Ak saç
Şar garaja saçymy,
Hemişe-de eý görýän.
Örtüp durýar başymy,
Ezizläp iki örýän.
Saçymy darap her gün
Sypap otyrmam bardy.
Ine gözlem meň bu gün,
Kellämde ak saç gördi.
Ilki göremde gorkup:
"Waý, Alla, toba!"-diýip,
Uly gamlary iýip,
Oturdym gussa çümüp.
Ahyr özüm dürsedim:
"Özüň rahat duýsana,
Agaranda nämemiş,
Ýene saçyň örsene!"
Diýip biraz aýňalyp:
"Köşeş Aýgül aglaýma!
Ak saçly adam dälmi?!
Ruhuň pese baglaýma!"
Köp zat geçipdir menden,
Bar zat geçmänkä deňden,
Aladasyn etmeli,
Arzuwlarňa ýetmeli...
Aýgül Ýazweliýewa
05.01.2023ý.