yurek
03.03.2024 05:32
Ayralyk

Mejnun Leyliden ayralygy sebàpli syrkawlayar, lukman ondan gan almaly diyen karara gelyar. Hacanda lukman onuń eline isilen boguluk goyup damaryna ińńe dūrtjek bolanda Mejnun onum hyzmatyndan yūz öwūryar.
Lukman juda geńirgenip seyle diyen:
-Sen çölde gezip yörkáń yolbarsdan beyleki yyrtyjylardan heder etmediń indi gel-gel ińńeden gorkyańmy?
-Agyry mańa gorkuly dàl!Men islendik yza döz gelip biljek yöne meniń būtin durkum Leylà bolan söyhi bilen püre-pūr doldurulan. Hàzir men Leyliden uzakda ikimizem ayralykdan ejir ceksegem biziń aramyzda barybir hiç hili çák yok. Sen menim damarymy desenińde màhribanymy yaralarsyń öydūp gorkyaryn çūnki biz ayra bolsagam ruhumuz birdir - diyip jogap beryàr.


Mejnun we it

Bir gezek Mejnunuń bir ite máhir bilen ideg edyándigini görūpdirler. Ol iti sylalapdyr ońa durli nygmatlar berip gūl suwy bilen yuwupdyr. Bu yagdayy synlap yorenleriń biri Mejnuna seyle diyyár.
-Seń bolsuń nahili? Eysem Hudayyń yaradan bendesiniń ygyp yören hapa itiń öńūnde peselmegi bolyan zatmydyr?
Ol seyle diyip, yene-de áhli it tohumuna nalet okapdyr. Mejnun onuń sözlerini ahyryna çenli dińláp:
-Gadyrdan eger- sen dūnyá meniń gözūm bilen seredip görsediń,meniń Leylimiń köcesinde yasayan bu ite basgaça göz bilen garardyń. Sonda mańa onuń yasayan tozanynyń hem dūnyaniń bar zadyndan arzylydygyna dūsūnerdiń,men bu itiń penjesindàki sol çańy öpmáge tayyn-- diyip hormat bilen jogap beripdir.


Tūçjar we Leyli

Tūçar baya bir gyzy görkezip onuń Leylidigini aydanlarynda ol seyle diyipdir.
--Ay yog-a sen sol diyilyán Leylimi, eysem betbagt Kaysy náme aklyndan azasyrdyka? Menà sende hiç hili ūytgeshik gözellik göremok!
Juwan gyz ońa garap seyle diyyàr:
-Meniń gózelligimi görmek ūcin sen dińe Mejnun bolmaly. Sen mańa onuń gózi bilen seretmeli mana o dūnyà bu dunya wepaly bolmaly. Meniń bir bakysymdan serhos bolmaly, sirin serhoslykdan ayńalmak islemeli dàl. Seyle telbelik siziń gözüńizi açyar.Hakyky gózelligi dolulygy bilen górmàge size mūmkincilik beryàr. Eger- de seniń bar gaygy- aladań özuńe geljek peydanyń ya- da zyyanyń dasyndan aylanyp duran bolsa onda sańa nebsim agyryar. Çünki sen hakyky bagtyń nàmedigine akyl yetirip bileńok. Sen durmusuń dińe sayasyny góryàrsiń!
Seylelikde biz kàwagtlar ömrūmizi dińe sayalaryń we alamatlaryń yzynda geçirip hakykaty we gözelligi görmeyàris.
30
86
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.