yurek
01.03.2024 15:52
Gatnasyklara gabat gelyàn duygularyñ biri hem gabanjañlykdyr.Gabanjañlyk jemgyyetde esasan sóyginiñ alamaty hókmûnde górûlyàr.Az dozada bolsa, gatnasygy sekillendirer,emma asa gabanmalar islendik gatnasygy( dostlyk ,doganlyk, sóygi) jàhenneme ówûrer.Umuman gatnasykdaky lezzeti almak ûcin, hemme zat óz ólçeginde bolsa gowy.Edil naharyñ duzunuñ az mukdarda bolsa , tagamly asa kóp mukdarda bolsa sor, tagamsyz edisi yaly.
Ynsanlar nàme ûçin biri- birini gabanyar?
Ilki suny bellàp geçmek isleyàn.Hemme adamlarda gabanjañlyk duygusy bolyar.Yóne olaryñ derejeleri her kimde her hili.Asa gabanjañlygyñ baslangyjynda birnàçe sebàpler bar.Ilki bilen çuñ bir ynamsyzlyk problemasy bar bolmagy mûmkin.Basgalary ózûnden ûstûn, yokory góryàn bir adam ûçin basgalar onuñ ûçin yzygiderli howp abandyryan yaly bolup górûner. Bu yagday kóp gaytalanyan bolsa, gahara, dawa we zorlyklara cenli baryp biler.Ózune ynamsyz adam, gawanjañlygyñ duzagyna dûser we garsysyndaky ynsany yzygiderli sutemde saklamaga, yzarlamaga tarap hereket eder.Seytmek bilen onu kontrol edip bilerin óydyar.Emma, bu yagday garsy tarapyñ gatnasykdan uzaklasmagyna sebàp bolyar.

Yene bir sebàpleriñ biri; garsysyndaky adama ynanmazlyk.Aldanmak we terk edilmek gorkusy bolanadamlaram gabanjañ bolyar.Ynsanlaryñ garsysyndaky adam tarapyndan kemcilikli we gadyrsyz duyulmagy, gatnasyklarda asa baglanma, ozune degisli hasap edyan adamlary, basgalar bilen paylasmak islemezlik instikiti we shizofreniya yaly pshologiçeski birahatlyklar gabanjañlygyñ sebàpleri arasynda yer alyar.Gabanjañlyk ,yitirme gorkusyndan hem dóreyàr.Çaga wagtyñyz ene- atañyzyñ sizi terk etmeginden óràn gorkan bolmagyñyz mûmkin.Ulalanda edil sol duyguny gatnasyklarynyza geçiryañiz.Hemme zady etmàge tayyar bolarsyñyz, sol gitmesin diyip.Nàme etsenizem az bolar, ol gorky siziñ içiñizi gemirer, ya gitse ,ya basgany saylasa ,ya- da meni sóymese?...
Çaga wagty terk edilmekden gorkan caga indi gahar bilen gawanjañlygyñ batgalygyna oz ozuni baryrar.Terk edilmekden, gowy goryan ynsanyny yitirmekden gelyan gabanma duygusy alada,stress, paranoya, asa subhe we soraglama doredip biler.Gabanjañ adam asla esdenlerine ynanmaz,ol hemise sûbhede bolyar we óz beynisinde dóreden senaryolaryna ynanyar. Gabanjañlygyñ netijesinde shahsyyetiñ bozulmagy bolup bilyàr.Narsist ya- da paranoid gurlusly ynsanlar bu duygynyñ duzagyna kóp dusyarlar.
Jemgyyetde " Sóyyàn adam gabanar" cemelesigi agdyklyk edyar.Emma ,hic bir górnûsde asa gabanmagyñ sóygi bilen baglanysygy yokdur.Gabanjañlygy yok etmegiñ usuly, onuñ sebabini tapmak we ustune gitmekdir.Indi seyle dûsuneliñ:
Gabanjañlygyñ netijesinde bir zat tapdynyzmy?Yagny gabanmakda haklymy? belli bir sebap barmy? Ya- da sizem kàbir adamlar yaly: " Men sana ynanyan yone toweregiñdàki adamlara ynanamok" diyyànlerdenmi? Eger gabanmaga belli bir dogry sebàbiniz yok bolsa, gabanjanlyk duygusy bilen hereket etmàñ!Gabanjañlyk duygusynyñ óñûni alyp bilmersiñiz,emma gabanjañlyk duygusy bilen hereket etmegiñ óñûni alyp bilersiñiz.
Su wagtky dostunuz ,jorañyz, yada sóyguliniz name ucin sizi saylady? Siz millionermi ya- da oz adynyza edaranyz barmy?Soñ ûcin sayladymy sizi?Bularyñ hijisem dàl
Garsysyndaky kemis bolmasa, hemmelerem ózi barada pikir edyar.Ol sizi saylady, cûnki sóyyàr.
Adamlara ynanmasañyzam soyyan adamynyza ynanyñ.Ózûñizi sóyûñ, kop problemalaryñ basy, ozunizi soymekden baslanyar.Bilyànsiniz ozune ynamly adamlar ozune cekiji bolyar.
25
115
ideallider
8 Mart 2024
Iň gowy dermany gaty köp gezek barlamaklyk😔👍
medik_
1 Mart 2024
Gatnasyan dosdyna joran hem gabanjan bolsa sanada gecyan eken su kesel
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.