ylham_gurbanaly
21.05.2024 00:23
Gözlerimiz ogryn-ogryn sözlesse,
Dillerimiz goh edip seredip dursa,
Gulagymyz dymyp,
Ýüregimiz eşitse,
Söygümizi kebşirlese wepamyz,
Ellerimiz bir-birini gujaklap,
Aýaklaram ähedem-dessem oýnasa,
Utanjyndan terk eden saçlarym çyksa,
Saçyň bilen çolasyp örülse bir dem.
Birden,
Budilnigem,
Oýarsa...
Oýansam,
Her gün seň bilen,
Ellerimiň üýşenini duýmasam,
Sypalasam şeme dönen ýüzümem.
Bagt hakda aýdym aýtsa çagalar,
Olaryň aýdymyny görse gözlerim,
Her sözüniň, harpyny okasa gulak.
Düşün, läläm!
Jübümizde,
It güjüklän bolsa-da,
Ýüregimizde şyňňyrdap dur teňňeler.
Ýüzümizi zordan güldürmesek bor,
Kireýine ýaşap ýören ruhymyz,
Külbesine "Elitga jaý" diýse bor...

© Remezan MÄMETGURBANOW
22
74
ylham_gurbanaly
06.05.2024 15:51
Gündelikden bölek goşgulardan..
21
56
ylham_gurbanaly
03.05.2024 22:43
Maňa ajap şahyr gerek
Öz içimi ýazyp bilýän,
Äşgär etsin içdäkini,
Ählisini bilsin dünýä.

Suratçy gerek - hüşgär, tiz
Pursadynda alsyn basym.
Çyn ýylgyryş, gülkileriň
Döretsin kolleksiýasyn.

Örän ussat aşpez bolsun,
Düzümini aýtsyn bagtyň.
(Bolmasa bulamak edip,
Gör-ä şunça gitdi wagtym)

Bir alyjy gözleýärin,
Gussalarmy aldyrmaga.
Bir içaly gözleýärin,
Geçmişimi öldürmäge...

Ylham GURBANALYÝEW ( 2024)
26
131
ylham_gurbanaly
03.05.2024 00:01
Ýüreklerde ýatanlar kän,
Özi ýitmän, ýitenler kän.
Okalmadyk setirler kän,
Belki bu seniň üçindir.

Bir gül ýokdur müň çemenden,
Bir sen ýoksuň müň jemenden,
Her söz başy, her jemimde
Belki bu seniň üçindir.

Ömrüň yşka bergisi bar,
Göwnüň başga çelgisi bar,
Her jümlämiň belgisi bar,
Belki bu seniň üçindir.

Gün alýarka, bulut berse,
Undup bormy, unut diýseň?!
Bir gün menäm bu ýurt söýse
Belki bu seniň üçindir.

Ylham GURBANALYÝEW (2024)
26
80
ylham_gurbanaly
01.05.2024 19:44

Hellow ewrybadi. Gowmy ýagdaýlarňyz? (Şuwagtjygam biri diýýä, ee senem žiwoýmyň? Öwrenmeli žiwoý bolsa menem dwaždy žiwoýdyryn ýesli ço))) Karoçi, Maskwa ne Soçimyş) Arman ýadaman, ýaltanman ýaşap ýõren bolsaňyz, bugün elitny gepleşigimiz bolan, Ylham studiýasynyň gunamagynda "Tanyşmak aýyp däl" virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 18-nji sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu gezekki myhmany, öwrenmeliniň ideal adamy bolan @ideallider myhmançylykda. Geliň geçiň, oturyň. Köfejik içýänçäňiz, reklama gidýäs.

(@manolya goýber reklamany)


Kopiýalardan doly dünýäde, orginal ýaşa. Orginal Boss eşikleri, bu diňe seň üçin. Salgysy: Daşoguz şäher. Wokzalny köçe. Boss magazyn.


Hany onda taýýar bolsaňyz, başladyk.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk...

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz? (Sizem köne möjeklerden bolmaly)

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. Ideal bolanda, ilkinji göz öňüne gelmeli zatlar näme? Özüňizi näderejede ideal adam hasaplaýaňyz?

6. Virtual dünýä nähili garaýşyňyz bar? Virtual söýgi nähili?

7. Gülşüme güleýin, şu ýerde reski 1 degişme aýdyp geçiň.

8. Döwrüň ösüşine (+) we (-) pikirlerňiz barmy?

9. Aglaba ýaşlar näme üçin ýeňilleşýär? (Ýa az iýip içýälermikä))

10. Aýdaly ertirki 1güni öňünden bilseň, näme ederdiňiz?

11. Ideallideriň idealyndaky ideal gyzda bolaýmaly 3 zat näme?

12. Şahsy durmuşyňyzda iň ýatda galan pursat? (Eger mümkin bolsa)

13. Jeki çan we Wandam . Hökman uruşmaly diýseler, haýsyny saýlarsyňyz?

14. Öwrenmeliň agzalaryna hökman aýtmaly zadyňyz barmy?

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun. Gülüp we güldürip ýaşaň. Saglykda gõrşeliň!


Agzalar siziňem @ideallider agzadan gyzyklanýan soragyňyz bar bolsa, arkaýyn teswirde sorap bilersiňiz!

43
640
ylham_gurbanaly
21.04.2024 05:44
Şatlyk ýazjak seň ýoluňa,
Bagta gussa düşelmez-ä.
Solup galan meň roýuma
Senden özge düşünmez-ä.

Alasarmyk gezip nije,
Ýalňyz kalbym ezip nije,
Şygyr ýazsam düşnüksizje,
Senden özge düşünmez-ä.

Bil, ýakyn näme, del näme
Syrdaş gerekdir hemmäge.
"A" diýäýsem, "B" diýmäge,
Senden özge düşünmez-ä.

Dymma garap güňlügime,
Seret her bir ümlügime.
Sensiz ýaşan tümlügime
Senden özge düşünmez-ä.

Garap galdy ýola dide
Gelip halym sora, ide,
Men bir syrly piramida,
Senden özge düşünmez-ä.

Ylham GURBANALYÝEW
05.03.2023
28
59
ylham_gurbanaly
17.04.2024 11:20
Synla - her bir zatdan gözellik gözläp,
Synla - giň jahanyň kaddy-kamatyn.
Ýat, ýatasyň gelse boglup düýşlere
Sesini eşitmän jaňly sagadyň.

Uludan demiň al,
ýeňlet ruhuňy
Özüň bagtly duý!
Bagtly ýene-de!
Öňüňden çykana ýylgyryş paýla,
Ýylgyryp jogabyn gaýtar Güne-de.

Aýdym aýtmakçymyň?!
Zowladyp göýber.
Öýüň boldy, köçe boldy, parhy nä?
Duýsaň gursakdakyň on sekizdigin,
Elli bolsun, otuz bolsun, kyrky nä?

Biraz arzuw bilen duşuşyk gurna,
Unut şugün bergileriň sanynam.
Oturan ýeriňden dünýäni sora,
Saňa höwäsi bor, Çingiz hanyňam.

Ýagyşy söýýäňmi, alma saýawan
Kime näme?
Ýuw saçlarňy, ezil-de!
Ömür - saňa,
sen ömrüňe gerekli,
Ýaşaýarkaň bu ýaşaýyş hezildir.

Ylham GURBANALYÝEW
40
84
ylham_gurbanaly
16.04.2024 09:59
"Durmuşa çykjak gyza"

Gözleňde müýnüň ýok,
Sen öýe bezeg.
Näm üçin aglaýaň,
Şadyýan gözel ?!

Ýatlaýaň güneşiň,
Tylla zerlerin.
Gulpagyň tasadyp,
Gezen ýerleriň.

Gyzlyk dünýäsinden,
Gitmezden ozal,
Näm üçin aglaýaň,
Şadyýan gözel.

Gyýylma gidýän diýp,
Dogduk öyünden.
Bagtyňy taparsyň,
Jandan söyülseň.

Ýa ýaman görýärmiň,
Başyň boglanyn ?
Ýa birinden kemmi,
Söýýän oglanyň ?

Wah ... aglap doýmadyň,
Gutarar ýerde,
Göýä egisýän deý
Ulaşan derdiň. ...

Yok , ýok , agla bu gün,
Aýyp görülmez.
Gyzlyk dünýäň saňa,
Gaýdyp berilmez.

Bibi ORAZDURDYÝEWA .
32
70
ylham_gurbanaly
11.04.2024 22:50
Okaryn diýseňiz!
Nesil gazeti 05.04.24 sany.
56
224
ylham_gurbanaly
24.03.2024 22:57
Ýanyňdaky adam bilen ýadyňyzdaky adamyň ikisiniň bir bolmagy hemme kişä nesip etdirmeýär...
28
115