Tayler
13.04.2025 10:07
SEN MAŇA JAŇ ET!

Salam-salam ýitip gitmez, bilýärin,
Sen bar ahyr bir künjünde dünýäniň.
Ýöne käte ýalňyzlygmy ýanja-da,
— Biljek boldum, menden soňam gülýämiň
— diý-de,
Sen maňa jaň et!

Meň günäm däl oba ýerde dogmagym,
Seň günäň däl seň şäherli bolmagyň.
Hiç-le, ýatlamaýyn, jähennem bolsun,
— Ýekeje gyş söýüp bilen oglanym
— diý-de,
Sen maňa jaň et!

Durmuşdyr bu, käte göwnüň ýykylar,
Bolup durmaz öňden eden çakyňam.
Meň belgimi telefondan bozsaňam,
— Aldym dostlaryňdan belgiň tapybam
— diý-de,
Sen maňa jaň et!

Ýalňyz wagtyň ýalňyşmarsyň sygynsaň,
Ahmyryňy saklap biljek syryň men.
Ýa bolmasa, gowluk wagty hemme zat,
— Gürleşäýin diýdim, ýöne şu gün bir...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!

Seni söýüp, gabanmaklyk adatym,
Ýöne indi ýogam onuň hajaty.
A şonda-da, köne tanşyň hasaplap,
Hemişe däl, käwagt bir
— Ýatladym...
— diý-de,
Sen maňa jaň et!

Dogry, menem ýatlanmagmy islämok,
Boýun alaýyn, ýat bolmagam islämok.
Ýöne käte
— Gowy bolar hemme zat,
bolan zatlar däldi meňem islänim
— diý-de,
Sen maňa jaň et!

Author: Allanur Bathyz
9
145
flowers_
14 Aprel 2025
👍💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.