awadan
14.04.2025 10:52
Hekaya - Gyz jigi 5-nji bölüm
- Şonda aldadym. Men detdomskiý.
Dünýäniň güýze gaplanandygy häzir diňe çyplaň adama bildirjekdi. Allak çal penjegini gyzyň egnine atdy. Ol şuş-şu wagt gyza sorag äheňinde näme-de bolsa, bir zat diýmelidigine düşündi. Näme sorajagyny welin bilip bilmedi.
- O ýere nedip düşenimi özümem bilemok – diýip, Seýýara aýtdy.
- Nirä?
- Şo ýere, detdoma... nädip düşenimi bilemok. Gaty kiçi ekenim. Detdomam kän bir göz öňüme gelenok. O ýerden meni ýeke ýaşaýan bir aýal alypdyr. Hiç kimi ýok ekeni. Hossarsyz bir zat. Özem ýaman baý. Puly ýere-göge syganok. Ýöne gysyk. Puluny o dünýä alyp gitjek ýaly, şo-ol aňyrsyna basyp ýatyr. Özem öň, ynanmarsyň, iki gezek äre barypdyr. Ikisi bilenem kän ýaşaşmandyr. Aýrylyşypdyr. Aýrylyşmandyram-da, masgara bolup kowlupdyr. Oňam sebabi çagasy bolanok ekeni. Hudaý uran heleý-dä. Özüň bilýäň-ä, çagaň bolmasa...
Allagy ähli zatdan beter Seýýaranyň geçmişi gyzyklandyrýardy.
- On ýedi ýaşaýançam şoň elinde boldum – diýip, Seýýara Allagy gyzyklandyrýan gürrüňe geçdi. – Ýöne o heleý ýaman erbet ekeni. Göwnüne ýakmaýan bir iş etseň, bir urýa, bir urýa, Hudaý saklawersin. Ony-muny almak üçin pul sorasaňam urýar. Özem bir dili hapa, iki gulakly eşider ýaly däl. Maňa eje diýeňok diýibem urýardy-da, ynansaň. Onsoň bir gün gaçdym.
- Kim bilen?
Seýýara gülüp:
- Şol aýalyň öýünden gaçdym diýýän – diýdi.
- Onsoň?
- Onsoň kwartirant bolup ýaşap başladym. Jaýyň eýesi ýaş oglan ekeni. Aýaly, çagalary bar. Özem maşynly-zatly. Onam aldadym. Uçilişede okaýan diýdim. Özümem uzakly gün şäherde kaňkap ýörýärdim.
- Puly nireden tapýardyň?
- Ol aýalyňkydan gaçyp gaýdamda ähli puluny alyp gaýtdym-a.
- Onsoň?
- Onsoň şeýdip gezip ýördim. Bir günem pulum gutardy. Aç ölmejek bolsaň bir zat etmeli-dä. Gymmatbaha köýneklem bardy. Hemmesini satyşdyrdym. Ýene pulum gutardy. Onsoň köwüş magazine girdim-de, gyzlaň gymmatbaha köwüşleriniň birini ogurlap goýberdim. Bazara çykarybam satdym. Ýöne sowup ýörseň, pul diýeniň derrew gutarýar-a. Ýene şo magazine bardym. Ýene şo köwüşden birini aldym. Magazinden çykyp barýarkamam tutuldym. Magazinçi seredip duran ekeni-dä. Her zadam bolsa, şo gezek magaziniň içinde kän adam ýokdy. Ýogsam dagyn, masgara...
- Magazinçi hiç zadam diýmedimi onsoň?
- Diýmezmi?! Magazini içinden ýapdy-da, içki jaýyna saldy. Menem bir gorkýan, bir gorkýan. “Jan agam, näme etseň et, ýöne urma” diýip ýalbarýan. Hem aglaýan. “Şu gezek zat degme, indi gaýtalaman” diýýän. Ýaman doňýürek ekeni...
- Ýaş oglanmydy ol?
- Aý gaty bir ýaşam däl.
- Onsoň?
Gyz utanjyrady. Az salym dymansoň, ýarym pyşyrdy bilen:
- Zorlady – diýdi. Şonda Seýýaranyň sojaýandygy duýuldy. Ol başardygyndan özüni dürsäp, dowam etdi.
- Ogurlan köwşümem elime tutdyrdy-da, çümmükläp, hapa-hapa sögdi. Soňam kowup goýberdi. “Şu töwereklerde göräýsem hamyňy sypyryn” diýdi...
Allak gyzyň egninden tutup, gujaklady-da, ony köşeşdirmek niýeti bilen:
- Ol aýal soň seni gözlemändirmi? – diýdi.
- Gözlemezmi? Gözläpdir. Milisýä aýdypdyr. Bir gezek ýitenleň syraty asylýan tagtada öz suratymy gözüm bilen gördüm. Boýumyň näçedigini özüm bilemok welin, şolar bilýän ekeni. Suratymyň aşagynda boýy 165 cm diýip ýazypdyrlar.
- Onsoň?
- Onsoň şeýdip ýaşap ýörün. Bir köpügem pulum ýok. Oňa-muňa iş sorap bardym. Käsinde iş ýok. Iş bolan ýerde-de dokument soraýarlar. Mekdepleň birinde pol süpürijilik işi bar ekeni. Dokumentem soranoklar. Ýöne direktory haramzada ekeni.
- Hä, näme diýýär?
- Dokumentsizem bolsaň, işe alaýyn diýýä. Ýöne diýýä, men näme diýsem etmeli borsuň diýýä. Niýeti gowy däl-dä. Aňyrrakda sür diýdim. Ýogsam, tekiz pulum ýok.

Dowamy bar ☘️
9
118
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.