Baýram Bejidow
Köpeldi ykbalyň ýüzlenmeleri,
Täleýime düşüpdi kiçiräk saýlow.
Sen meniň bagtyma berilen diýip,
Adyňa belläpdim diňeje "My love".
Sil deýin söýgümiz joşardy öňler,
"My heard" diýsemem, düşünýän you no.
Bildim life bize love eçilmändir,
My love indi bizden edipdir aýlow.
Aýgül Ýazweliýewa
Tanap başlan günlem ýüregme salyp,
Seni edinipdim ömrüme saýlaw.
Özüň aýdan wagtyň nomeriň ýazyp,
Adyňa belläpdim ýürejik "My love".
Emma seň ýüregiň başgada eken,
Men ony eşitdim özge gulakdan.
Şondan soň dürtüldi ýüregme tiken,
Entegem dursuň sen kalbymda "My love".
Bezemez indi goşgym seň çatyňy,
Hoş gal, nirä eden bolsaňam aýlaw.
Juda agyr düşýär, bozmak adyňy,
Şol bellänje adym ýürejik "My love".