zumerret_
03.09.2024 21:12
«Titanik» gämisiniň öň tarapynyň bir bölegi ummanyň düýbüne gitdi






«Titanikden» artefaktlary gözläp tapmaklyga we çykarmaklyga aýratyn hukuklara eýe bolan «RMS Titanic Inc» meşhur gäminiň daş keşbinde düýpli üýtgeşmeleriň bolup geçendigini mälim etdi. Gäminiň öň tarapynda ýerleşýän uzynlygy 4,7 metr töweregi bolan palubanyň germewiniň bölegi döwülip, ummanyň düýbüne çümüp gitdi diýip, — RIA Nowosti habarlar agentligi ýazýar.

Gäminiň hut şu bölegi Jeýms Kameronyň «Titanik» filmindäki ajaýyp sahnasy bilen has meşhur boldy. Kompaniýanyň wekilleri gäminiň öň tarapynyň keşbiniň köp wagtdan bäri meşhur gämi hakdaky şekillerde we hekaýalarda iň esasy görnüş beýany bolup durýandygyny bellediler.

Indi germewiň döwlen bölegini görkezýän sahnany 1997-nji ýylda surata düşürilen filmde görüp bolar. Filmiň baş gahrymanlary Jek we Rouz gäminiň öň tarapyndaky germewiň ýanynda durýarlar.

«RMS Titanic Inc» kompaniýasyndan gäminiň daşky görnüşindäki bu üýtgeşmäniň «Titanigiň» weýran bolmagynyň dowam edýändigini ýatladýandygyny we gözleg-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň onuň taryhy mirasyny gorap saklamak hyjuwyny has-da güýçlendirýändigini bellediler.

Mundan başga-da, kompaniýa ýakynda geçirilen ekspedisiýada geçirilen gyzykly tapyndy hakda habar berdi. Deňziň düýbünde onlarça ýyl mundan ozal ýitirildi diýlip hasaplanan rim hudaýy Diananyň bürünçden ýasalan heýkeli tapyldy. Ozal bu heýkel gäminiň birinji derejeli salonyndaky kamin ojagyny bezäpdi we ol ýerde bolýan aşa gurply ýolagçylary gurşap alýan kaşaň interýeriň bir bölegi bolupdy.
18
91
mugallym_
3 Sentýabr 2024
Şunça wagt geçipdir. Entagem "titanik"
olia
3 Sentýabr 2024
Men dilimizin garyplygyna gargynyandyryn yalnysh kabul etmek gerek dal.
olia
3 Sentýabr 2024
"Ummanyn duybune cumup gitdi". Asylam ummanyn duybunde dalmi ol??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.