Hekaya - Gyz jigi 6- nji bölüm- Jaý üçin pul tölemeli dälmidiň?
- Tölemeli. Ynha, berjek diýip, eýesini aldap ýörün. Pulsyzlygymy bileli bäri oňam niýeti gowy däl. Özem azar berýär sen oňly gyz däl diýip. Aý, bir oňatja kwartira tapsam, o taýdanam gaýdaryn-la...
Häzir ýüzünde-gözünde gussa diýlen zadyň jinnek ýaly-da alamatlary bolmadyk Seýýaranyň betbagytlygyna Allagyň agysy tutdy.
- Eger kwartira gerek bolsa men, ine, ertiriň özünde tapyp beräýerin – diýip, ol ejiz adamyň gününe rehimi inýän kişi hökmünde aýtdy. Aýtdy-da, tapyp beräý diýen sözleri eşitmek umydy bilen Seýýaranyň gözlerine seretdi. Elbetde, edil şol wagt Seýýara-da oňa seredip durdy. Gyzyň gözlerinde Allagyň ilki gören zady namutlyk boldy. Soň özüne meňzeşlik gördi. Göwnüne bolmasa, onuň gözleri-de, burny-da Allagyňka çalymdaşdy. Hut şo pursatdan başlabam bu gyz Allagyň gözüne onuň mundan on ýedi ýyl çemesi ozal ykbalyň emri bilen näbelli ýerlere düşmeli bolan ganybir uýasy Senem bolup görnüp ugrady. Ykbal, belki, Allak bilen Senemi şu gün şu ýerde ýüzbe-ýüz bolmaga emr edendir. Hiç kes şuňa heňe gelmejek zat diýip bilmez!
Allagyň içki howsalasy artdy. Ol ýere bakyp, ýaňky aýdanlarynyň tersine gürledi:
- Aý, ýok, men-ä kwartira tapybilmen... Meň başga-da işim kän-ä. Sen meni bagyşla! Özüň bilýäň, okuw döwri hemme zada ýetmek kyn bolýar. Boş kwartira kändir-le. Çynyňy edip bir günjük gözleseň tapdyrar...
Seýýaranyň ýüz keşbi üýtgedi. Ol Allagyň göni bäbenegine bakdy-da, gatyrganyp:
- Bolşuň nähil-ä? – diýdi. – Kim saňa şu wagt kwartira tapyp ber diýýä?
Şu sözleri diýip, gyz, megerem, nähek ynjydylandygyny hereketlerinde-de mälim etmek maksady bilen kesä bakdy.
Allak galpyldady.
- Sen maňa dogry düşün! Men okuw döwri dert-alada köp diýjek bolýan. Mydama ýetişiksiz gara günde... Häzirem bir ýere gitmeli-dä... Men gidäýeýin! Bolýamy?
Gyz oňa adatdan daşary geňgalyjylyk bilen seretdi.
Allak jalbarynyň jübesine el urup, ondan esli ownuk pul çykardy. Olary Seýýaranyň eline tutdyrdy-da, şeý diýdi:
- Me, al şulary!
Seýýara äm-säm halda:
- Bi näme? – diýdi.
- Al! Ýygna! Gerek bor... Ýöne sen menden gaty görme! Bolýamy? Men indi gelmen. Ýaňam aýtdym-a, meň ýaman işim kän... Başga zat üçindir öýdäýme! Işim kän. Ýetişibilemok... Gaty göreňok dämi? Men onda gidäýjek.
- Düşünmedim? Nirä gitjek? Nämüçin gitjek? Ýa men bir zat diýip, göwnüňe degdimmi? Hä? Nämüçin?.. Düşündirip git! – diýip, gyz eňredi.
Howanyň çigrekligine garamazdan, Allak derledi. Çyny bilen burçak-burçak derledi. Ol maňlaýynyň derini eli bilen sylyp:
- Ýok, göwnüme degeňok. Oň üçin däl – diýdi.
- Onda nämüçin?
- Aýtdym-a işim kän diýip... Bolýa onda, sag bol! Men gitdim. Menden gaty görme! Bolýa?
Jogaba derek gyz diňe baş atdy. Şundan soň Allak sapandan sypan ýaly boldy. Çalt-çalt ýöräp, gaýralygyna tutdyrdy. Hol aňryk baransoň, hyrra öwrülip, yzyna seretdi-de, taýak atym daşlykda henizem sarsman duran gyza tarap gaýtdy. Onçakly golaýa-da gelmän:
- Meň penjegimi bersene! – diýip, boýnuny burdy.
Awtory - Kakamyrat Atayew