yurek
03.03.2024 14:09
Ol waka indi meniń yadymdanam cykyweripdi. Yöne su gūn seyilgàhde gezelenç edip yören wagtym yigit bilen gyzyń arasyndaky sowsuz dususygyń sayady bolanymda ol dówürleri, seni yatlamaga mejbur boldum.

Orta mekdebiń yokary synpynda okayardym. Senem gońsy obamyzda,dayzamlaryń obasynda olaryń gonsusy bolup yasayardyń. Edil menin yaly senem orta mekdebiń yokary synp okuwcysydyń. Ol dówurler diyip uzaldanym bilenem senin bilen baglanysymly waka, meniń kalbymy lerzana salan pursatlara entàk bàs yylam bolanok. Yóne sol geçen yyllar meniń üçin bütin ómrüme barabar boldy. Yóne natjek guna ozumde bolsada sol gedemligim. Men sen nirede bolsańam " Bagysla" diymek isleyàrin yóne kejir duygularym ózümińde halamayan gedemligim ayagyma badak atyp dur.

Ilki - ilkiler siziń obańyza baranymda dayzamyń ogly Merediń yanyna zol- zol gatnap durmagyńa may tapsań mańa sóz gatjak bolmagyńa ünsem bermedim. Yone senin umman yaly cyrpynyp yatan mawy gozlerińde birhili yssy màhir duydum.Sen oran cekinjeńdin. Men beylà gecsemem "Salam" eylà geçsemem " Salam". . . garaz dayzamlara baranymdan tà gaydyancam üstumi salamdan doldurardyń. Basda men seniń adyńam bilemokdym. Sońra yene bir gün gelenimde senem bir bahana bilen gelip yene oz "Salamlaryńy" yagdyryp ugradyń.
Menem saklanyp bilman:
--Ay oglan, elmydama dińe salam diyip yórsüń. Sen nàme basga sóz bileńokmy? Ya seniń adyń Salammy? -- diyip soradym. Senem sol cekinjeńligiń bilen:
--Yok Ayhan diyip jogap berdiń.
--Bolsa- da basga sóz bilyàn ekeniń- diyip seniń ustuńden hezil edip gülüp durkam,Meret gürrüńimize gosuldy.
--Aysuluw boldy-la, beydip yuwas oglany kóseme. Ayhan senem beydip agzyńa suw alan yaly bolup durma. Birazajyk gaytawul bermeseń, bu seytanyń aytjak gepi kópdür diydi. Menem:
--Yokla Meret meniń-a bu yigit bilen isim yok. Yóne "Salam"diyip gaytalap duran soń basga sóz bilyan- bilmeyànini barlap görjek boldum diyip siziń yanyńyzdan daslasdym

Biziń iń sońky jań dabaramyza gelen myhmanlaryń arasynda Ayhana gózüm düsdi. Ol mańa seylebir màhirli seretyàrdi. Men bolsa sowuk bakysym bilen ońa üns bermediksiràn boldum. Dabaradan gaydyp gelyàrkàk yolda Ayhan duran eken. Elinde-de meniń iń gowu góryàn güllerim, goyy gyzyl reńkli bàguller bardy. Ol güllerini mańa uzadyp:
--Aysuluw sońky jań dabarań gutly bolsun!Orta bilim hakyndaky sahadatnamań yzy diploma öwrülsin - diyip màhirli sózleri aytdy. Sońundanam:
-Aysuluw, men sańa bir zat aytmakçy. Men seni ilkinji gören gūnūmden bàri halayan. Seniń gūrleysiń edebiń, özūńi alyp barsyń gaty yarayar. Eger sen razy bolsań men sańa ynsanyń iń nàzik duygularynyń gözbasy bolan yūregimiń törūnden hemiselik orun berjek. Sen elmydama meniń yūregimde yasarsyń - diydi.
Sol wagt meniń buz yaly yūregime seniń sözlerin gaty bir tàsirem etmedi.
Men:-- Bay bow çekinjeń oglana dil bitayipdir. Menà sen salamdan basga söz aytmań soń gaty geń görūp yördum. Ine geń görseń sol çekinjeń oglan sahyra donup gürlapjik otyr-- diysem, Ayhanyń yuzi gyzmaga baslady.

-Bagysla Ayhan! Her kim özune mynasyp bilen bagtly bolar diyip óz ugruma gitdim. Basyny asak salyp men öye giryànçàm sen yzymdan seredip galdyń. Sońra sen harby gulluga gitdiń. Menem paytagtymyzdaky yokary okuw mekdebine okuwa girdim. Sen harby gullukda wagtyń birnàce gezek mańa hat yazypdyń. . .


Dowamy bar
26
104
yurek
3 Mart 2024
@kalayev, bolya erte nesip bolsa
kalayev
3 Mart 2024
@yurek, howwa dowamyna garasyan
yurek
3 Mart 2024
Eyyam okadynyzlarmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.