Aýdyşyk:
Gyz:
Ýaradan deý, Alla meni seň üçin,
Gel ýarym, dol gujagma ömürlik.
Sensizlige uçramaýyn täzeden,
Gitmäýdä sen, dolan maňa öwürlip...
Oglan:
Öwrülde doldur sen boşan gujagmy,
Goý duýmaýyn aýralygyň barlygyn.
Göz öňe getirip bile geljegi,
Bilgin sensiz bu jahanyň darlygyn!
Gyz:
Görýän seni düýşlerimde hemişe,
Hakykatdan bolsadyň meň ýanymda.
Oýa batyp, başlan wagtym her işe,
Senden özge bolanok meň aňymda.
Oglan:
Sebäp bu ýüregmiň her bir öýjugi,
Saňa bolan söýgim bilen doludyr.
Sesiňi eştmesem eger birje gün,
Bir zadym däl, müň zadym kem ýalydyr!