awadan
15.04.2025 14:05
Hekaya - Gyz jigi 6- nji bölüm
- Jaý üçin pul tölemeli dälmidiň?
- Tölemeli. Ynha, berjek diýip, eýesini aldap ýörün. Pulsyzlygymy bileli bäri oňam niýeti gowy däl. Özem azar berýär sen oňly gyz däl diýip. Aý, bir oňatja kwartira tapsam, o taýdanam gaýdaryn-la...
Häzir ýüzünde-gözünde gussa diýlen zadyň jinnek ýaly-da alamatlary bolmadyk Seýýaranyň betbagytlygyna Allagyň agysy tutdy.
- Eger kwartira gerek bolsa men, ine, ertiriň özünde tapyp beräýerin – diýip, ol ejiz adamyň gününe rehimi inýän kişi hökmünde aýtdy. Aýtdy-da, tapyp beräý diýen sözleri eşitmek umydy bilen Seýýaranyň gözlerine seretdi. Elbetde, edil şol wagt Seýýara-da oňa seredip durdy. Gyzyň gözlerinde Allagyň ilki gören zady namutlyk boldy. Soň özüne meňzeşlik gördi. Göwnüne bolmasa, onuň gözleri-de, burny-da Allagyňka çalymdaşdy. Hut şo pursatdan başlabam bu gyz Allagyň gözüne onuň mundan on ýedi ýyl çemesi ozal ykbalyň emri bilen näbelli ýerlere düşmeli bolan ganybir uýasy Senem bolup görnüp ugrady. Ykbal, belki, Allak bilen Senemi şu gün şu ýerde ýüzbe-ýüz bolmaga emr edendir. Hiç kes şuňa heňe gelmejek zat diýip bilmez!
Allagyň içki howsalasy artdy. Ol ýere bakyp, ýaňky aýdanlarynyň tersine gürledi:
- Aý, ýok, men-ä kwartira tapybilmen... Meň başga-da işim kän-ä. Sen meni bagyşla! Özüň bilýäň, okuw döwri hemme zada ýetmek kyn bolýar. Boş kwartira kändir-le. Çynyňy edip bir günjük gözleseň tapdyrar...
Seýýaranyň ýüz keşbi üýtgedi. Ol Allagyň göni bäbenegine bakdy-da, gatyrganyp:
- Bolşuň nähil-ä? – diýdi. – Kim saňa şu wagt kwartira tapyp ber diýýä?
Şu sözleri diýip, gyz, megerem, nähek ynjydylandygyny hereketlerinde-de mälim etmek maksady bilen kesä bakdy.
Allak galpyldady.
- Sen maňa dogry düşün! Men okuw döwri dert-alada köp diýjek bolýan. Mydama ýetişiksiz gara günde... Häzirem bir ýere gitmeli-dä... Men gidäýeýin! Bolýamy?
Gyz oňa adatdan daşary geňgalyjylyk bilen seretdi.
Allak jalbarynyň jübesine el urup, ondan esli ownuk pul çykardy. Olary Seýýaranyň eline tutdyrdy-da, şeý diýdi:
- Me, al şulary!
Seýýara äm-säm halda:
- Bi näme? – diýdi.
- Al! Ýygna! Gerek bor... Ýöne sen menden gaty görme! Bolýamy? Men indi gelmen. Ýaňam aýtdym-a, meň ýaman işim kän... Başga zat üçindir öýdäýme! Işim kän. Ýetişibilemok... Gaty göreňok dämi? Men onda gidäýjek.
- Düşünmedim? Nirä gitjek? Nämüçin gitjek? Ýa men bir zat diýip, göwnüňe degdimmi? Hä? Nämüçin?.. Düşündirip git! – diýip, gyz eňredi.
Howanyň çigrekligine garamazdan, Allak derledi. Çyny bilen burçak-burçak derledi. Ol maňlaýynyň derini eli bilen sylyp:
- Ýok, göwnüme degeňok. Oň üçin däl – diýdi.
- Onda nämüçin?
- Aýtdym-a işim kän diýip... Bolýa onda, sag bol! Men gitdim. Menden gaty görme! Bolýa?
Jogaba derek gyz diňe baş atdy. Şundan soň Allak sapandan sypan ýaly boldy. Çalt-çalt ýöräp, gaýralygyna tutdyrdy. Hol aňryk baransoň, hyrra öwrülip, yzyna seretdi-de, taýak atym daşlykda henizem sarsman duran gyza tarap gaýtdy. Onçakly golaýa-da gelmän:
- Meň penjegimi bersene! – diýip, boýnuny burdy.
Awtory - Kakamyrat Atayew
9
142
awadan
14.04.2025 10:52
Hekaya - Gyz jigi 5-nji bölüm
- Şonda aldadym. Men detdomskiý.
Dünýäniň güýze gaplanandygy häzir diňe çyplaň adama bildirjekdi. Allak çal penjegini gyzyň egnine atdy. Ol şuş-şu wagt gyza sorag äheňinde näme-de bolsa, bir zat diýmelidigine düşündi. Näme sorajagyny welin bilip bilmedi.
- O ýere nedip düşenimi özümem bilemok – diýip, Seýýara aýtdy.
- Nirä?
- Şo ýere, detdoma... nädip düşenimi bilemok. Gaty kiçi ekenim. Detdomam kän bir göz öňüme gelenok. O ýerden meni ýeke ýaşaýan bir aýal alypdyr. Hiç kimi ýok ekeni. Hossarsyz bir zat. Özem ýaman baý. Puly ýere-göge syganok. Ýöne gysyk. Puluny o dünýä alyp gitjek ýaly, şo-ol aňyrsyna basyp ýatyr. Özem öň, ynanmarsyň, iki gezek äre barypdyr. Ikisi bilenem kän ýaşaşmandyr. Aýrylyşypdyr. Aýrylyşmandyram-da, masgara bolup kowlupdyr. Oňam sebabi çagasy bolanok ekeni. Hudaý uran heleý-dä. Özüň bilýäň-ä, çagaň bolmasa...
Allagy ähli zatdan beter Seýýaranyň geçmişi gyzyklandyrýardy.
- On ýedi ýaşaýançam şoň elinde boldum – diýip, Seýýara Allagy gyzyklandyrýan gürrüňe geçdi. – Ýöne o heleý ýaman erbet ekeni. Göwnüne ýakmaýan bir iş etseň, bir urýa, bir urýa, Hudaý saklawersin. Ony-muny almak üçin pul sorasaňam urýar. Özem bir dili hapa, iki gulakly eşider ýaly däl. Maňa eje diýeňok diýibem urýardy-da, ynansaň. Onsoň bir gün gaçdym.
- Kim bilen?
Seýýara gülüp:
- Şol aýalyň öýünden gaçdym diýýän – diýdi.
- Onsoň?
- Onsoň kwartirant bolup ýaşap başladym. Jaýyň eýesi ýaş oglan ekeni. Aýaly, çagalary bar. Özem maşynly-zatly. Onam aldadym. Uçilişede okaýan diýdim. Özümem uzakly gün şäherde kaňkap ýörýärdim.
- Puly nireden tapýardyň?
- Ol aýalyňkydan gaçyp gaýdamda ähli puluny alyp gaýtdym-a.
- Onsoň?
- Onsoň şeýdip gezip ýördim. Bir günem pulum gutardy. Aç ölmejek bolsaň bir zat etmeli-dä. Gymmatbaha köýneklem bardy. Hemmesini satyşdyrdym. Ýene pulum gutardy. Onsoň köwüş magazine girdim-de, gyzlaň gymmatbaha köwüşleriniň birini ogurlap goýberdim. Bazara çykarybam satdym. Ýöne sowup ýörseň, pul diýeniň derrew gutarýar-a. Ýene şo magazine bardym. Ýene şo köwüşden birini aldym. Magazinden çykyp barýarkamam tutuldym. Magazinçi seredip duran ekeni-dä. Her zadam bolsa, şo gezek magaziniň içinde kän adam ýokdy. Ýogsam dagyn, masgara...
- Magazinçi hiç zadam diýmedimi onsoň?
- Diýmezmi?! Magazini içinden ýapdy-da, içki jaýyna saldy. Menem bir gorkýan, bir gorkýan. “Jan agam, näme etseň et, ýöne urma” diýip ýalbarýan. Hem aglaýan. “Şu gezek zat degme, indi gaýtalaman” diýýän. Ýaman doňýürek ekeni...
- Ýaş oglanmydy ol?
- Aý gaty bir ýaşam däl.
- Onsoň?
Gyz utanjyrady. Az salym dymansoň, ýarym pyşyrdy bilen:
- Zorlady – diýdi. Şonda Seýýaranyň sojaýandygy duýuldy. Ol başardygyndan özüni dürsäp, dowam etdi.
- Ogurlan köwşümem elime tutdyrdy-da, çümmükläp, hapa-hapa sögdi. Soňam kowup goýberdi. “Şu töwereklerde göräýsem hamyňy sypyryn” diýdi...
Allak gyzyň egninden tutup, gujaklady-da, ony köşeşdirmek niýeti bilen:
- Ol aýal soň seni gözlemändirmi? – diýdi.
- Gözlemezmi? Gözläpdir. Milisýä aýdypdyr. Bir gezek ýitenleň syraty asylýan tagtada öz suratymy gözüm bilen gördüm. Boýumyň näçedigini özüm bilemok welin, şolar bilýän ekeni. Suratymyň aşagynda boýy 165 cm diýip ýazypdyrlar.
- Onsoň?
- Onsoň şeýdip ýaşap ýörün. Bir köpügem pulum ýok. Oňa-muňa iş sorap bardym. Käsinde iş ýok. Iş bolan ýerde-de dokument soraýarlar. Mekdepleň birinde pol süpürijilik işi bar ekeni. Dokumentem soranoklar. Ýöne direktory haramzada ekeni.
- Hä, näme diýýär?
- Dokumentsizem bolsaň, işe alaýyn diýýä. Ýöne diýýä, men näme diýsem etmeli borsuň diýýä. Niýeti gowy däl-dä. Aňyrrakda sür diýdim. Ýogsam, tekiz pulum ýok.
Dowamy bar ☘️
9
118
awadan
13.04.2025 16:08
Hekaya - Gyz jigi 5-nji bölüm
Ejesi bes etmändir. Tirsegi bilen äriniň böwrüne hürsekläp:
- Bar, git-de, şo söýgüliň ýanynda ýat! – diýipdir.
- Men saňa näme diýdim? Ä?.. Nä ikilenç gaýtalatjak bolýaň? Hä? – diýip, kakasy böküp ýerinden turupdyr.
Ejesi:
- Herrelme! Sesiňi bat beren bolup, adam gorkuzaryn öýtme! Men hakykaty aýdýan. Ýalanmy eýse? – diýip, goýar ýerde goýmandyr.
Şeýle bolansoň, kakasy:
- Hakykaty men aýdyp bereýinmi saňa? – diýip, eline agyr esger kemerini alypdyr.
Allak bilen onuň uýasy Senem aglaşypdyrlar.
Ertesi daň atandan ejesi bilen kakasy itiň içegesi ýaly, täze bir uzyndan bulaşyk dawanyň hersi bir ujundan tutupdyrlar. Tutupdyrlar-da, onuňam çözgüdini çagalaryň hem goşlaryň paýlaşygyndan gözläpdirler. Üleşik olaryň hersini bir ýere zyňypdyr. Senem ejesi bilen şäherde ýaşap başlapdyr. Allak bolsa obada – kakasynyň ýanynda galypdyr.
Soň, bir sähetli gün kakasy Allaga ýüregi sahawatdan hem mähirden eýlenen oňat eje tapyp beripdir. O-da Allaga üç sany jigi dogrup beripdir. Täze jigileriniň ikisi gyzjagaz bolup, olar Allaga meňzäpdirler üçünjisi bolsa oglanjyk bolup, ol Allagyň täze ejesine çekipdir. Şeýdip, ýagşy-ýaman işleriň ençemesi Allagyň gözüniň alnynda bolup geçiberipdir.
Şonuň ýaly ýagşy-ýaman işleriň ençemesine Senemem şaýat bolupdyr. Uzyn-uzyn günleriň birinde ejesi oňa täze kaka tapyp bermekçi bolupdyr. Emma kaka boljak tarap il içinde “Öňki ärinden galan çagasy” diýen gepiň bardygyny, ýaman ýeri-de, şol gepiň kän bir halanyp barylmaýandygyny, eger Senemjik bolmadyk bolanlygynda onda bu meselede hiç hili ikirjiňlenmäniň bolup bilmejekdigini aýdyp, närazylyk bildiripdir. Senemiň ejesi bolsa, heniz başynyň ýaşdygyny, görjeginiň öňdedigini, gül ömrüni dul geçirip bilmejekdigini, şeýdäýmese, dagy başga alajynyň ýokdugyny, onsoňam çaga diýlen zadyň täze ärindenem bolmak mümkinçiliginiň bardygyny, şol sebäpli-de, näçe eý görýänem bolsa, gyzjagazynyň bu ýerde päsgelçiliginiň güýçlidigini kişiň ýanynda aýtmasa-da, öz ýanyndan ýürejigi bilen boýun alypdyr. Garasaý, kaka boljak tarapyň närazylygy Senemi çagalar öýüne eltip taşlapdyr.
A Allagyň kakasy bu zatlary mahaly bilen bilmändir. Wagtynda bilenligindemi? Onda onuň Sneme hut özüiniň täzeden kaka çykjakdygyna kim şübhe edip biler?! Seneme welin gaty basym eýe tapylypdyr. Dünýeden zürýatsyz ötüp gitmeli bir bende ony gyzlyga alypdyr. Şeýdibem Allagyň kakasy hyrçyny dişläp galypdyr. Ynha, indi näçe ýyldyr, bu töwereklerde henize-bu güne çenli Senemden habar bilýän ýok. Galanynam wagt görkezer-ä diýýä adamlar. Kim bilýä-dä?
O mahallar Allak dördüni dolduryp, ýaňy bäş ýaşyna giden ekeni. Senemem onuň bilen basdaş. “Adyň näme?” diýlen soraga “Şenem” diýip, jogap berip bilipdir. Ýöne Allagyň özi-hä bu zatlary bilenok. Diňe eşitmiş.
Seýýara sözünde durdy.
- Gelmersiň öýtdüm welin, gelýädiň-aý – diýip, Allak aňyrdan seýkin basyp, ýetip gelen gyza garap, dylym-dylym etdi. Onsoň ýuwaşlyk bilen ýöräp ugradylar. Nobatdaky çatrykdan saga sowlup, esli ýöränlerinden soň Seýýara:
- Allak! – diýdi.
- Näme?
- Allak, saňa bir zat aýdaýynmy?
- Aýt!
- Gaty görmezmiň?
Allak geňirgenip:
- Nämäni? – diýdi.
- Aýtjak zadymy?
- Hm, hany, entek bir aýt, göreli. Gaty görüp, näme...
Seýýara ýaýdandy.
- Aýt-da indi, adamlary serim-sal edip goýma-da – diýip, Allak gyssady.
Seýýara aýdyp goýberdi:
- Düýn men seni aldadym.
- O nähili?
- Aldadym-da.
Allak böwrüne doňuz diňini saldy.
- Näme diýip?
- Düýn bar-a?
- Hawa?
- Men bar-a?
- Hawa?
- Biriniň ýeke gyzy diýdim – ä?
- Hawa?
Dowamy bar ☘️
8
84
awadan
13.04.2025 11:54
Hekaya - Gyz jigi 3-nji bölüm
Ýok, indiki – diýdi-de, barmagyny çommaldyp düşündirdi. – Ho duran maşyny görýäňmi? Şoň aňyrsyndan şeýleligine köçe geçýär. Şo köçäň ugrunda.
- Bäş-on ädim ýöränlerinden soň Allak gyza garap, morta bir zady diýip goýberdi:
- Saňa öýlenen-ä gönener...
Seýýära birbada düşünmedi.
- Saňa öýlenenä bagtly bolar diýýän.
- Ony nämeden diýýäň? – diýip, gyz biparh gülümsiredi.
Allak elini ýeňsesine ýetirip:
- Aý, biriniň ýeke gyzy bolsaň... – diýdi.
- Biriniň ýeke gyzyna öýlenen bagtly bolýamy?
- Diňe o-da däl.
Has-da darajyk köçä sowlanlaryndan soň Seýýara Allaga bakyp, şeý diýdi:
- Sen indi gaýdyber.
Allak ony saklap:
- Dur entek! Ertir şuwatlar çykgyn. Garaşjakdyryn – diýdi.
Allak gyz bilen wagtlaýynça hoşlaşdy-da, haýal-ýagal ädimläp, yzyna gaýtdy. Sag elini ýygy-ýygydan ýeňsesine ýetirdi. Saçyny sypalaşdyrdy. Çep elini bolsa, esasan jalbarynyň jübüsünden çykarmady. Agyr ýüküň astynda galan ýaly ýegşerilip ýöredi.
Ehe-he-e-e-e-eý,
Gijeler ýatyrmaz näzi gyzlaryň-ň—
diýip, arasynda diňe özi eşidäýer ýaly sesde aýdyma-da hiňlendi. Bogazyny arçap, gakylygyny gapdala tüýkürdi.
dowamy barGünlerde bir gün Allagyň kakasy giçlik, ýatyljak çagy öýüň içini ala-burugsy edip, çilim çekipdir.
- Senem indi çilimiňi goý! Dünýäň puly gidýä şo artybyňa. Şü öýi halys eýikdirmeýän seň şo artyp çilimiň. Hm...- diýip, Allagyň ejesi ärine igenipdir.
- Goýjakgä! Çekesim gelýä, çekjek! – diýip, kakasy ters gürrüň tapypdyr.
- Çek! Tüssä boglup, ölýänçäň çek! Ýöne aýlygyňy doly getirip berersiň. Eşitdiňmi? Çilime-de puly nirden alsaň, şondan al! Işim ýok – diýip, ejesem beterinden beterini tapypdyr.
- Şon-a şeýtmejek borus – diýipdir kakasam.
- Bökersiňem! – diýip, ejesi haýbat atypdyr.
- Goý, how, indi! Tüket! Nerwini oýnama! – diýip, kakasy küldanda duran çilimini unudyp, täzesini otlapdyr.
Başga bir gün bir saý-sebäp bilen Allagyň ejesi ärine şamlyk nahar taýynlamandyr. Çaý demläp, gowurdakly pitini orta alypdyr.
- Senem çaýçorba edinip, oňarsyň-da – diýibem, maslahat beriji äheňde Allagyň kakasynyň ýüzüne äňedipdir. O-da işden surnugyp gelen adam.
- Çaýçorba bilen-ä oňmajak borus – diýipdir.
Ejesi:
- Hä, näme oňman? – diýip, gözüni-gaşyny çytypdyr.
- Oňasym gelenok, oňjakgä! – diýipdir kakasam.
- Ertir nahar atarjak. Şü gün şuň bilen nämedäý! – diýip ejesi töwella edipdir.
- Nämetjekgä! Dawaý, naharyň ugruna çyk çaltrak! – diýip, kakasy sesini gataldypdyr.
- Gyýw, gohuň näme?! – diýip ejesi gaty arkaýyn oturypdyr.
- Meň saňa nämä diýdim? Iki gaýtalajak bolma! Diýleni et! – diýip, kakasy bekine tutupdyr.
- Etjekgä! – diýip, ejesi çürt-kesik garşy gidipdir.
- Edersiň! – diýip, kakasy şo bir depen ýerini depip durupdyr.
- Etmen! – diýip, ejesem pälinden gaýtmagy kyn görüpdir.
Garaz, kakasy nahar bişirtjekden, ejesem bişirmejekden bolup, ahyrsoňunda taraplaryň ikinjisi diýenini gögerdipdir. Tarapalryň birinjisi bolsa, eline agyr esger kemerini alyp, munuň üçin onuň çiginlerini, ýagyrnysyny, gözüniň aşagyny we beýleki ýerlerini gögerdipdir.
Laýyk kyrk günden soň başlar ýassyga goýlanda Allagyň ejesi tersine düňderilip ýatan äriniň egninden yralap:
- Gyýw, bäriňe öwrülsene! Gepleşip ýataly-la! – diýipdir.
- Meň-ä ýaman erbet ukym gelýä. Ýatjak – diýip, Allagyň kakasy şo bir ýatyşyny üýtgetmän jogap beripdir.
Ejesi biraz dymyp ýatypdyr – da:
- Hm, bilýän, söýgüliň ýadyňa düşýändir seň. Şony göresiň gelýändir. Hm... – diýipdir.
- Han-ow, adamlary ýatmaga goý! – diýip, kakasy gaharynyň gelendigini gep uruş äheňiniň üsti bilen syzdyrypdyr.
Dowamy bar ☘️
9
76
Tayler
13.04.2025 10:07
SEN MAŇA JAŇ ET!
Salam-salam ýitip gitmez, bilýärin,
Sen bar ahyr bir künjünde dünýäniň.
Ýöne käte ýalňyzlygmy ýanja-da,
— Biljek boldum, menden soňam gülýämiň
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Meň günäm däl oba ýerde dogmagym,
Seň günäň däl seň şäherli bolmagyň.
Hiç-le, ýatlamaýyn, jähennem bolsun,
— Ýekeje gyş söýüp bilen oglanym
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Durmuşdyr bu, käte göwnüň ýykylar,
Bolup durmaz öňden eden çakyňam.
Meň belgimi telefondan bozsaňam,
— Aldym dostlaryňdan belgiň tapybam
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Ýalňyz wagtyň ýalňyşmarsyň sygynsaň,
Ahmyryňy saklap biljek syryň men.
Ýa bolmasa, gowluk wagty hemme zat,
— Gürleşäýin diýdim, ýöne şu gün bir...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Seni söýüp, gabanmaklyk adatym,
Ýöne indi ýogam onuň hajaty.
A şonda-da, köne tanşyň hasaplap,
Hemişe däl, käwagt bir
— Ýatladym...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Dogry, menem ýatlanmagmy islämok,
Boýun alaýyn, ýat bolmagam islämok.
Ýöne käte
— Gowy bolar hemme zat,
bolan zatlar däldi meňem islänim
— diý-de,
Sen maňa jaň et!
Author: Allanur Bathyz
9
145
awadan
12.04.2025 16:42
Hekaya - Gyz jigi [2-nji bolumi,
- Okuwa diýýän. Henizem bir pille.
- Hä-ä. Hawwa.
- Synanyşyp bir görmeli-dä onda.
- Islemeýän adam nädip okasyn?!
- Isleg-beýleki diýeniň üýtgäp durýan zat. Onda-da bi ýaşda. Näçe ýaşyňda şuwat?
- On dokuz. Öňümizdäki dekabrda ýigrimä gidýän-dä .
- Dekabryň näçesine?
Seýýara gözlerini süzüp, ýadyna saldy.
- On altysyna.
- On altysyna bolsaň, häzir, on altysy...
- Senem dekabrmy?
- Hawwa... Tä-äk, sen menden näçe ýaş kiçi bolýaň diýsene, göni iki ýyl ýedi gün kiçi bolýan.
Seýýara ýene gözlerini süzdi.
- Ymm... Dekabryň dokuzynamy sen?
- Hawwa.
- Ýigrimi bir ýaşyňda bolýaň-da?
Oglan onuň soragyna pitiwa etmeýän sypatda gürledi:
- Hawwa welin bar-a, on dokuz ýaşyňda bolsaň, ylaýyk wagty-da şuwat. Taýynlan-da, indiki ýyl göni gir.
- Aý, okuwsyz aç öläýesimiz ýok-la.
- Şonda-da okuw, okuw bolýandyr.
- Ol-a şeýle.
Dymyp, ýene biraz ýöränsoňlar, Seýýara:
- Sen öz adyňam-a aýtmadyň – diýdi.
- Allak meň adym, Allak.
Gyz diňe birki sekuntdan soň:
- Özüňden tapaňok dämi? – diýip sorady.
- Arman ýanymda hiç hili dokumentim ýok-da. Görkezerdim welin...
- Gowy adyň-a bar ekeni, owadan adyň.
- Özüm ýaly, ä?
Ikisi-de bir wagtda ýuwaşdan deň güldüler.
Emma Allak o diýen bir görmegeý oglan däldi. Boýy-syraty-ha hiç neneň dälem welin, şu boýnundan ýokarsynda bir kemlik bar ýaly bolup dur. Sarymtyl, buýra saçy bilen Güne ýanyp, garalan ýüzinden, şagalaňly, gyýyk gözleri bilen juda güri gaşlaryndamy, uzyn gulaklary bilen kiçijik dodaklaryndamy, garaz, bir ýerinde-hä nähilidir birhili sazlaşyk ýok.
Allak ahyry penjeginiň gapdal jübsünden owadan gaply çilim çykardy. Gutuda baty-ýogy ýekeje çilim galypdyr. Ol çilimi ernine gysdyrdy-da, gutyny tokgalap, suwsuz ganawa oklap goýberdi. Öňünden çykan ilkinji pyýadadan otluçöp sorap, çilim otlandy.
- Sen näme, okaýaňmy ýa işleýäňmi bir ýerde? – diýip, gyz sorady.
- Bil-dä özüň.
- Men nädip bileýin?
- Çak ur.
- Çak ursam, okaýansyň.
- Hawwa, bildiň.
- Nirede?
- Uniwersitetde.
Dymdylar. Ýörediler.
- Haýalrak ýöresene! – diýip, Allak gatyrganýan adamyň äheňinde haýyş etdi. - Gaty ýöreýäň. Yzyňa eýerip bilemok halys. Howlugýan ýeriň ýokdur-a?
- Ýok-la – diýip, gyz ädim urşuny haýallatdy.
- Okuwy gutaraňsoň nirede işlemekçi?
- Aý, entek göreris-dä. Bärde galsam gowy boljak welin, oba gidermikäm öýdýän-dä. Oba gaty öwrenişipdirin. Birhili ýüregim gysyberýär.
- Jigileň-zatlaň bardyr-a beýlede?
Allak çilimini ýogyn-ýogyn sorup:
- Hawwa – diýdi. – Üç jigim bar.
- Tüweleme! Seň bile dört bolýa. Senden uly näçesi bar?
- Menden uly ýog-a.
- Wi-iý, şeýlemi? Iň ulularymy sen?
- Hawwa.
Seýýara sesini çykarman dört ädim ädensoň, ýalta yzyna garap, şeý diýdi:
- Öýlenenmi?
Allak ýüzbe-ýüz duran duşmanyndan gypynç edýän adamyň sypatyna girip:
- Öýlenen bolsam, seň yzyňa düşüp ýörmen-ä – diýdi.
- Öýlenmedik bolsaň, basym öýärler-dä – diýip, Seýýara öňdengörüjilik etdi.
Allak süzgüjine çenli çeken çilimini aýak astyna alyp:
- Sen hemme zady ap-aňsat edip goýaýýaň – diýdi. – Öýlenmek üçin öňünden oňatja nemetmeli bolýa.
- Nämetmeli bolýa?
- Öýlenjek gyzyňy tanamaly-da.
- Bolman nä? Kim tanama diýýä? Sora, ide, tana, öýlen!
- Onsoňam öýlenäýer ýaly taýyn gyzam ýok.
- O nähili ýok? Kän-ä. Dünýede gyzdan kän zat ýok.
Allak ýalandan güldi.
- Aý, ýok, sen hezil berjekgä. Şo-o tutan ugruňa tutup otyrsyň.
Seýýara seňrigini ýygyrdy.
- Senem biriniň ulusymy ýa senden ulam bamy? – diýip, Allagam öz gezeginde gyzyklandy.
Seýýara başyny ýaýkap:
- Ýok - diýdi.
Olar nobatdaky çatrykdan darajyk köçejige sowuldylar.
- Şümi siziň köçäňiz? – diýip, Allak töwerege göz aýlady.
Seýýara:
Dowamy bar ☘️
11
154