Hekaya - Gyz jigi 5-nji bölüm Ejesi bes etmändir. Tirsegi bilen äriniň böwrüne hürsekläp:
- Bar, git-de, şo söýgüliň ýanynda ýat! – diýipdir.
- Men saňa näme diýdim? Ä?.. Nä ikilenç gaýtalatjak bolýaň? Hä? – diýip, kakasy böküp ýerinden turupdyr.
Ejesi:
- Herrelme! Sesiňi bat beren bolup, adam gorkuzaryn öýtme! Men hakykaty aýdýan. Ýalanmy eýse? – diýip, goýar ýerde goýmandyr.
Şeýle bolansoň, kakasy:
- Hakykaty men aýdyp bereýinmi saňa? – diýip, eline agyr esger kemerini alypdyr.
Allak bilen onuň uýasy Senem aglaşypdyrlar.
Ertesi daň atandan ejesi bilen kakasy itiň içegesi ýaly, täze bir uzyndan bulaşyk dawanyň hersi bir ujundan tutupdyrlar. Tutupdyrlar-da, onuňam çözgüdini çagalaryň hem goşlaryň paýlaşygyndan gözläpdirler. Üleşik olaryň hersini bir ýere zyňypdyr. Senem ejesi bilen şäherde ýaşap başlapdyr. Allak bolsa obada – kakasynyň ýanynda galypdyr.
Soň, bir sähetli gün kakasy Allaga ýüregi sahawatdan hem mähirden eýlenen oňat eje tapyp beripdir. O-da Allaga üç sany jigi dogrup beripdir. Täze jigileriniň ikisi gyzjagaz bolup, olar Allaga meňzäpdirler üçünjisi bolsa oglanjyk bolup, ol Allagyň täze ejesine çekipdir. Şeýdip, ýagşy-ýaman işleriň ençemesi Allagyň gözüniň alnynda bolup geçiberipdir.
Şonuň ýaly ýagşy-ýaman işleriň ençemesine Senemem şaýat bolupdyr. Uzyn-uzyn günleriň birinde ejesi oňa täze kaka tapyp bermekçi bolupdyr. Emma kaka boljak tarap il içinde “Öňki ärinden galan çagasy” diýen gepiň bardygyny, ýaman ýeri-de, şol gepiň kän bir halanyp barylmaýandygyny, eger Senemjik bolmadyk bolanlygynda onda bu meselede hiç hili ikirjiňlenmäniň bolup bilmejekdigini aýdyp, närazylyk bildiripdir. Senemiň ejesi bolsa, heniz başynyň ýaşdygyny, görjeginiň öňdedigini, gül ömrüni dul geçirip bilmejekdigini, şeýdäýmese, dagy başga alajynyň ýokdugyny, onsoňam çaga diýlen zadyň täze ärindenem bolmak mümkinçiliginiň bardygyny, şol sebäpli-de, näçe eý görýänem bolsa, gyzjagazynyň bu ýerde päsgelçiliginiň güýçlidigini kişiň ýanynda aýtmasa-da, öz ýanyndan ýürejigi bilen boýun alypdyr. Garasaý, kaka boljak tarapyň närazylygy Senemi çagalar öýüne eltip taşlapdyr.
A Allagyň kakasy bu zatlary mahaly bilen bilmändir. Wagtynda bilenligindemi? Onda onuň Sneme hut özüiniň täzeden kaka çykjakdygyna kim şübhe edip biler?! Seneme welin gaty basym eýe tapylypdyr. Dünýeden zürýatsyz ötüp gitmeli bir bende ony gyzlyga alypdyr. Şeýdibem Allagyň kakasy hyrçyny dişläp galypdyr. Ynha, indi näçe ýyldyr, bu töwereklerde henize-bu güne çenli Senemden habar bilýän ýok. Galanynam wagt görkezer-ä diýýä adamlar. Kim bilýä-dä?
O mahallar Allak dördüni dolduryp, ýaňy bäş ýaşyna giden ekeni. Senemem onuň bilen basdaş. “Adyň näme?” diýlen soraga “Şenem” diýip, jogap berip bilipdir. Ýöne Allagyň özi-hä bu zatlary bilenok. Diňe eşitmiş.
Seýýara sözünde durdy.
- Gelmersiň öýtdüm welin, gelýädiň-aý – diýip, Allak aňyrdan seýkin basyp, ýetip gelen gyza garap, dylym-dylym etdi. Onsoň ýuwaşlyk bilen ýöräp ugradylar. Nobatdaky çatrykdan saga sowlup, esli ýöränlerinden soň Seýýara:
- Allak! – diýdi.
- Näme?
- Allak, saňa bir zat aýdaýynmy?
- Aýt!
- Gaty görmezmiň?
Allak geňirgenip:
- Nämäni? – diýdi.
- Aýtjak zadymy?
- Hm, hany, entek bir aýt, göreli. Gaty görüp, näme...
Seýýara ýaýdandy.
- Aýt-da indi, adamlary serim-sal edip goýma-da – diýip, Allak gyssady.
Seýýara aýdyp goýberdi:
- Düýn men seni aldadym.
- O nähili?
- Aldadym-da.
Allak böwrüne doňuz diňini saldy.
- Näme diýip?
- Düýn bar-a?
- Hawa?
- Men bar-a?
- Hawa?
- Biriniň ýeke gyzy diýdim – ä?
- Hawa?
Dowamy bar ☘️