awadan
13.04.2025 11:54
Hekaya - Gyz jigi 3-nji bölüm
Ýok, indiki – diýdi-de, barmagyny çommaldyp düşündirdi. – Ho duran maşyny görýäňmi? Şoň aňyrsyndan şeýleligine köçe geçýär. Şo köçäň ugrunda.
- Bäş-on ädim ýöränlerinden soň Allak gyza garap, morta bir zady diýip goýberdi:
- Saňa öýlenen-ä gönener...
Seýýära birbada düşünmedi.
- Saňa öýlenenä bagtly bolar diýýän.
- Ony nämeden diýýäň? – diýip, gyz biparh gülümsiredi.
Allak elini ýeňsesine ýetirip:
- Aý, biriniň ýeke gyzy bolsaň... – diýdi.
- Biriniň ýeke gyzyna öýlenen bagtly bolýamy?
- Diňe o-da däl.
Has-da darajyk köçä sowlanlaryndan soň Seýýara Allaga bakyp, şeý diýdi:
- Sen indi gaýdyber.
Allak ony saklap:
- Dur entek! Ertir şuwatlar çykgyn. Garaşjakdyryn – diýdi.
Allak gyz bilen wagtlaýynça hoşlaşdy-da, haýal-ýagal ädimläp, yzyna gaýtdy. Sag elini ýygy-ýygydan ýeňsesine ýetirdi. Saçyny sypalaşdyrdy. Çep elini bolsa, esasan jalbarynyň jübüsünden çykarmady. Agyr ýüküň astynda galan ýaly ýegşerilip ýöredi.
Ehe-he-e-e-e-eý,
Gijeler ýatyrmaz näzi gyzlaryň-ň—
diýip, arasynda diňe özi eşidäýer ýaly sesde aýdyma-da hiňlendi. Bogazyny arçap, gakylygyny gapdala tüýkürdi.
dowamy barGünlerde bir gün Allagyň kakasy giçlik, ýatyljak çagy öýüň içini ala-burugsy edip, çilim çekipdir.
- Senem indi çilimiňi goý! Dünýäň puly gidýä şo artybyňa. Şü öýi halys eýikdirmeýän seň şo artyp çilimiň. Hm...- diýip, Allagyň ejesi ärine igenipdir.
- Goýjakgä! Çekesim gelýä, çekjek! – diýip, kakasy ters gürrüň tapypdyr.
- Çek! Tüssä boglup, ölýänçäň çek! Ýöne aýlygyňy doly getirip berersiň. Eşitdiňmi? Çilime-de puly nirden alsaň, şondan al! Işim ýok – diýip, ejesem beterinden beterini tapypdyr.
- Şon-a şeýtmejek borus – diýipdir kakasam.
- Bökersiňem! – diýip, ejesi haýbat atypdyr.
- Goý, how, indi! Tüket! Nerwini oýnama! – diýip, kakasy küldanda duran çilimini unudyp, täzesini otlapdyr.
Başga bir gün bir saý-sebäp bilen Allagyň ejesi ärine şamlyk nahar taýynlamandyr. Çaý demläp, gowurdakly pitini orta alypdyr.
- Senem çaýçorba edinip, oňarsyň-da – diýibem, maslahat beriji äheňde Allagyň kakasynyň ýüzüne äňedipdir. O-da işden surnugyp gelen adam.
- Çaýçorba bilen-ä oňmajak borus – diýipdir.
Ejesi:
- Hä, näme oňman? – diýip, gözüni-gaşyny çytypdyr.
- Oňasym gelenok, oňjakgä! – diýipdir kakasam.
- Ertir nahar atarjak. Şü gün şuň bilen nämedäý! – diýip ejesi töwella edipdir.
- Nämetjekgä! Dawaý, naharyň ugruna çyk çaltrak! – diýip, kakasy sesini gataldypdyr.
- Gyýw, gohuň näme?! – diýip ejesi gaty arkaýyn oturypdyr.
- Meň saňa nämä diýdim? Iki gaýtalajak bolma! Diýleni et! – diýip, kakasy bekine tutupdyr.
- Etjekgä! – diýip, ejesi çürt-kesik garşy gidipdir.
- Edersiň! – diýip, kakasy şo bir depen ýerini depip durupdyr.
- Etmen! – diýip, ejesem pälinden gaýtmagy kyn görüpdir.
Garaz, kakasy nahar bişirtjekden, ejesem bişirmejekden bolup, ahyrsoňunda taraplaryň ikinjisi diýenini gögerdipdir. Tarapalryň birinjisi bolsa, eline agyr esger kemerini alyp, munuň üçin onuň çiginlerini, ýagyrnysyny, gözüniň aşagyny we beýleki ýerlerini gögerdipdir.
Laýyk kyrk günden soň başlar ýassyga goýlanda Allagyň ejesi tersine düňderilip ýatan äriniň egninden yralap:
- Gyýw, bäriňe öwrülsene! Gepleşip ýataly-la! – diýipdir.
- Meň-ä ýaman erbet ukym gelýä. Ýatjak – diýip, Allagyň kakasy şo bir ýatyşyny üýtgetmän jogap beripdir.
Ejesi biraz dymyp ýatypdyr – da:
- Hm, bilýän, söýgüliň ýadyňa düşýändir seň. Şony göresiň gelýändir. Hm... – diýipdir.
- Han-ow, adamlary ýatmaga goý! – diýip, kakasy gaharynyň gelendigini gep uruş äheňiniň üsti bilen syzdyrypdyr.

Dowamy bar ☘️
9
76
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.