Девушка.
20.01.2023 21:48
Durmuş gaty täsin.Ýaşadykça nämeleri görýäris başdan geçirýäris.Her hilli ýagdaýlara düşýäris.Boldy mundan artyk güýjim ýok eger ertir iň bagtly adam bolýaň diýselerem ertire çykyp şol bagty ýaşamak üçin sabrym, güýjim,höwesim galmady diýýärsiň.Şu pikirlerden soň ýene ýaşap ýörsüň günler geçip dur.Özüňe geljek elimde şu günden pozitiw pikirler bilen bagtly ýaşamana başlajak diýip birnäçe sapar täze güne başlaýaň emma ýene ujypsyz bir sebäp bilen göwnüçökgünlige we sussypeslige düşýärsiň her sapar.Soň ýene aý bolýalaý durmuşyň akymyna görä başyma gelýänlere kaýyl bolup ýaşawereýin diýip gezýäň, wagt suw ýaly akyp geçip dur.Käte ýalňyzlykda ýyllaryñ boşuna gidenine gynanýarsyň.
Durmuş sen ýaşasaň-da ýaşamasaň-da dowam edip dur.Daşky gurşaw adamlar kämilleşýär.Bir gün çuň oýa batyp oýlanarsyň şunça zat üýtgäpdir men bolsa özüm üçin hiç zat etmändirin diýip.Belki şol pursat hem giç däldir şu günden öziň üçin ýaşarsyň! Daşyňda seni söýýän adamlar bardyr sen olara üns beren dälsiň!!!

Çeşme näbelli: tötänlikde duşan ýazgy.
14
249
melekkk.99
20 Yanwar 2023
Son un ertir gic bolmanka sugunin gadryny bilip ozimizi soyup Das toweregimize mahir berip yasamaly ❤ 😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.