ylham_gurbanaly
03.05.2024 22:43
Maňa ajap şahyr gerek
Öz içimi ýazyp bilýän,
Äşgär etsin içdäkini,
Ählisini bilsin dünýä.

Suratçy gerek - hüşgär, tiz
Pursadynda alsyn basym.
Çyn ýylgyryş, gülkileriň
Döretsin kolleksiýasyn.

Örän ussat aşpez bolsun,
Düzümini aýtsyn bagtyň.
(Bolmasa bulamak edip,
Gör-ä şunça gitdi wagtym)

Bir alyjy gözleýärin,
Gussalarmy aldyrmaga.
Bir içaly gözleýärin,
Geçmişimi öldürmäge...

Ylham GURBANALYÝEW ( 2024)
26
131
sabyrly
4 May 2024
@ylham_gurbanaly, düşündim birtäsinräk görensoñ aýdaýdym aýyplaşma
flowers_
4 May 2024
@nowcha, 👍
nowcha
4 May 2024
B@ylham_gurbanaly, düşnükli🙂
nowcha
4 May 2024
@flowers_, Salam. Ýok ýazyjy däl, ýöne ýazylanlary okamagy halaýan🙃
ylham_gurbanaly
4 May 2024
@sabyrly, Geçmişi anyklap, nähili öldüresi gelse gelibersindä) Özümi öldürmese boldy)) Şoňa içaly diýdim)
flowers_
4 May 2024
@nowcha, Salam, sizem ýazyjymy?!
sabyrly
4 May 2024
@nowcha, 👌
nowcha
4 May 2024
@sabyrly, ýooo siziň diýýäniňiz dogry. Ýöne pikirimi paýlaşdym. Goşgyny halanyňyzy okadym
sabyrly
4 May 2024
@nowcha, Seniñ aýtýanyñam dogry ol ýagdaýdada bolup biler iñ gowusyny özi bilýändir ýumuş görmese düşündirip geçer näme üçin alanyny ýa şeýle diýip ýazanyny
sabyrly
4 May 2024
@nowcha, Menem goşgularny uly höwes bilen okaýan ýöne şojagaz ýerine öz pikrimi ýazaýdym ýa at dakmak ya başga maksat bn däl üns beren bolsañ birinji teswirimde bilişimçe diýip aýtdym şo hökman şeýle bolmaly ýa Ylhamyñky ýalñyş diýemoga ýöne şo ýerini näme üçin şeýle alandygny bilmänsoñ soradym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.