Девушка.
18.05.2023 13:16

Ejem ekeni.
Otyryp oýlandym köp zatlar hakda,
Kän zatlar deňimden geçen ekeni.
Düşünip başladym kimiň kimdigne,
Iň gerekli ynsan ejem ekeni.

Ýürejigne salyp bar aladany,
Gülüp bildirmäni geçen ekeni.
Mähriban ynsanlar köpdür dünýäde,
Emma gereklisi ejem ekeni.

Aýtman saglygynyň nähilidigni,
Derdini suw edip içen ekeni.
Her sagadyn, günün diňe biz üçin,
Ömrini bagş eden ejem eken.



11
65
Девушка.
08.05.2023 16:47
Kimlere pul gerek.
Kimlere bolsa söýgi.
Emma maňa şolaryň ikisem gerek!

Söýgi bu:
Kebelege meňzäp barýar.
Olar örän köp.
Olar örän owadan.
Emma ählisiniň ömri gysga.

7
29
Девушка.
24.03.2023 11:58

Dünýäde milýonlarça ynsan bar.
Kimi gülýär, kimi aglaýar.
Emma bütin gözelliklere we bagta laýyk biri bar, oda şu wagt şu sözleri okaýar.Günüňiz gowy geçsin mähribanlar! Tutan orazaňyz kabul bolsun.Allajan size güýç kuwwat bersin.Maksat myradyňyza ýetiň.
21
517
Девушка.
17.03.2023 21:37
"Hiç-laý diýdim".

Etjegini edip kä kişiň,
Ýalan ökünşinden irdim,
Gynanjymy saklap içgin,
"Zyýany ýok, hiç-laý" diýdim.

Egnimde kän ýük bolsa-da,
Her gymyldym gep bolsa-da,
Agyran ýer"çep" bolsa-da,
"Zyýany ýok, hiç-laý"diýdim.

Paýlasam dostlara bagty,
Ýerne soramadym nagty,
Gelmeseler gerek wagty,
"Zyýany ýok hiç-laý"diýdim.

Wadalarda durmasalar,
Ýa-da hile gurnasalar,
Gaty görmän durmasamam,
"Zyýany ýok hiç-laý" diýdim.

Awtory:Şanazar Hydyrow.





8
94
Девушка.
15.03.2023 23:10
Görşüňe görä.

Il agzy halta däl daňdyrmaz hijem,
Diýseler diýsinler ak ýa-da gara,
Öz eliň,öz ýakaň, öz bolşuň bolup,
Ýaşaber herkimiň bolşuna görä.

Açlykda galdyrmaz bendesin Hudaý,
Şükürli ýaşasaň düşürmez gedaý,
Berse-de kynçylyk synagdyr öýdäý,
Kanagat kyl ryskyň berşine görä.

Han bolup dynç alar gul bolup işlän,
Arkaýyn ýatýandyr halaldan dişlän,
Çögütsiz jedel adyllyk işlär,
Her kimiň hasaby garşyna görä.

Manysy ýaşamak bu ýagty Dünýäň,
Hiç kimi ynjytmaň, hiç göwne degmäň,
Aglaýan gyt bolsun, köp bolsun gülýän,
Gözellik her zatda, görşüňe bagly.

Amangeldi Nurgeldiýew.
8
56
Девушка.
01.03.2023 21:57

Ýagşylyk ediň!

Hak dostuň päliňdir, ýaman ýa ýagşy,
Parhy ýok dolanar öziňe garşy, Gowulyk däl adamlar dünýäniň barşy,
Ýamanlykdan biraz ätiýaç ediň,
Başarsaňyz diňe ýagşylyk ediň!

Ýagşylyk eltermiş hemişe töre,
Ýamanlyk eltermiş ahyr soň göre,
Eý ynsan ajala çäre ýok çäre,
Ýamanlykdan biraz ätiýaç ediň,
Başarsaňyz diňe ýagşylyk ediň!


Awtor: Amangeldi Nurgeldiýew.

7
36
Девушка.
24.02.2023 21:32
Hijem gülkiňiziň bolmasyn çägi,
Size hormat goýsun adamlaň bary.
Kalbyňyz şeýlebir arassa bolsun,
Ýaňy gürläp başlan çagaňky ýaly.


🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼


Gyz-çilim çekýäňmi?
Oglan-hawwa.
Gyz-näçe wagt boldy?
Oglan-10 ýyl.
Gyz-günde näçe paçka çekýäň?
Oglan-1.
Gyz-bahasy näçe?
Oglan-2 dollar.
Gyz-günde bir paçka çilim aýda 60 dollar ýylda 720 dollar 10 ýylda 7200 dollar bolýar.Eger çilim çekmedik bolsaň şu wagt bir maşynyň bolardy.
Oglan-dogry aýdýaň.Sen çilim çekýäňmi???
Gyz-yok!!!
Oglan-hany onda seniň maşynyň!!!
😂😂😂😂😂😂😂😂😂
15
268
Девушка.
20.01.2023 21:48
Durmuş gaty täsin.Ýaşadykça nämeleri görýäris başdan geçirýäris.Her hilli ýagdaýlara düşýäris.Boldy mundan artyk güýjim ýok eger ertir iň bagtly adam bolýaň diýselerem ertire çykyp şol bagty ýaşamak üçin sabrym, güýjim,höwesim galmady diýýärsiň.Şu pikirlerden soň ýene ýaşap ýörsüň günler geçip dur.Özüňe geljek elimde şu günden pozitiw pikirler bilen bagtly ýaşamana başlajak diýip birnäçe sapar täze güne başlaýaň emma ýene ujypsyz bir sebäp bilen göwnüçökgünlige we sussypeslige düşýärsiň her sapar.Soň ýene aý bolýalaý durmuşyň akymyna görä başyma gelýänlere kaýyl bolup ýaşawereýin diýip gezýäň, wagt suw ýaly akyp geçip dur.Käte ýalňyzlykda ýyllaryñ boşuna gidenine gynanýarsyň.
Durmuş sen ýaşasaň-da ýaşamasaň-da dowam edip dur.Daşky gurşaw adamlar kämilleşýär.Bir gün çuň oýa batyp oýlanarsyň şunça zat üýtgäpdir men bolsa özüm üçin hiç zat etmändirin diýip.Belki şol pursat hem giç däldir şu günden öziň üçin ýaşarsyň! Daşyňda seni söýýän adamlar bardyr sen olara üns beren dälsiň!!!

Çeşme näbelli: tötänlikde duşan ýazgy.
14
249
Девушка.
19.12.2022 23:11
Söýginiň ýaman tarapy näme bilýäňmi?
Aýralykdan soň ony henizem söýýäňmi diýlende.
Ýüregiň söýýän diýip dilde ýok diýen jogapdyr!!!

💔 💔 💔

Men seň toýuňa öz dostlarym bilen gelerin,gara penjekli,hemmeden köp tans ederin,in gowy,iñ süýji arzuwlar bilen toyuňy gutlaryn.Şonda ol senden sorar. -Bu oglan kim?
Yaňaklaryňy syryp geçyän göziňden damja ýaş akdyryp diyersin:
-Bilemok...

💔 💔 💔

Näme üçin? Ynsanlar dileg edende?Aglanda?Kimdir birini ogşanda, gözlerini yumya?
Sebäbi biz hakyky bagty görip bilemzok.Bagt mydama bizin ýanymyzda yöne biz ony duýamzok çünki biz gözli kör.

21
97
Девушка.
09.12.2022 22:29
Derdi bara, derdi çeken düşüner,
Ýalňyz özi aglap-aglap açylar,
Içini boşadyp ýeňlär oturar, Ýöne ýere adam aglaýan däldir.

Dert içinde wulkan bolup atylar,
Ýüregiňe sygman gözden döküler.
Düşünmän ol hakda gybat ediler,
Ýöne ýere adam aglaýan däldir.
20
88