yurek
06.03.2024 13:50
Waka Balkan welayatynyń ilerki obalarynyń birinde bolupdy. Meniń tanys islesyàn bir oglanym bardy. Is -güyji yerinde ederini bilyan oglandy. Bir gün is bilen meniń dükanyma geldi. Sonda ózuniń bir gyzy sóyyàndigini eyyam iki hepdeden bari dususyandygyny aydypdy. Menem dosdumyń sóygusine begenipdim. Mana suratyn gorkezdi diyseń owadan gyz eken. Ol gyz bn dosdym bir yyl yedi ay sóyüsdi. Enceme gezek masynymda dususyga àkidip geldim. Menem bularyń soygusiniń kicijik bir bolejigidim. Wagt gecip dur. . .
Dostum yanyma geldi birgun oyundakileri ejesidir yennelerini sawcylyga àkidip gelmegimi hayys etdi. Menem bor diydim seydip ak yola rowana boldum. Bardyk salamlasdyk mena safyor bolamsoń masynda garasmagy niyet edindim.
Bir sagatdan gecendir bizińkiler oyden cykdy. Yüzleri gülyàrdi menem sozleriniń alynanyna oz yanymdan diyseń begendim. Àhli zat gowudy. Hic bir mesele yuz bermedi. Toy sahet alyndy galyń gecirildi aydymcydyr wideocylar toya aydyldy. Toya sanaglyja gunler galypdy. Ine- de toy guni baslandy. Uly mal öldūrip geńes toya basladyk. Sag- aman geńesi sowup zatlary yygnasdyrmaga komek edip dostum bn hoslasyp, ertirki gelinalyjy gun ucin dync almaga oye gaytdym. Dostum aljak gyzy bilen telefonda geplesip durty sagat 02:30 tóweregi.
Gun dogdy men yuwunup çay suw icip toy yere geldim. Àhli zat gül yaly. Kim gazan ataryp naharyń ugruna cyksa, kimler myhmanlara cay cekmań aladasyndady menem yakyn dostym bolansoń óylenjek yigit bilen salona gaytdyk. Yolda dostum jan etdi. Durmusa cykjak gyz telefonu galdyrmady. Dostumam yetisyan daldirda diyip tazeden aylamady. Biz salondan gelip geyindik. Ahli zat bolmalysy yalydy. Ak kejebe yola dusdi. Uly arzyw uly umyt bilen gelin yere bardyk. Hemmeler sessizdi. Yasulular óye girdi. Bizem gelin masynyn aynasyndan dasaryny synlap otyrdyk kan wagt gecmanka dosdumun dayysy masyna girip:
-Yegen kópculukde bolyan zat ildede bar mert bol yegen. Gelinlik gyz dań bilen basga biri bilen gacypdyr diyip eymenc hawary berdi. Mena men weli dostum beter erwet boldy. Seylebir ayylganc yylgyrdy men beyle yylgyrysy heniz adamda górmàndim. Uly umyt bilen " Bagt " diyip baran Ak gelinalyjy yzyna bos gaydypdy.
Il bir gün gywatymyzy etdi iki gün gywatymyzy etdi soń etmedi. Yóne biwepa gyzyń eden herekedi hazirem dillerde sena.
Bu nàhili gyz? Bu nahili ykbal boldugy?
Allanan seyle biwepany seyle ykbaly hic kimiń mańlayyna yazmawersin. !
Siz soń dostuma name boldu diyip sorarsynyz. Dostum henizem óylenenok. Ol indi asla gyzlara ynanmajagyny aytya. Yone men muńa ynanamok. Ol hokman tazeden ynanar..Bir gun cyn soygi gapysyny kakan guni ynanar!
Ol biwepany bolsa wyzdanyna tawsyrdyk bir gün soyginin ahy tutar!
29
111
yurek
05.03.2024 06:02
Hàzirki dówürde 14-15 yasly gyzlar " Yigidim taslady" diyip aglasyp yórler. A men bolsa olaryń yasynda wagtym dińe Kleyton Tarzanyń maymyn ejesini óldürenine gynanyp gezyàrdim.

* Gelin wepaly bolsun àrine-- Loly düzelmez dolanar óz kàrine.

*Iń garyp adam puly bolmayan dàl- de arzuwlary hasyl bolmayan adam.

*Öz eden isiń ūçin óz basyń egilse egilsin yóne eneń- atań basy hic haçan egilmesin!

* Ózüń büdràp óz yykylan yerińi, il yykylmaz yaly düzlegin ey adam ogly.

* Eger kimdir biriniń gównune degip, soń kóp gezek yagsylyk edenem bolsań ondan seresap bolmalydyr. Sebàbi bedene çümen peykam sogrulan hem bolsa onuń yarasynyń yzy giden dàldir.

* Bir zady yatda saklamak gerek. Hemise biziń isleyàn zadymyz bzie hakykatdan hem gerekli zat dàldir. Ol zat hàzir bizde yok bolsa, diymek hayyrlysydyr. Biz dińe Allahdan ózümize hayyrlysyny etmegini dilemelidiris.

* Gül yaly owadan bol yóne tikeni yaly zalym bolma.

* Hiç haçan kómek etmekden bir gezek boyun gaçyran adama yüz tutma.

* Seniń gündeki gitmekden bizar bolan isiń - her bir issiziń arzuwydyr.
Seniń aydanyńy etmeyàn garagol cagalań - her bir çagasy yok bendàn arzuwydyr
Seniń pes ya remontsyz góryàn oyuń - her bir oysiz bendaniń arzuwydyr.
28
128
yurek
04.03.2024 20:51
Nan aglarmys islemedik iyende
Don aglarmys gazanmadyk geyende
Tóhmet belasyndan Alla gorasyn
Ot aglarmys günàsizler kóyende

Dolu anyklaman bàrden gaytmagyn
Góz górmese gulak sózün aytmagyn
Diyselerde pylan pylan edipdir
Hemme diyilyànler cyndyr oytmegin
23
23
yurek
04.03.2024 15:03
Dowamy

Sen harby gullukda wagtyń birnace gezek mańa hat yazypdyń. Meni söyyànligińi mensiz yasap bilmejekdigińi àhli hatlaryńda beyan edyàrdiń. Nijeme gezek sańa jogap yazmaga baslapdym. Yone erkimi dusaklan gedemligim ūstūn cykyp sańa yazyan hatlarymy sońlamakdan saklayardy. Harby gulligy tamamlanyńdan soń Meretden meniń nomerimi alyp jan edipdiń. Gullugy abray bilen tamamlanyńy buysanç bilen hawar berip mańa dususmagy teklip etdiń.
Men garsy boldum. Yūregim sana tarap nàce atygsasa- da ozume erk etmage calysdym. Sen:
-Aysuluw seniń buza dónen yüregińe meniń gyzgyn yüregimden çogup çykyan duygularym hiç hili tàsir edenokmy?Mańa yekeje mümkincilik berày. Seniń gül kesbińi górmek meniń iń uly arzuwym. Hayys edyàn birje gezek görūsayeli diyip yalbardyń. Sańa dózman razy boldum. Sen seylebir begendiń. Seydip oylànlik wagt bellesip seyilgahde dususmagy wadalasdyk.

Bellesilen wagtda seyilgàhe baranymda sen mańa garasyp duran ekeniń. Owadan bagullerden bogulan cemeni mańa uzadyp hal- ahwalymy sorasdyrdyń. Gülleriń hosboy ysyna mayyl bolup dursuma:
-Gózün aydyń sag- aman geldińmi ? diyip soradym.
-Howa Aysuluw. Geleniń ūcin sag bol. Meni gaty begendirdiń. Bilyànmi seni gaty goresim geldi. Yazyan hatlaryma jogap yazmańsoń birje suratyńy ugraday diymegem gelshiksiz gördūm. Aysuluw men seni yūrekden söyyàn. Sańa bolan söygimi nàdip beyan etjegimi bilemok. Sygyr yazsam sözler aydym yazsam saz ejiz gelyàr. Eger sen hazir okuwumu okajak jogabymy soń bererin diysenem men razy. Sebabi menem Lukmancylyk ugryndan yokary okuw mekdebine girmekci. Men sańa ömrūm ötyànçà garasmaga tayyar. Sen dińe menińki bolsań bolyar - diyip yurek sozlerińi beyan etdiń.

Adamy synamaga yeterlik wagt bolandyram. Yone men yende- de öz ykbalyma garsy bolup,"Ayhan men sańa jogabymy óń aydypdym öytyàn. Meniń pikirim entàgem üytgànok" - diyip jogap berdim.
Sonam sagadyma seredip:
--Wagtam gijigip baryar men gideyin Sag bol diyip umumy yasayys jayyna tarap yola dusdum. Seniń gózlerińdàki gynanja, ahmyrly sóygiden yańa balkyldap duran gózlerińe gózum düsende yuregimde natanys yza peyda boldy. Seydibem seniń bilen bagly sóygime ozum nokat goydum.

Eyyàm men bàsnji yyl talyl. Seniń bilen bagly yatlamalara gark bolup otyrysyma: --O - how Aysuluw seytan nahili gowumu? diyip anyrdan yylgyrjyklap gelyàn Merede gózum düsdi. Meret obanyń tazelikleri garyndaslarymyzyń yagdayy bilen tanysdyryp tizlikde Ayhanyń agasynyń toyunuń bardygy, Ayhanyńam sol toya gelyandigini duydurdy.
Yūregimiń eyesiniń jigisi Jeren Meretden yórite mana cakylyk ugradypdyr. Menden toya hókman gelmegimi sorapdyr. Toya gitjegimi- gitmejegimi bilmàn kosenmeli bolmadym. Sebàbi bu gezek yüregim rüstem geldi. Toya iki gün galanda oba gitdim. Ejem - kakam meni görup seylebir begendi. Toy güni ejeme hemme zady gurrün berip maslahat soradym. Ejemem:" Gyzym jogap seniń yüregińdedir yüregiń name diyse sony ediber" diydi. Ejemjanyń maslahatyny alyp yüregimi dinledim.
Yüregim dińe Ayhan diyip uryardy.

Dayzamyń gelni bilen agsamlyk toya bardyk. Jeren bizi màhirli garsylady.

--Aysuluw gelenińe sag bol. Ayhan górse juda begener - diyip yzyny üzmàn gurledi. Biz tansa gosuldyk. Tans etsegem meniń gózlerim dińe Ayhany gózleyàrdi. Ońa aytjak zatlarymy kellàmde aylap dursuma,Ayhanyń golayjygyma gelip tans edip yoreninem duymandyryn. Birden gapdalyma seretsem Ayhan dur. Su pursat dünyà dońan yaly boldy. Birek- biregiń gozlerine sińip nàce yylky ayralyk zerarly güyjàn sóygimizi gózümiz bilen beyan edip durkak, agań oz oylenyàn gyzy bilen biziń aramyza geldi. Bagtly juwanlara seredip biziń soygimiz has- da möwjedi. Sol pursat meniń has golayyma süysüp, egnińi egnime diràp, nurana bakyslaryń bilen agań bilen gelnejeńi ümlàp yene mana seretdiń. Menem bagtdan yańa ucayjak bolup, dińe basymy atyp sańa razylygymy bildirdim...


Sońy

Awtor: Sona Halykowa.
26
120
yurek
03.03.2024 14:09
Ol waka indi meniń yadymdanam cykyweripdi. Yöne su gūn seyilgàhde gezelenç edip yören wagtym yigit bilen gyzyń arasyndaky sowsuz dususygyń sayady bolanymda ol dówürleri, seni yatlamaga mejbur boldum.

Orta mekdebiń yokary synpynda okayardym. Senem gońsy obamyzda,dayzamlaryń obasynda olaryń gonsusy bolup yasayardyń. Edil menin yaly senem orta mekdebiń yokary synp okuwcysydyń. Ol dówurler diyip uzaldanym bilenem senin bilen baglanysymly waka, meniń kalbymy lerzana salan pursatlara entàk bàs yylam bolanok. Yóne sol geçen yyllar meniń üçin bütin ómrüme barabar boldy. Yóne natjek guna ozumde bolsada sol gedemligim. Men sen nirede bolsańam " Bagysla" diymek isleyàrin yóne kejir duygularym ózümińde halamayan gedemligim ayagyma badak atyp dur.

Ilki - ilkiler siziń obańyza baranymda dayzamyń ogly Merediń yanyna zol- zol gatnap durmagyńa may tapsań mańa sóz gatjak bolmagyńa ünsem bermedim. Yone senin umman yaly cyrpynyp yatan mawy gozlerińde birhili yssy màhir duydum.Sen oran cekinjeńdin. Men beylà gecsemem "Salam" eylà geçsemem " Salam". . . garaz dayzamlara baranymdan tà gaydyancam üstumi salamdan doldurardyń. Basda men seniń adyńam bilemokdym. Sońra yene bir gün gelenimde senem bir bahana bilen gelip yene oz "Salamlaryńy" yagdyryp ugradyń.
Menem saklanyp bilman:
--Ay oglan, elmydama dińe salam diyip yórsüń. Sen nàme basga sóz bileńokmy? Ya seniń adyń Salammy? -- diyip soradym. Senem sol cekinjeńligiń bilen:
--Yok Ayhan diyip jogap berdiń.
--Bolsa- da basga sóz bilyàn ekeniń- diyip seniń ustuńden hezil edip gülüp durkam,Meret gürrüńimize gosuldy.
--Aysuluw boldy-la, beydip yuwas oglany kóseme. Ayhan senem beydip agzyńa suw alan yaly bolup durma. Birazajyk gaytawul bermeseń, bu seytanyń aytjak gepi kópdür diydi. Menem:
--Yokla Meret meniń-a bu yigit bilen isim yok. Yóne "Salam"diyip gaytalap duran soń basga sóz bilyan- bilmeyànini barlap görjek boldum diyip siziń yanyńyzdan daslasdym

Biziń iń sońky jań dabaramyza gelen myhmanlaryń arasynda Ayhana gózüm düsdi. Ol mańa seylebir màhirli seretyàrdi. Men bolsa sowuk bakysym bilen ońa üns bermediksiràn boldum. Dabaradan gaydyp gelyàrkàk yolda Ayhan duran eken. Elinde-de meniń iń gowu góryàn güllerim, goyy gyzyl reńkli bàguller bardy. Ol güllerini mańa uzadyp:
--Aysuluw sońky jań dabarań gutly bolsun!Orta bilim hakyndaky sahadatnamań yzy diploma öwrülsin - diyip màhirli sózleri aytdy. Sońundanam:
-Aysuluw, men sańa bir zat aytmakçy. Men seni ilkinji gören gūnūmden bàri halayan. Seniń gūrleysiń edebiń, özūńi alyp barsyń gaty yarayar. Eger sen razy bolsań men sańa ynsanyń iń nàzik duygularynyń gözbasy bolan yūregimiń törūnden hemiselik orun berjek. Sen elmydama meniń yūregimde yasarsyń - diydi.
Sol wagt meniń buz yaly yūregime seniń sözlerin gaty bir tàsirem etmedi.
Men:-- Bay bow çekinjeń oglana dil bitayipdir. Menà sen salamdan basga söz aytmań soń gaty geń görūp yördum. Ine geń görseń sol çekinjeń oglan sahyra donup gürlapjik otyr-- diysem, Ayhanyń yuzi gyzmaga baslady.

-Bagysla Ayhan! Her kim özune mynasyp bilen bagtly bolar diyip óz ugruma gitdim. Basyny asak salyp men öye giryànçàm sen yzymdan seredip galdyń. Sońra sen harby gulluga gitdiń. Menem paytagtymyzdaky yokary okuw mekdebine okuwa girdim. Sen harby gullukda wagtyń birnàce gezek mańa hat yazypdyń. . .


Dowamy bar
26
104
yurek
03.03.2024 05:32
Ayralyk

Mejnun Leyliden ayralygy sebàpli syrkawlayar, lukman ondan gan almaly diyen karara gelyar. Hacanda lukman onuń eline isilen boguluk goyup damaryna ińńe dūrtjek bolanda Mejnun onum hyzmatyndan yūz öwūryar.
Lukman juda geńirgenip seyle diyen:
-Sen çölde gezip yörkáń yolbarsdan beyleki yyrtyjylardan heder etmediń indi gel-gel ińńeden gorkyańmy?
-Agyry mańa gorkuly dàl!Men islendik yza döz gelip biljek yöne meniń būtin durkum Leylà bolan söyhi bilen püre-pūr doldurulan. Hàzir men Leyliden uzakda ikimizem ayralykdan ejir ceksegem biziń aramyzda barybir hiç hili çák yok. Sen menim damarymy desenińde màhribanymy yaralarsyń öydūp gorkyaryn çūnki biz ayra bolsagam ruhumuz birdir - diyip jogap beryàr.


Mejnun we it

Bir gezek Mejnunuń bir ite máhir bilen ideg edyándigini görūpdirler. Ol iti sylalapdyr ońa durli nygmatlar berip gūl suwy bilen yuwupdyr. Bu yagdayy synlap yorenleriń biri Mejnuna seyle diyyár.
-Seń bolsuń nahili? Eysem Hudayyń yaradan bendesiniń ygyp yören hapa itiń öńūnde peselmegi bolyan zatmydyr?
Ol seyle diyip, yene-de áhli it tohumuna nalet okapdyr. Mejnun onuń sözlerini ahyryna çenli dińláp:
-Gadyrdan eger- sen dūnyá meniń gözūm bilen seredip görsediń,meniń Leylimiń köcesinde yasayan bu ite basgaça göz bilen garardyń. Sonda mańa onuń yasayan tozanynyń hem dūnyaniń bar zadyndan arzylydygyna dūsūnerdiń,men bu itiń penjesindàki sol çańy öpmáge tayyn-- diyip hormat bilen jogap beripdir.


Tūçjar we Leyli

Tūçar baya bir gyzy görkezip onuń Leylidigini aydanlarynda ol seyle diyipdir.
--Ay yog-a sen sol diyilyán Leylimi, eysem betbagt Kaysy náme aklyndan azasyrdyka? Menà sende hiç hili ūytgeshik gözellik göremok!
Juwan gyz ońa garap seyle diyyàr:
-Meniń gózelligimi görmek ūcin sen dińe Mejnun bolmaly. Sen mańa onuń gózi bilen seretmeli mana o dūnyà bu dunya wepaly bolmaly. Meniń bir bakysymdan serhos bolmaly, sirin serhoslykdan ayńalmak islemeli dàl. Seyle telbelik siziń gözüńizi açyar.Hakyky gózelligi dolulygy bilen górmàge size mūmkincilik beryàr. Eger- de seniń bar gaygy- aladań özuńe geljek peydanyń ya- da zyyanyń dasyndan aylanyp duran bolsa onda sańa nebsim agyryar. Çünki sen hakyky bagtyń nàmedigine akyl yetirip bileńok. Sen durmusuń dińe sayasyny góryàrsiń!
Seylelikde biz kàwagtlar ömrūmizi dińe sayalaryń we alamatlaryń yzynda geçirip hakykaty we gözelligi görmeyàris.
30
86
yurek
02.03.2024 08:18
Ýaraman galanda halyň teň bolup
Basyňda otyran gündüzdir gije
Her pursatda seni alada edip
Hiç yatyp bilmeyân ejedir eje

Çaga wagtyň islâr kân zady ýûrek
Köp sûyji zatlardan doludy köçe
Damak bolaymasyn jan balam diyip
Barja pulun sowyan ejedir eje
22
14
yurek
01.03.2024 15:52
Gatnasyklara gabat gelyàn duygularyñ biri hem gabanjañlykdyr.Gabanjañlyk jemgyyetde esasan sóyginiñ alamaty hókmûnde górûlyàr.Az dozada bolsa, gatnasygy sekillendirer,emma asa gabanmalar islendik gatnasygy( dostlyk ,doganlyk, sóygi) jàhenneme ówûrer.Umuman gatnasykdaky lezzeti almak ûcin, hemme zat óz ólçeginde bolsa gowy.Edil naharyñ duzunuñ az mukdarda bolsa , tagamly asa kóp mukdarda bolsa sor, tagamsyz edisi yaly.
Ynsanlar nàme ûçin biri- birini gabanyar?
Ilki suny bellàp geçmek isleyàn.Hemme adamlarda gabanjañlyk duygusy bolyar.Yóne olaryñ derejeleri her kimde her hili.Asa gabanjañlygyñ baslangyjynda birnàçe sebàpler bar.Ilki bilen çuñ bir ynamsyzlyk problemasy bar bolmagy mûmkin.Basgalary ózûnden ûstûn, yokory góryàn bir adam ûçin basgalar onuñ ûçin yzygiderli howp abandyryan yaly bolup górûner. Bu yagday kóp gaytalanyan bolsa, gahara, dawa we zorlyklara cenli baryp biler.Ózune ynamsyz adam, gawanjañlygyñ duzagyna dûser we garsysyndaky ynsany yzygiderli sutemde saklamaga, yzarlamaga tarap hereket eder.Seytmek bilen onu kontrol edip bilerin óydyar.Emma, bu yagday garsy tarapyñ gatnasykdan uzaklasmagyna sebàp bolyar.

Yene bir sebàpleriñ biri; garsysyndaky adama ynanmazlyk.Aldanmak we terk edilmek gorkusy bolanadamlaram gabanjañ bolyar.Ynsanlaryñ garsysyndaky adam tarapyndan kemcilikli we gadyrsyz duyulmagy, gatnasyklarda asa baglanma, ozune degisli hasap edyan adamlary, basgalar bilen paylasmak islemezlik instikiti we shizofreniya yaly pshologiçeski birahatlyklar gabanjañlygyñ sebàpleri arasynda yer alyar.Gabanjañlyk ,yitirme gorkusyndan hem dóreyàr.Çaga wagtyñyz ene- atañyzyñ sizi terk etmeginden óràn gorkan bolmagyñyz mûmkin.Ulalanda edil sol duyguny gatnasyklarynyza geçiryañiz.Hemme zady etmàge tayyar bolarsyñyz, sol gitmesin diyip.Nàme etsenizem az bolar, ol gorky siziñ içiñizi gemirer, ya gitse ,ya basgany saylasa ,ya- da meni sóymese?...
Çaga wagty terk edilmekden gorkan caga indi gahar bilen gawanjañlygyñ batgalygyna oz ozuni baryrar.Terk edilmekden, gowy goryan ynsanyny yitirmekden gelyan gabanma duygusy alada,stress, paranoya, asa subhe we soraglama doredip biler.Gabanjañ adam asla esdenlerine ynanmaz,ol hemise sûbhede bolyar we óz beynisinde dóreden senaryolaryna ynanyar. Gabanjañlygyñ netijesinde shahsyyetiñ bozulmagy bolup bilyàr.Narsist ya- da paranoid gurlusly ynsanlar bu duygynyñ duzagyna kóp dusyarlar.
Jemgyyetde " Sóyyàn adam gabanar" cemelesigi agdyklyk edyar.Emma ,hic bir górnûsde asa gabanmagyñ sóygi bilen baglanysygy yokdur.Gabanjañlygy yok etmegiñ usuly, onuñ sebabini tapmak we ustune gitmekdir.Indi seyle dûsuneliñ:
Gabanjañlygyñ netijesinde bir zat tapdynyzmy?Yagny gabanmakda haklymy? belli bir sebap barmy? Ya- da sizem kàbir adamlar yaly: " Men sana ynanyan yone toweregiñdàki adamlara ynanamok" diyyànlerdenmi? Eger gabanmaga belli bir dogry sebàbiniz yok bolsa, gabanjanlyk duygusy bilen hereket etmàñ!Gabanjañlyk duygusynyñ óñûni alyp bilmersiñiz,emma gabanjañlyk duygusy bilen hereket etmegiñ óñûni alyp bilersiñiz.
Su wagtky dostunuz ,jorañyz, yada sóyguliniz name ucin sizi saylady? Siz millionermi ya- da oz adynyza edaranyz barmy?Soñ ûcin sayladymy sizi?Bularyñ hijisem dàl
Garsysyndaky kemis bolmasa, hemmelerem ózi barada pikir edyar.Ol sizi saylady, cûnki sóyyàr.
Adamlara ynanmasañyzam soyyan adamynyza ynanyñ.Ózûñizi sóyûñ, kop problemalaryñ basy, ozunizi soymekden baslanyar.Bilyànsiniz ozune ynamly adamlar ozune cekiji bolyar.
25
115
yurek
29.02.2024 15:24
Men oña yoluñ çatrygynda gabat geldim.Bu adamyñ egninde yapynjasy, elinde bolsa hasasy bardy.Onuñ kóp horluk cekendigi yûzûnden bildiryardi.Hosamay salamlasanymyzdan soñ,men oña:
- Óye baraly, biziñ mynmanymyz bol! diyip teklip etdim.Ol ylalasdy.Ayalym we çagalarym bizi bosagada garsyladylar, ol màhirli yylgyryp,óydàkilere salam berdi, olar hem óye myhman gelenine begendiler.Soñra biziñ barymyz birlikde saçagyñ basyna gecdik, bu adam bilen gûrrûndes bolmak juda yakymlydy çûnki ol ûmsûm we syrlydy.Agsamlyk naharyndan soñra biz ojagyñ basyna jemlendik we men ondan ozuniñ jahankesdeligi barada gûrrûñ bermegini soradym.Ol bize sol gije we ertesi gûn hem kóp gûrrûñleri berdi, meniñ bulary yazmagyma sebap bolan zat hem bu akgówûnli adamyñ basdan geçiren ajy gûnleri bolup, ol wakalar onuñ yolçulukda tozana garylan gûnlerinden we cydamlylygyndan ybaratdy.
Onuñ bizden gideninden û' gûn soñra hem bizde myhmanyñ gidenligi barada duygy bolmady, dogrusy masgala agzalarymyzyñ biri bagda gezip yoren yaly bolup, hàziriñ ózûnde gapydan giràyjek yalydy...
27
82
yurek
29.02.2024 08:40
Bir adam bir gûn saçymy aldyrayyn diyip dellekhana gidipdir.Dellekhanacy tanansoñ saçyny oñardyp otyrka gûrlesip baslayarlar.Gûrrûñ soñra Allah barada tema gecyar.Sonda dellekci yañky adama Allah diyip zat yok, bar bolsa yolda nàsag,yarawsyz, yetim çaga bolmazdy, bar bolsa olary beyle yagdayda goymazdy diyyàr.Yañky adam jogap bermeyàr, soñ pulunu berip dasary çykya welin çûñkde, saçy sakgaly ósûp giden bir adamy góryàr we derrew yzyna dellekhana gelyàr we seyle diyyàr:
--Neme, dellekci diyip zat yok, bar bolsa dasarda saçy sakgaly ósgûn kisi bolmazdy diyyàr.
Dellekçi:
--Bar men dellekçi, yóne maña gelmeseler men nàme edeyin diyyàr.Yañky adam:
--Meniñ diyjek bolyanymam so -dy diyyàr! Allah bar yóne adamlaryñ ózi Allaha ellerini açyp dileg etmese gûna ozlerinde! Bir Hadysda Hezreti Muhammet s.a.w - iñ yanyna bir ayal gelip, seyle diyyàr: Allah nàme ûcin bendelerini jàhenneme atya heyde bir ene óz cagasyny oda atarmy diyende Efendimiz Muhammet s.a.w. seyle buyurdular :Allah oz bendelerini jàhenneme atmayar, olaryñ ózleri Jàhenneme gidyàr, Jàhennemi saylayar!
37
137