AýgülÝazweliýewa
23.10.2022 23:44
Ejem
Janyndan maňa jan berip,
Bu dünýä inderen ejem.
Entek ýaşym ýaşamankam,
Hüwdiläp diňdiren ejem.

Arassaja eşiklerden,
Ütükläp geýdiren ejem.
Ýörjen-ýörjen diýe-diýe,
Ädimler ätdiren ejem.

Dile alan ilki sözüm:
"Eje" boldy käbäm ejem.
Aladasyz ulalmagma,
Sen sebäpsiň didäm ejem.

Gör ejejan öz gyzyňy,
Ussat bolup ýetişmekçi.
Ogşaýyn aýak tozuňy,
Saňa janym gurban ejem!

#aýgülýazweliýewa
31.01.2022ý.
10
99
T.D.I.A.
3 Noýabr 2022
👍☝
AýgülÝazweliýewa
3 Noýabr 2022
Salam! Wagtyny bilemok, käwagt ýazýan, örän az ýazýan. Ýazamok diýsemem ýalňyşman 😊
AýgülÝazweliýewa
3 Noýabr 2022
😁, aýtmaýaňam şeýle-şeýle ýerler bar diýip😒
Myrataly
24 Oktýabr 2022
AýgülÝazweliýewa,Salam.Nace wagt boldy gosgy duzyaniňize
ylham_gurbanaly
24 Oktýabr 2022
Bärä-de gelip ýetişipsiň-aý)))
AýgülÝazweliýewa
24 Oktýabr 2022
menesa___,"Entek ýaşym ýaşamankam" diýemde, 1ýaşamankamy göz öňüne tutdum. Hüwdüläp aglan wagtym hüwdi aýdyp diňdireňdir meni
atakulyyewa_humay
24 Oktýabr 2022
Mlds 👍
hangeldiyev
24 Oktýabr 2022
mgm,👍
mgm
23 Oktýabr 2022
Eje hakdaky ahli gosgular mukaddesdir 👍🏻
wolf
23 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.