zumerret_
11.10.2024 12:31
Haýsy gan toparyndaky adamlar has uzak ýaşaýar?

Adamyň saglygyna onuň nähili iýmitlenýändigi, fiziki işjeňligi we, elbetde, genetiki gaznasynyň aýratynlyklary täsir edýär. Edil şonuň ýaly, adam saglygy onuň gan toparynyň görnüşi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada cursorinfo.co.il ýazýar.

Ganyň topary saglyk barada köp zady aýdyp biler. Meselem, birinji gan toparyna eýe adamlaryň ýürek we gan damarlarynyň kesellerine uçramak ähtimallygy beýlekilere görä azdyr. Şeýle hem, bu gan topary başga-da birnäçe kesellerden goraglydyr. Şonuň üçin hem birinji gan toparyna uzak ýaşaýanlaryň gan topary hem diýilýär.
Ikinji gan toparyna eýe adamlar barada aýdylanda bolsa, olar, köplenç, endokrin ulgamynyň kesellerinden we süýji keselinden ejir çekýärler. Şeýle adamlar, köplenç, özlerini argyn duýýarlar we stres hem-de wirus kesellerine garşy gaty ejiz bolýarlar.
Üçünji gan topary bolan adamlarda, köplenç, radikulit bolýar, dördünji gan toparlylarda bolsa ýürek-damar keselleriniň howpy uly bolýar.
Dördünji gan topary bolanlar käwagt dogabitdi ýürek kemçiligi bilen dogulýarlar. Şeýle-de bolsa, bu gan toparynyň eýeleri ýokanç keseller bilen seýrek keselleýärler.

13
139
teacher
15 Oktýabr 2024
@zumerret *radikulit diymek name bolyarka?
ideallider
13 Oktýabr 2024
@zumerret_, bilmedim. Olar hem az bolmaly.
zumerret_
12 Oktýabr 2024
@ideallider, Name ucin beyle seyrek dusyaka olar
zumerret_
12 Oktýabr 2024
@ideallider, 1+ nahilika onda
matsuriken
12 Oktýabr 2024
@ideallider, Altyn gan
ideallider
12 Oktýabr 2024
@zumerret_, şuwagt oladym bütün dünýäde bary ýogy 43 sanjak adam bar ekeni. Altyn gan topary diýilip hem atlandyrylýar.
zumerret_
12 Oktýabr 2024
1+ hemme ganada dogry gelya diyip bilyan
zumerret_
12 Oktýabr 2024
O+ baryny esdemokdym .
Syke_Dali
12 Oktýabr 2024
Mena haysy topardygymam bilemok🤦
zumerret_
12 Oktýabr 2024
Gepatite gan tabsyryp dasary yurda gitmek ucin yorite anyklatdym sonymy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.