Девушка.
01.03.2023 21:57

Ýagşylyk ediň!

Hak dostuň päliňdir, ýaman ýa ýagşy,
Parhy ýok dolanar öziňe garşy, Gowulyk däl adamlar dünýäniň barşy,
Ýamanlykdan biraz ätiýaç ediň,
Başarsaňyz diňe ýagşylyk ediň!

Ýagşylyk eltermiş hemişe töre,
Ýamanlyk eltermiş ahyr soň göre,
Eý ynsan ajala çäre ýok çäre,
Ýamanlykdan biraz ätiýaç ediň,
Başarsaňyz diňe ýagşylyk ediň!


Awtor: Amangeldi Nurgeldiýew.

7
36
Madmazella
1 Mart 2023
Başarsaňyz diňe ýagşylyk ediň👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.