Kaşaň monjuk
Chanel aýdymçy Lana Del Reý bilen sagatly we nauşnikli kaşaň monjugy hödürledi
Chanel sagatly, simli nauşnikli şaý-sep bezegi görnüşindäki kaşaň Première Sound monjugyny hödürledi. Aýdymçy Lana Del Reý bilen bilelikde işlenip düzülen aksessuar 2000-nji ýyllaryň modasyna salgylanyp, Y2K stilini özünde jemleýär diýip, Wired ýazýar.
Monjuk 18 karat altyn bilen örtülen gara örme deri talasly polat zynjyrdan ybarat. Zynjyra gara laklanan dilli we N°5 çüýşäniň gapagyny ýada salýan Première Édition Originale analog sagady berkidilen.
Monjugyň goşmaça elementi - ýokary hilli dinamiki hereketlendirijiler we 6 mm tekiz diafragma bilen enjamlaşdyrylan Chanel nyşany bolan simli gulaklyklar. Sesi Louis Vuitton и Celine bilen hyzmatdaşlygy bilen tanalýan Master & Dynamic audiofil firmasy tarapyndan işlenildi.
Première Sound monjugynyň bahasy 14 000 dollar. 2-nji sentýabrda satylyp başlanar.Tmcars