saýma, ýürek urşuňa deňläber ädimleriňi.
Men gidemsoň asmana gowy seret, dostum. Göwnüňi birinde galdyraýsaňam, hergiz umydyňy ýitirmejek bol. Saňa ykbal gam çekdirse, ony çilim tüssesi deý sowur goýber gursagyňdan. Öz hasratyň özüňe artyk ge:r, dostum.
Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.
…Ölüler mazarda üşemeýän eken. Şol pikir maňa köp ejir çekdirdi. Ötenlem üçin. Emma itler, pişikler üşeýär, dostum. Olaryň ganaty ýog-a, uçup gidäýer ýaly.
Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.
Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

© Begençgeldi ORAZOW

30
242
Abat_
5 Noýabr 2023
@sazsoft, diňläp gormedima)
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Sunshine lady, «Gel-dä sen geljek bolsaň, ýakma-da şirin jany». Gowy aýdym 😅
sazsoft
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿, «Gelermikä, kim biler?!» :)))
Abat_
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿,@sazsoft, geler ol geljek diýen bolsa:))
sazsoft
5 Noýabr 2023
@Sunshine lady, Arkaýyn iýip-iç diýip goýberdik, şo gidişi boldy :)))
Abat_
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿, Seninem gijan rahat bolsun❤️
Abat_
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿, bilmedim. Bolup gecsin😁. Garlawajama gelmedi
Abat_
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿, Bilýän. ady meňzeş eken. Yatlap goyberaydim😁
Abat_
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿, hawa şol ýaňky, ýöne şüphelenemokla. Ol däl)
Abat_
5 Noýabr 2023
@gul⁠✿, bolýar 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.