zumerret_
11.10.2024 12:31
Haýsy gan toparyndaky adamlar has uzak ýaşaýar?

Adamyň saglygyna onuň nähili iýmitlenýändigi, fiziki işjeňligi we, elbetde, genetiki gaznasynyň aýratynlyklary täsir edýär. Edil şonuň ýaly, adam saglygy onuň gan toparynyň görnüşi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada cursorinfo.co.il ýazýar.

Ganyň topary saglyk barada köp zady aýdyp biler. Meselem, birinji gan toparyna eýe adamlaryň ýürek we gan damarlarynyň kesellerine uçramak ähtimallygy beýlekilere görä azdyr. Şeýle hem, bu gan topary başga-da birnäçe kesellerden goraglydyr. Şonuň üçin hem birinji gan toparyna uzak ýaşaýanlaryň gan topary hem diýilýär.
Ikinji gan toparyna eýe adamlar barada aýdylanda bolsa, olar, köplenç, endokrin ulgamynyň kesellerinden we süýji keselinden ejir çekýärler. Şeýle adamlar, köplenç, özlerini argyn duýýarlar we stres hem-de wirus kesellerine garşy gaty ejiz bolýarlar.
Üçünji gan topary bolan adamlarda, köplenç, radikulit bolýar, dördünji gan toparlylarda bolsa ýürek-damar keselleriniň howpy uly bolýar.
Dördünji gan topary bolanlar käwagt dogabitdi ýürek kemçiligi bilen dogulýarlar. Şeýle-de bolsa, bu gan toparynyň eýeleri ýokanç keseller bilen seýrek keselleýärler.

13
139
zumerret_
27.09.2024 22:19
Görüpsiň sen,

Heniz görülmedik bir üýtgeşik gyz.

Indi bolsa maňa gürrüň berýärsiň:

«Birden gaýyp boldy, galdym men ýalňyz».

Örtenýädiň hasam, ýetirsem häsin,

Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin.

«Gözlärin gijeler, gözlärin gündiz,

Asyl göz öňümden gidenok gözi.

Ynan, beýle gözi görmändim şindiz,

Asyl özgelerden üýtgeşik özi».

Men seni ýylgyryp, diňläp otyryn,

Kä başymy atyp, kä başym ýaýkap.

Diýýäň: «Zaryn çekip, ömrüm ötirin,

Topragy bagyrtlap, bagrymy oýkap».

Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin,

Maňa seň sözlerňi diňlemek nä kyn.

Sen bolsa o hakda edeňok pikir,

Gaýyp bolan gyzy undup bileňok.

Içimden näçeler etsem-de şükür,

Seň bolşuňa diňe ölüp bilemok.

Men diňläp otyryn ýylgyryp şindem,

Birden meniň ýylgyrşymdan eýmendiň.

Şonda gaşym çytdym gaharly hem tiz,

Ýoksa, şol görünip, gaýyp bolan gyz

MENDIM!

 
Laçyn Pürjäýewa

15.05.2001ý

Seň bilen aramyzda bir dem yaly uzaklyk bar ...
Emma bize päsgel beryä menziller🍂🥀 ...
12
62
zumerret_
05.09.2024 23:36


Aslynda adam tutuş janly-jandarlaryň içinde iň görmeksizi. Ýöne biz halys bir-birege gözümiz öwrenşensoň, ony duýup bilemzok…

(c) Anonim ýaşulynyň gürrüňinden

****

— Tüweleme, tutuş synpyň dokumentasiýa işi meň elimden geçýä diýsene.

— Howwa, her kim düşündiriş ýazandan soň maňa barladýa…

****


— Erdal Demirkıran kitabynyň başynda «Dünyanin en akıllı insani» diýip tanyşdyrýa özüni. Gaty geň gördüm-aý…

— Bäh. Kitaby nähili? Çalaja baglanyşýamy diýýän zady bilen?

— Aý, howwa, menden-ä akylly eken…

****

Ömür bäş gün başyňyzda jygadyr,

Hemem soňy aýan bir pajygadyr…

(c) Atamyrat Atabaýew

****

— Murik, gowja telefonlaň bahasy näç-aý?

— Men näbileýin-aý, meň nä telefon satýan magazinim barmy?

— Aý hemme zadyň gadyryny bilmän, bahasyny bilensoň, soraýdym-da…

— …

****

Her kes özgeden akylly,

Hiç kimde-de akyl ýok,

Akyllylaň içinde bir-birege ýakym ýok.

(c) Çary Ataýew

****

Kola çörekden gymmat, emma çörek koladan gymmatly.

Diýjek bolýanym, ýegen, ýol saýlaňda gaty seresap bolgun.

Çünki gymmat bolmak bilen gymmatly bolmagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

(c) Daýym

****

— Oňa hiç kimem gepini düşündirip bilmez.

— O näme üçin?

— Sebäbi ol pikirlenenok…

****

Näme üstüme gygyrýaň?! Diýen zadyňy getirdim-dä! Men näbileýin gelinbarmagyň üzümdigini…

(c) Garagüjük

Aşyr SAPAR.

17
116
zumerret_
04.09.2024 11:27

Hormatly kitapsöýer agzalar ! Araňyzda pdf görnişdaki kitaplary , audio görnişinde diňläp öwrenmek üçin bilyän programmaňyz barmy .

Men tutyş plaý marketi gözläp çyksamam öz göenime yarayan audioreader tapmadym (

Maňa türk dili , rus dili hemem türkmen dilindäki kitaplary okayan audioreader gerek .

Iňlisçe däl

bilýäniňiz bolsa aýdaýň !
12
149
zumerret_
04.09.2024 00:50
Hormatly Maral ! Uzak ýaşaň bir ömür manydan doly , bagta baý gülkiden şatlykdan doly nije ýyllara .....

Ölýänçäň , ýadaman yaltanman diňe bagtly bolup Ýaşaň Inşalla !

Happy bözdey tu yuu 💐🎉🎊


( men gutlajak bolup 2 gunden bari garasyp yordim , Guller agza menden on gutlap goyupdyr :) ⚡
14
148
zumerret_
03.09.2024 21:12
«Titanik» gämisiniň öň tarapynyň bir bölegi ummanyň düýbüne gitdi






«Titanikden» artefaktlary gözläp tapmaklyga we çykarmaklyga aýratyn hukuklara eýe bolan «RMS Titanic Inc» meşhur gäminiň daş keşbinde düýpli üýtgeşmeleriň bolup geçendigini mälim etdi. Gäminiň öň tarapynda ýerleşýän uzynlygy 4,7 metr töweregi bolan palubanyň germewiniň bölegi döwülip, ummanyň düýbüne çümüp gitdi diýip, — RIA Nowosti habarlar agentligi ýazýar.

Gäminiň hut şu bölegi Jeýms Kameronyň «Titanik» filmindäki ajaýyp sahnasy bilen has meşhur boldy. Kompaniýanyň wekilleri gäminiň öň tarapynyň keşbiniň köp wagtdan bäri meşhur gämi hakdaky şekillerde we hekaýalarda iň esasy görnüş beýany bolup durýandygyny bellediler.

Indi germewiň döwlen bölegini görkezýän sahnany 1997-nji ýylda surata düşürilen filmde görüp bolar. Filmiň baş gahrymanlary Jek we Rouz gäminiň öň tarapyndaky germewiň ýanynda durýarlar.

«RMS Titanic Inc» kompaniýasyndan gäminiň daşky görnüşindäki bu üýtgeşmäniň «Titanigiň» weýran bolmagynyň dowam edýändigini ýatladýandygyny we gözleg-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň onuň taryhy mirasyny gorap saklamak hyjuwyny has-da güýçlendirýändigini bellediler.

Mundan başga-da, kompaniýa ýakynda geçirilen ekspedisiýada geçirilen gyzykly tapyndy hakda habar berdi. Deňziň düýbünde onlarça ýyl mundan ozal ýitirildi diýlip hasaplanan rim hudaýy Diananyň bürünçden ýasalan heýkeli tapyldy. Ozal bu heýkel gäminiň birinji derejeli salonyndaky kamin ojagyny bezäpdi we ol ýerde bolýan aşa gurply ýolagçylary gurşap alýan kaşaň interýeriň bir bölegi bolupdy.
18
94
zumerret_
03.09.2024 10:48
Bäş günden hem uzak tans eden gyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Hindistanly gyz gysga arakesmeler bilen 127 sagatlap tans etdi we dünýä rekordyny goýdy.
Gürrüň 16 ýaşly Sruşti Sudhir Jagtap diýen gyz barada barýar. Ol tans mekdepleriniň biriniň otagynda 29-njy maýda irden tans edip başlady we tansyny 3-nji iýunda, sagat 12:00-da tamamlady. Tans tutuşlygyna 7620 minut dowam etdi.

Ol kathak tansyny ýerine ýetirdi. Bu nusgawy hindi tanslarynyň biridir. Her sagatdan soň Sruşti 15 minut arakesme etdi. Ol, esasan, gijelerine arakesme edip, dynç aldy.

Öňki rekord 126 sagatdyr. Ony bäş ýyl öň Nepaldan tansçy gyz Bandana Nepal goýdy. Hindistanly gyz ondan bir sagat ozdurdy diýip, «UPI» habarlar gullugy ýazýar.




tmcars
13
91
zumerret_
02.09.2024 18:59
İnsanın başına ne gelirse merakından gelir demiş eskiler. Baktım olmuyor. Ben seni merak edeyim sen de geliver. - Cemal Süreya



Bana "Ben sana zarar verebilirim, tekme atabilirim" dersen bil ki insana degil, eşek ve ata uygun bir özellikle övünüyorsun. - Epiktetos




Tıpkı sevilmeyen bir öğretmen gibi kalbim. Parmak kaldıranlara inat, hep dersten anlamayanları seçiyor. - Sunay Akın
16
33
zumerret_
02.09.2024 17:54
Chanel aýdymçy Lana Del Reý bilen sagatly we nauşnikli kaşaň monjugy hödürledi


Chanel sagatly, simli nauşnikli şaý-sep bezegi görnüşindäki kaşaň Première Sound monjugyny hödürledi. Aýdymçy Lana Del Reý bilen bilelikde işlenip düzülen aksessuar 2000-nji ýyllaryň modasyna salgylanyp, Y2K stilini özünde jemleýär diýip, Wired ýazýar.




Monjuk 18 karat altyn bilen örtülen gara örme deri talasly polat zynjyrdan ybarat. Zynjyra gara laklanan dilli we N°5 çüýşäniň gapagyny ýada salýan Première Édition Originale analog sagady berkidilen.

Monjugyň goşmaça elementi - ýokary hilli dinamiki hereketlendirijiler we 6 mm tekiz diafragma bilen enjamlaşdyrylan Chanel nyşany bolan simli gulaklyklar. Sesi Louis Vuitton и Celine bilen hyzmatdaşlygy bilen tanalýan Master & Dynamic audiofil firmasy tarapyndan işlenildi.
Première Sound monjugynyň bahasy 14 000 dollar. 2-nji sentýabrda satylyp başlanar.



Tmcars
1
111
zumerret_
01.09.2024 18:26
Dowamy :)

( Degişme tipli ýazylan hyýaly hekaýajygymy dogry kabul edersiňiz diýen umytda , ady agzalman ýatdan çykanlar bolsa menden gaty görmän iň köp aktiw agzalary we derejeli agzalary ,gorenlerimi goşdym :) )

Hemme agzalara wezipesini dogry ýerine ýetirýäni üçin müdir olara \" öwrenmeli medaly 🏅\" berdi

Kabir agzalar wezipesini dogry yerine yetirmänligi üçin tribuna çykyp özleriniň wezipesini doly-dogry yerine yetirmediginin sebabini aydyp ötinç soradylar . Indikide beýle säwliklere ýol bermejekleri barada kasam kabul etdiler :D

Soňra bolsa \"öwrenmeli mekdebine \" gatnajak ,ýazyljak bolyan taze okuwçylara bolsa çakylyk yollamalydygy barada karara gol çekdi .
@olia agza Hemde gerekli resminamalaryň meýilnamasy bilen tanyş etdi :
✓ilki bilen akylly telefon (sensor)
✓gutarnyksyz internet ( wi fi yada azyndan 5 manatlyk bukja )
✓telefon belgi ( islendik yurtdan hem girip bolya)
✓soňra bolsa gowuja \"nic name \" yagny hasap ady taýýarlamaly ( soň uýtgetmez yaly gowja oýlanyşmaly , uýtgedip berilmeýän edildi :o) )
✓hasabyň adyna gelşaýjek profil surat (😉)
Gerekli resminamalar Şulardan ybarat .📜🔐
\"Öwrenmeli mekdebine \" hasaba durmak üçin şu resminamalary tayarlap geleninizden sonra . Telefon belgiňizi \"taze hasap açmak\" diyilyan yere baryp yazyanyz we belginize gelen SMS kodyny 🔐girizyaniz . Şeydip siz hem \"Öwrenmeli agzasy \"bolýaňyz .🥳

Karary okap bolan müdir ýygnagy jemledi we gatnaşyjylara minnetdarlygyny aytdy . Soňra bolsa Hormatly@tsoltanov \"Öwrenmeli bilen galyň :) \" diýip maslahat zalyndan uzaklaşdy ...
@relax degişgen we şoh bolanson bugün agşam otyrşma guramakçy bolýanny aýtdy . Hüňňürdiden yaňa zal bazara döndi . Hemme @enes barada gürleşýardi . @guller_ bugun talyp bolupdyr ,şoňa guş bolup uçayjak bolya , oň geyen koynegi gulgune reňkli eken ( haladym)...@karalewa oziniň taze dikinen koynegi bilen hemmelerden saylanyp durdy ). @Smiling bolsa hemmä \"snikers \" paylap yordi , kakasy şo yeriniň başlygy bolupdyrmyy . @ayymsa bilen @guller ayfon 15 pro alypdyr , sonda surata dusyaler . @Stella🖤 bolsa ozinin Tokiya okuwa baryanlygy barada habary aytdy . @dusian telefonyna jan geldi so wagtyy \" cagaň aglaya gel \" diyip . Muny eşiden @Dusia 120 bilen deňimizden gecip gitdi )...
@geldiyewna bolsa şol müdir gidenson çigit çakyp @relaxyň otyrşmasynyň nirde bolýanny anyklajak bolup otyrdy 🦥.... @goshgychy agzanam bir goşgysy gazyete çykypdyr şony görkezip yor illere (üstünlik 😌). .........

@relax agşamky otyrlyşyga hemmani cagyrdy . Otyrşmada bolsa @tm_aydymcy _yigit _98 aydym aytmalydy yany bilen@jeniferlopez we @jony gelyadi . Şoň üçin hemme üýşmeleňe barýady .(😁😅)

Dowamy bar ...

ikinji bolümiň soňy .
17
175