Abat_
07.11.2023 22:55


Ne güller gördüm. Olary görüp,özümiňem bir güldigimden utandym.
Birisi ýalňyz ýaşaýan erkek adamyň öýüne girip gitdi. Girmänkä ýazykly gözlerini aşaklyk bilen eýläk-beýläk tiz aýlady. Şol gözlerden men utandym. Ertesi gün ol güli ejesi bilen bile gördüm. Öz gülüniň halyndan habarsyz pukara eje oňa guwanyp seredýärdi. Meniň damagym doldy. Bu barada il-gün gürrüň etse,ynanmandym. Indi öz gözüm bilen görensoň, düşüp duran halyma bak:elim-aýagym titreýär.
Ýene biri çola burçda meýletinlik bilen bir ýeňiýoluga öz dünýäsini taladyp durdy. Olar meni görmeseler-de,ruhum olary gördi. Eger-de ol gül sekunt salym hem bolsa, özüni ýaradany ýatlap utanan bolsady,belki haýa galkany kömege ýetişerdi. Emma ýatlamady. Çar tarabynda gara pikirler gaýmalaşyp ýördüler.
Başga bir gül bolsa çagasyny gizlin düşürtmek üçin lukmanyň otagyna girip gitdi. Olary özlerinden başga gören ýokdur öýtdiler. Emma ýalnyşdylar.
Şeýle müňlerçe güller,esasanam ýetginjek güller bir pursadyň dowamynda solup galdylar. Olaryň Erkleriniň jynazalaryny aglaýa-aglaýa melekler okadylar. Emma ol gülleriň mundan habarlary ýokdy. Olar özlerine henizem ýaşaýandyrys öýdýärler.
Bu gün ýene bir Erkiň jynazasyna gatnaşdym...

© Meňli AŞYROWA

36
126
zoluska
7 Noýabr 2023
Eh güller wagty ýetip bir ajaýyp güle öwrülmek bagty barka gunçalamanka solýalar🥀
nabat_
7 Noýabr 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.