Девушка.
17.03.2023 21:37
"Hiç-laý diýdim".

Etjegini edip kä kişiň,
Ýalan ökünşinden irdim,
Gynanjymy saklap içgin,
"Zyýany ýok, hiç-laý" diýdim.

Egnimde kän ýük bolsa-da,
Her gymyldym gep bolsa-da,
Agyran ýer"çep" bolsa-da,
"Zyýany ýok, hiç-laý"diýdim.

Paýlasam dostlara bagty,
Ýerne soramadym nagty,
Gelmeseler gerek wagty,
"Zyýany ýok hiç-laý"diýdim.

Wadalarda durmasalar,
Ýa-da hile gurnasalar,
Gaty görmän durmasamam,
"Zyýany ýok hiç-laý" diýdim.

Awtory:Şanazar Hydyrow.





8
94
melek06
17 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
17 Mart 2023
Salam shu proga registrasiya bolup blml welin vpn bln gitulyami bilyaninz bamy
Myhman Myhman
17 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.