Gabat geldim seýilgähleň birinde,
Şahyr eken, goşgusyn ýazyp otyr.
Haýsy gözel barka onuň serinde,
Ol bolsa ser bermän şo-ol ýazyp otyr.
Arzuwlanym meniň türkmen ýigidi,
Şol şahyra mende söýgi döredi,
Kalbymdaky garlaň bary eredi,
Ol bolsa ýeň bermän şo-ol ýazyp otyr.
Geçdim eýläk-beýläk onuň deňinden,
Has görmegeý eken çaky-çenimden,
Menem-ä gelerin seniň emiňden,
Ol bolsa, syr bermän şo-ol ýazyp otyr.
Ahyry jydaman söz atdym oňa:
"Arma-da eý ýigit, salam saňa!"
Başyn galdyrman:"Salam!"-diýdi maňa,
Ýene-de şol bir zat, ol ýazyp otyr.
Yzyma öwrülip ýöräp başladym,
Şahyr hakda pikirlermi taşladym,
"Üns berme"-diýip, göwnümi hoşladym,
Oýandym birden, bilsem düýşüm eken...
😆😆😆
Aýgül Ýazweliýewa