Девушка.
18.05.2023 13:16

Ejem ekeni.
Otyryp oýlandym köp zatlar hakda,
Kän zatlar deňimden geçen ekeni.
Düşünip başladym kimiň kimdigne,
Iň gerekli ynsan ejem ekeni.

Ýürejigne salyp bar aladany,
Gülüp bildirmäni geçen ekeni.
Mähriban ynsanlar köpdür dünýäde,
Emma gereklisi ejem ekeni.

Aýtman saglygynyň nähilidigni,
Derdini suw edip içen ekeni.
Her sagadyn, günün diňe biz üçin,
Ömrini bagş eden ejem eken.



11
65
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.