yurek
04.03.2024 15:03
Dowamy

Sen harby gullukda wagtyń birnace gezek mańa hat yazypdyń. Meni söyyànligińi mensiz yasap bilmejekdigińi àhli hatlaryńda beyan edyàrdiń. Nijeme gezek sańa jogap yazmaga baslapdym. Yone erkimi dusaklan gedemligim ūstūn cykyp sańa yazyan hatlarymy sońlamakdan saklayardy. Harby gulligy tamamlanyńdan soń Meretden meniń nomerimi alyp jan edipdiń. Gullugy abray bilen tamamlanyńy buysanç bilen hawar berip mańa dususmagy teklip etdiń.
Men garsy boldum. Yūregim sana tarap nàce atygsasa- da ozume erk etmage calysdym. Sen:
-Aysuluw seniń buza dónen yüregińe meniń gyzgyn yüregimden çogup çykyan duygularym hiç hili tàsir edenokmy?Mańa yekeje mümkincilik berày. Seniń gül kesbińi górmek meniń iń uly arzuwym. Hayys edyàn birje gezek görūsayeli diyip yalbardyń. Sańa dózman razy boldum. Sen seylebir begendiń. Seydip oylànlik wagt bellesip seyilgahde dususmagy wadalasdyk.

Bellesilen wagtda seyilgàhe baranymda sen mańa garasyp duran ekeniń. Owadan bagullerden bogulan cemeni mańa uzadyp hal- ahwalymy sorasdyrdyń. Gülleriń hosboy ysyna mayyl bolup dursuma:
-Gózün aydyń sag- aman geldińmi ? diyip soradym.
-Howa Aysuluw. Geleniń ūcin sag bol. Meni gaty begendirdiń. Bilyànmi seni gaty goresim geldi. Yazyan hatlaryma jogap yazmańsoń birje suratyńy ugraday diymegem gelshiksiz gördūm. Aysuluw men seni yūrekden söyyàn. Sańa bolan söygimi nàdip beyan etjegimi bilemok. Sygyr yazsam sözler aydym yazsam saz ejiz gelyàr. Eger sen hazir okuwumu okajak jogabymy soń bererin diysenem men razy. Sebabi menem Lukmancylyk ugryndan yokary okuw mekdebine girmekci. Men sańa ömrūm ötyànçà garasmaga tayyar. Sen dińe menińki bolsań bolyar - diyip yurek sozlerińi beyan etdiń.

Adamy synamaga yeterlik wagt bolandyram. Yone men yende- de öz ykbalyma garsy bolup,"Ayhan men sańa jogabymy óń aydypdym öytyàn. Meniń pikirim entàgem üytgànok" - diyip jogap berdim.
Sonam sagadyma seredip:
--Wagtam gijigip baryar men gideyin Sag bol diyip umumy yasayys jayyna tarap yola dusdum. Seniń gózlerińdàki gynanja, ahmyrly sóygiden yańa balkyldap duran gózlerińe gózum düsende yuregimde natanys yza peyda boldy. Seydibem seniń bilen bagly sóygime ozum nokat goydum.

Eyyàm men bàsnji yyl talyl. Seniń bilen bagly yatlamalara gark bolup otyrysyma: --O - how Aysuluw seytan nahili gowumu? diyip anyrdan yylgyrjyklap gelyàn Merede gózum düsdi. Meret obanyń tazelikleri garyndaslarymyzyń yagdayy bilen tanysdyryp tizlikde Ayhanyń agasynyń toyunuń bardygy, Ayhanyńam sol toya gelyandigini duydurdy.
Yūregimiń eyesiniń jigisi Jeren Meretden yórite mana cakylyk ugradypdyr. Menden toya hókman gelmegimi sorapdyr. Toya gitjegimi- gitmejegimi bilmàn kosenmeli bolmadym. Sebàbi bu gezek yüregim rüstem geldi. Toya iki gün galanda oba gitdim. Ejem - kakam meni görup seylebir begendi. Toy güni ejeme hemme zady gurrün berip maslahat soradym. Ejemem:" Gyzym jogap seniń yüregińdedir yüregiń name diyse sony ediber" diydi. Ejemjanyń maslahatyny alyp yüregimi dinledim.
Yüregim dińe Ayhan diyip uryardy.

Dayzamyń gelni bilen agsamlyk toya bardyk. Jeren bizi màhirli garsylady.

--Aysuluw gelenińe sag bol. Ayhan górse juda begener - diyip yzyny üzmàn gurledi. Biz tansa gosuldyk. Tans etsegem meniń gózlerim dińe Ayhany gózleyàrdi. Ońa aytjak zatlarymy kellàmde aylap dursuma,Ayhanyń golayjygyma gelip tans edip yoreninem duymandyryn. Birden gapdalyma seretsem Ayhan dur. Su pursat dünyà dońan yaly boldy. Birek- biregiń gozlerine sińip nàce yylky ayralyk zerarly güyjàn sóygimizi gózümiz bilen beyan edip durkak, agań oz oylenyàn gyzy bilen biziń aramyza geldi. Bagtly juwanlara seredip biziń soygimiz has- da möwjedi. Sol pursat meniń has golayyma süysüp, egnińi egnime diràp, nurana bakyslaryń bilen agań bilen gelnejeńi ümlàp yene mana seretdiń. Menem bagtdan yańa ucayjak bolup, dińe basymy atyp sańa razylygymy bildirdim...


Sońy

Awtor: Sona Halykowa.
26
120
yurek
4 Mart 2024
@indi, minnetdar
alma___
4 Mart 2024
Gowy hekaýa ekeni haladym
yurek
4 Mart 2024
@awgust, bolya gozlap goreyin jora
yurek
4 Mart 2024
@awgust, ay howwa men kop yazp bilmeyan sona tiz gutaryan hekayalary goyyan. Oz is yagdayyma seredip giryan programma
yurek
4 Mart 2024
@awgust, @Tüweleý🌪, yaradymy post
ATOMIC
4 Mart 2024
👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.