Девушка.
15.03.2023 23:10
Görşüňe görä.

Il agzy halta däl daňdyrmaz hijem,
Diýseler diýsinler ak ýa-da gara,
Öz eliň,öz ýakaň, öz bolşuň bolup,
Ýaşaber herkimiň bolşuna görä.

Açlykda galdyrmaz bendesin Hudaý,
Şükürli ýaşasaň düşürmez gedaý,
Berse-de kynçylyk synagdyr öýdäý,
Kanagat kyl ryskyň berşine görä.

Han bolup dynç alar gul bolup işlän,
Arkaýyn ýatýandyr halaldan dişlän,
Çögütsiz jedel adyllyk işlär,
Her kimiň hasaby garşyna görä.

Manysy ýaşamak bu ýagty Dünýäň,
Hiç kimi ynjytmaň, hiç göwne degmäň,
Aglaýan gyt bolsun, köp bolsun gülýän,
Gözellik her zatda, görşüňe bagly.

Amangeldi Nurgeldiýew.
8
56
melek06
15 Mart 2023
👍🏻✨.....
Güljagaz♡♡♡
15 Mart 2023
👏👏👏👍👍👍🙋‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.