zumerret_
03.09.2024 10:48
Bäş günden hem uzak tans eden gyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Hindistanly gyz gysga arakesmeler bilen 127 sagatlap tans etdi we dünýä rekordyny goýdy.
Gürrüň 16 ýaşly Sruşti Sudhir Jagtap diýen gyz barada barýar. Ol tans mekdepleriniň biriniň otagynda 29-njy maýda irden tans edip başlady we tansyny 3-nji iýunda, sagat 12:00-da tamamlady. Tans tutuşlygyna 7620 minut dowam etdi.

Ol kathak tansyny ýerine ýetirdi. Bu nusgawy hindi tanslarynyň biridir. Her sagatdan soň Sruşti 15 minut arakesme etdi. Ol, esasan, gijelerine arakesme edip, dynç aldy.

Öňki rekord 126 sagatdyr. Ony bäş ýyl öň Nepaldan tansçy gyz Bandana Nepal goýdy. Hindistanly gyz ondan bir sagat ozdurdy diýip, «UPI» habarlar gullugy ýazýar.




tmcars
13
85
myrataly_
3 Sentýabr 2024
@zumerret_, Dushnukli)
zumerret_
3 Sentýabr 2024
@myrataly_, tans edip rekorda dowupdir . Yone cuma my name bilemok ) . Ony hemmede basarmazdy oytyan !)
myrataly_
3 Sentýabr 2024
@zumerret_, Tans edyan cuma)
zumerret_
3 Sentýabr 2024
@myrataly_, kesel degmek barada bir zat barmy sol yerde !? Olam berilen howes !
myrataly_
3 Sentýabr 2024
Kesel degipdirmi namemi
zumerret_
3 Sentýabr 2024
@flowers_, howwa ansadam dal . Ustesine eşiklernem tansa onaysyz goryan mena . Kynraga dusendir . 🤔
flowers_
3 Sentýabr 2024
Hindi tansy añsada bolmaly däl
zumerret_
3 Sentýabr 2024
@sha98, her kim oz başarnygyny orta goyyar . Muny hemme basaryp biler !
sha98
3 Sentýabr 2024
Adamlaram nadip rekord goymany kopeltdi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.