AýgülÝazweliýewa
15.01.2023 04:47
Esingizda bo‘lsin – aybsiz odam o‘zini hech qachon oqlamaydi, chunki uni “oqlaydigan” hech bir “qora” dog‘i bo‘lmaydi.
14
92
AýgülÝazweliýewa
14.01.2023 22:40
Özüňki bolmagyny isleýän zadyň, seniňki bolmaly pellesi gelende senem ony ýönekeý bir samsyk eden hereketiň üçin ömürlik eýe bolup bilmezlik jezasy bilen jezalansaň, ajy çekdirýän eken. Aglamaýan gyzlaram agladýan eken😒
Note: 12.10.22 23:40
15
64
AýgülÝazweliýewa
09.01.2023 13:48
Baýram Bejidow
Köpeldi ykbalyň ýüzlenmeleri,
Täleýime düşüpdi kiçiräk saýlow.
Sen meniň bagtyma berilen diýip,
Adyňa belläpdim diňeje "My love".

Sil deýin söýgümiz joşardy öňler,
"My heard" diýsemem, düşünýän you no.
Bildim life bize love eçilmändir,
My love indi bizden edipdir aýlow.

Aýgül Ýazweliýewa

Tanap başlan günlem ýüregme salyp,
Seni edinipdim ömrüme saýlaw.
Özüň aýdan wagtyň nomeriň ýazyp,
Adyňa belläpdim ýürejik "My love".

Emma seň ýüregiň başgada eken,
Men ony eşitdim özge gulakdan.
Şondan soň dürtüldi ýüregme tiken,
Entegem dursuň sen kalbymda "My love".

Bezemez indi goşgym seň çatyňy,
Hoş gal, nirä eden bolsaňam aýlaw.
Juda agyr düşýär, bozmak adyňy,
Şol bellänje adym ýürejik "My love".
19
145
AýgülÝazweliýewa
08.01.2023 01:02
Aýdyşyk:
Gyz:
Ýaradan deý, Alla meni seň üçin,
Gel ýarym, dol gujagma ömürlik.
Sensizlige uçramaýyn täzeden,
Gitmäýdä sen, dolan maňa öwürlip...

Oglan:
Öwrülde doldur sen boşan gujagmy,
Goý duýmaýyn aýralygyň barlygyn.
Göz öňe getirip bile geljegi,
Bilgin sensiz bu jahanyň darlygyn!

Gyz:
Görýän seni düýşlerimde hemişe,
Hakykatdan bolsadyň meň ýanymda.
Oýa batyp, başlan wagtym her işe,
Senden özge bolanok meň aňymda.

Oglan:
Sebäp bu ýüregmiň her bir öýjugi,
Saňa bolan söýgim bilen doludyr.
Sesiňi eştmesem eger birje gün,
Bir zadym däl, müň zadym kem ýalydyr!
17
205
AýgülÝazweliýewa
07.01.2023 11:14
Gabat geldim seýilgähleň birinde,
Şahyr eken, goşgusyn ýazyp otyr.
Haýsy gözel barka onuň serinde,
Ol bolsa ser bermän şo-ol ýazyp otyr.

Arzuwlanym meniň türkmen ýigidi,
Şol şahyra mende söýgi döredi,
Kalbymdaky garlaň bary eredi,
Ol bolsa ýeň bermän şo-ol ýazyp otyr.

Geçdim eýläk-beýläk onuň deňinden,
Has görmegeý eken çaky-çenimden,
Menem-ä gelerin seniň emiňden,
Ol bolsa, syr bermän şo-ol ýazyp otyr.

Ahyry jydaman söz atdym oňa:
"Arma-da eý ýigit, salam saňa!"
Başyn galdyrman:"Salam!"-diýdi maňa,
Ýene-de şol bir zat, ol ýazyp otyr.

Yzyma öwrülip ýöräp başladym,
Şahyr hakda pikirlermi taşladym,
"Üns berme"-diýip, göwnümi hoşladym,
Oýandym birden, bilsem düýşüm eken...
😆😆😆
Aýgül Ýazweliýewa
21
119
AýgülÝazweliýewa
06.01.2023 17:25
Ak saç

Şar garaja saçymy,
Hemişe-de eý görýän.
Örtüp durýar başymy,
Ezizläp iki örýän.
Saçymy darap her gün
Sypap otyrmam bardy.
Ine gözlem meň bu gün,
Kellämde ak saç gördi.
Ilki göremde gorkup:
"Waý, Alla, toba!"-diýip,
Uly gamlary iýip,
Oturdym gussa çümüp.
Ahyr özüm dürsedim:
"Özüň rahat duýsana,
Agaranda nämemiş,
Ýene saçyň örsene!"
Diýip biraz aýňalyp:
"Köşeş Aýgül aglaýma!
Ak saçly adam dälmi?!
Ruhuň pese baglaýma!"
Köp zat geçipdir menden,
Bar zat geçmänkä deňden,
Aladasyn etmeli,
Arzuwlarňa ýetmeli...

Aýgül Ýazweliýewa
05.01.2023ý.
16
82
AýgülÝazweliýewa
05.01.2023 10:33
Meň dünýämi gülletjek,
Ahyr gözlänim tapdym.
Çyn söýgini öwretjek,
Ahyr gözlänim tapdym.

Şahyr ýöregin söýdüm,
Ýeňledi agyr derdim,
Düýşlemde şony gördüm,
Ahyr gözlänim tapdym.

Sesi misli bilbil deý,
Menem oňa bägül deý,
Ýürek urar zilzil deý,
Ahyr gözlänim tapdym.

Barsam şonuň ýanyna,
Ýetişsin meň dadyma,
Özge düşmez ýadyma,
Ahyr gözlänim tapdym...
14
103
AýgülÝazweliýewa
25.12.2022 15:44
-Garaşýan
-Bararyn
(Aýdyşyk)

Aýgül:
Ençe ýyllary ýakyp,
Diňe saňa garaşdym.
Geljek ýoluňa bakyp,
Diňe saňa garaşdym.

Aman:
Sensiz geçen ýyllaryñ,
Men pidasy bolaryn.
Saña tarap ýollarym,
Señ ýanyña bararyn

Aýgül:
Kä gün boşady ýürek,
Senden bolmady derek,
Maňa birje sen gerek,
Diňe saňa garaşdym.

Aman:
Sen diýip dur ýüregim,
Sensiz ýokdur deregim,
Eeý, dünýäme bezegim,
Señ ýanyña bararyn.

Aýgül:
Sabyr etdim gelerňe,
"Aýgül, salam!"-diýerňe,
Hiç kim gelmez deregňe,
Diňe saňa garaşdym.

Aman:
Bagtyma sanap günüm,
"Salam" diýip Aýgülim,
Baglap çemen güllerim,
Señ ýanyña bararyn.

Aýgül:
Gözüm ýolda eglendi,
Geljek günüň bellendi,
Göwnüm beýge deňlendi,
Diňe saňa garaşýan...

Aman:
Ýollaryma garan ýar,
Seni juda gabanýan,
Ýüregimi awlan ýar,
Señ ýanyña bararyn.
13
91
AýgülÝazweliýewa
03.11.2022 02:03
Ýyl­gy­ryň!
Bir­ kö­ne­ ata­lar­ sö­zi­ bar:­«Eger­-de­ ýyl­gyr­saň,­
bü­tin­ dün­ýe­ ýyl­gy­rar,­ ag­la­saň­ we­lin,­ ýe­ke­ özüň­ ag­lar­syň».­ Gül­ki­ —­ bu­ bel­li­ bir­ ma­ny­da­ maşk bo­lup,­ gar­nyň­ tö­we­re­gin­dä­ki­ ga­nyň­ aý­lan­ma gy­ny­ saz­laş­dyr­ýar.­ Gül­ki­ ada­my­ny­ şat­lan­dy­ryp,­ gül­ýän­ ada­my­nyň­ sag­ly­gy­ny­ ber­kid­ýär.­ Ga­har­ly­ gör­nü­şe­ gi­riň,­ on­soň­ keý­pi­ňi­ziň­ ga­çyp­—­ol­ ha­ky­ky­ bol­sun­ ýa­-da­ oýun­ bol­sun­—­iň­ bi­de­rek­ öý­ke­-ki­nä­nem­ ka­bul­ et­mä­ge­ ta­ýyn bo­lar­sy­ňyz.­ Se­bä­bi­ bu­ ru­hy­ ýag­daý­ beý­ni­ňi­ze ag­ram­ be­rip,­ olam­ öz­ ge­ze­gin­de­ ýü­rek­dir­ öý­keni­ňi­zi­ güýç­den­ ga­çyr­ýar.­ Em­ma­ gül­ki­ gar­şy­lyk­la­ýyn­ tä­sir­ ed­ýär.­
15
198
AýgülÝazweliýewa
23.10.2022 23:44
Ejem
Janyndan maňa jan berip,
Bu dünýä inderen ejem.
Entek ýaşym ýaşamankam,
Hüwdiläp diňdiren ejem.

Arassaja eşiklerden,
Ütükläp geýdiren ejem.
Ýörjen-ýörjen diýe-diýe,
Ädimler ätdiren ejem.

Dile alan ilki sözüm:
"Eje" boldy käbäm ejem.
Aladasyz ulalmagma,
Sen sebäpsiň didäm ejem.

Gör ejejan öz gyzyňy,
Ussat bolup ýetişmekçi.
Ogşaýyn aýak tozuňy,
Saňa janym gurban ejem!

#aýgülýazweliýewa
31.01.2022ý.
10
102