ylham_gurbanaly
08.06.2024 11:36
Sen gitseň söýgimi alyp gidersiň, 
Gussam gözlerimde besse-besse bor. 
Seniň maňa goýup giden durmuşyň 
Hesreti ölümden iki esse bor. 

Aralyk deý uzak bolar aýralyk, 
Ýat bolup gidersiň ykbalyň bilen. 
Menem senden arly bolup galmaryn, 
Gülden näzik göwnüň ýykmanym bilen. 

Ýöne köňül öwlüýäniň ýoly dek, 
Gussaly bor, umytly bor onsoňam, 
Synam içre surat bolar syratyň, 
Haýsy gülüň pudagynda gonsaňam. 

© Çary ÝEGENMYRADOW
19
88
ylham_gurbanaly
06.06.2024 19:18
Güneş bizar etse, kölege boljak
Gözmonjugyň boljak gözler degende.
Gijeler ýoluňa Aý bolup dogjak,
Garaňkylyk gorkuzaýsa egerde.

Dälilerçe bolup, bozaly ýady
Dünýämiz synlaly, hiç zat eşitme.
Gözleň maňa aýdyp durka bar zady,
Maňa diňe gülkilerňi eşitdir.

Bilseň, men mydama seň bilen bolýan,
Göýberlende gözümdäki tutylar.
Dünýäň derdi bir ýan, goşgulam bir ýan
Barja derdim seniň bilen gutular.

Garaz, sözüm aýdyp durman hetjikläp,
Ähli zatdan ezizsiň sen, geregim.
Senden ýeke zadam talap etjek däl,
Söýýänligňi bilip dursa ýüregim.


Ylham GURBANALYÝEW
21
92
ylham_gurbanaly
05.06.2024 00:00
24 minut.
Hawa göräýmäge azajyk ýaly. Emma şojagaz wagta gör, nämeler boldy dünýede. Ronaldo 9120 dollar , Ilon Musk 6877 dollar girdeji gazandy. Dünýäniň beýleki ýarym şarynda müňläp adam ertirlik edindi. Bir tarapda bolsa müňläp adam süýji uka gitdi. Näçesi deňze suwa düşdi, näçesi gark boldy. Dünýäde 4200 sany adam dünýä indi. 3000-den gowrak adam aradan çykdy. Afrikada plança çaga aç galdy. Hassahanada plança adam iň soňky demini sanap ýatyr, plança adama täzeden jan berlen ýaly boldy. Meň kellämde müňläp pikirler gelip gitdi. Hawa... sanasaň sanabermeli. Şuwagt içinde şu ýazanmy 48 sapar gaýtadan okabam boldum. Ömrümden 24 minut gitdi. Emma sen entägem jaň edeňok. Menem şo-ol garaşyp otyryn...


Senli gowy pikirleri döredip,
Erbetleri bilen göreşip ýörün.
"Garaş" diýen SMS-ňe seredip,
Entägem jaňyňa garaşyp ýörün...
24
112
ylham_gurbanaly
03.06.2024 20:04
Bilseň, hak söýgiňe gowuşdygyňdyr,
Geçip ähli nätanyşlaň deňinden.
Ýyllarboýy tanap ýören adamyň,
Bir gün söýgiň bolup çyksa öňüňden.

Bir bakyşda söýgi döremez asla,
Aýtsa-da gözleriň halaýanyňy.
Çünki, düşün, owal-ahyr dünýäde
Nätanyş adama aşyk bolunýar,
Söýüp bolýar diňe, tanaýanyňy.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW
20
81
ylham_gurbanaly
03.06.2024 12:57
Men senden meýletin boýun towladym, 
Bu bir içki garaşsyzlyk darkaşy. 
Şondan bärem aýdym aýdýan zowladyp, 
Eýmendirip Wasy, 
Ýaňlandyryp Arkajy. 

Onuň her çümmügin der bilen ýugrup, 
Ruhumyň heýkelin döretjekdim men. 
Gursagym guranda ýüregmi sogrup, 
Nebir arzuwlarma böwet çekdim men. 

Elde dogry taýak, 
Ýanym çolukly 
Çopanlardan geçip, çöle giderdim. 
Ýeri, beýle bela nirden ýolukdy 
Ýazmaklyk azary, ýanmaklyk derdi? 

Bärde köçeler giň, öýlerem kaşaň, 
Adamlar tüpeň dek gurşanypdyrlar. 
Bazara gidende süýji sargasam, 
Deregne, ýalňyşyp, burç alypdyrlar. 

Şondan ötri dilim ýanyp topulýan 
Teý, alaç tapmamsoň derdi gozgara. 
Ümsümligiň kölgesinde bukulýan 
Kör-köpük getirip bilmän rozgäre. 

Bärik gelen bolsaň, ýöne ýer-ä däl, 
Hökman bähbit gözläp gelensiň – diýip. 
Bähbit bilen ýatyp-örýän kişiler 
Gownüme degdiler – geleňsiz – diýip. 

Olar başga dilde gepleýärdiler, 
Men bolsa ol dilden ýaňa gömükdim. 
Hoşanyň gymmatyn çöpleýän biler, 
Gara basan öli kimin demikdim. 

Depä çykdym. 
Degre-daşym çolardy, 
Her söz üçin golda barym berdim men. 
Eýsem, aýdyň, heý, gutulyp bolarmy 
Ýanman ýazmak, ýazman ýanmak derdinden?! 

© Sungat GURBANGELDI
20
58
ylham_gurbanaly
30.05.2024 09:47
Adatydy atýan daňlar,
Adatydy ötýän günler,
Üýtgeşigem däldim öňler,
Saňa duşmazdan ozal...

Dönüp döwük bir penjirä
Ýatyrdy kalbym ýeljiräp.
Açmady güllem gunçalap,
Saňa duşmazdan ozal...

Duýmandyryn hiç, çep ýanym,
Urgusy bagta çekýänin.
Görmändir köp zat ykbalym,
Saňa duşmazdan ozal...

Gussalar gelip çakanda,
Yzalar ömri ýakanda,
Ýok ýalydym men jahanda,
Saňa duşmazdan ozal...
17
44
ylham_gurbanaly
28.05.2024 09:26
Maýyl bolup gybat edýän guşlaryň,
Ýüpek seslerinden ýumaýyn ýumak.
Gola duran biýarany depelän,
Sagallaň yzyna guraýyn duzak.

Uzak ýaýlalarda hallan atyşýan
Görüpleň gözün,
Gözmonjuk edeýin.
Şypa bersin diýip,
Ýanýan ýüreklere suwa düşeýin.
Binika dogulan sözleri jemläp,
Tämiz duygularyň suwuna
Hlor atyp,
Agardaýyn tegmil degen ýerlerin...
Men seýle edeýin!
Belkem,
Kem-kem,
Külçä dönen,
Öýkelän ruhum,
Yzyna döner...

Remezan MÄMETGURBANOW
22
67
ylham_gurbanaly
27.05.2024 11:32
Ýene näme sebäpler bar?
22
123
ylham_gurbanaly
24.05.2024 22:54
Hello Ewrybady ýa-da Salam millet. Gowmy ýagdaýlarňyz . Erbet bolsaňyzam gowlap bilemokdyryn ýesli ço. Tak şto gowy boljak boluň şo iň gowy warýant. "Birine ýylgyrmagam sadakadyr" diýlen sözden ugur alyp, menem täze gepleşik açdym. "Öwrenmeli Comedy time" . Gepleşigiň 1-nji sanynda üýtgeşik ünsümi çeken @niklerden başladym. (Degişme üçindir, käbir nikler gaty görmeşek ýokdur)  Hany onda ýöredik. (Dişiňiz barka gülüp galyň)



@owez_off  
Şu sözleri aýry-aýry goýup, iňlisçeden türkmençä geçireliň. "Owez, off"
Öwez öçük.

@orhideya_ 
Sen çyndanam ilkinji dörän gülmi?

@senorita
Şu niki görsem "Senýorita, Bonitta, sen bolmasaň gerek däl hiç zat" şu aýdym ýadyma düşýär her sapar.

@bitanem
Göz öňüňe getir. Söýgüliň bilen otyrkaň, @bitanem maňa kommentariýa ýazypdyr diýäýseň. Bolly işiň gaýtdy. Erkýul Puaroda seni aklap bilmez))
Ýöne mundan beteräm bar eken @ezizm

@a21s
Telefonyňy çalşaňda üýtgeýärmi bu nik?

@garajaoglan
"Aňyrda" senden başgada Öwrenmelä girýän barmy? Meselem, Ýunus Emre, Gorkut ata we ş.m

@23122007 
Bilmeseňiz bilip goýuň, şunuň doglan güni 23-nji dekabrdadyr.

@1234maksat
üýtgeşik göründi, aýdaly, öwrenmeliniň oturlyşygy bolsa, menä Wan, tu, sri, fo maksatt diýip çagyrardym))

@indi 
Şu niki görseň diňe sorag beribermeli. Bah, @indi näme etmeli? @indi näme? @Indi haçan ýagyş ýagar? ....

@kkll
yzyny dowam ediň. Mm, nn, oo ...

@oktyabr 03
Oktýabrda gulluga giden öýdýän sen?))

@abd1
şuňa geň galdym. Näme üçin A, b, ç dälde a, b,d .

@arzuwlarym 
Bir seretsem arzuwlarym öwrenmelide gezip ýör))

@kimsen  Kim sen?

@kralinkizi
Haýsy karolyň gyzy sen?

@rita diýip agza bar eken, adyny okanymda konserwa nohut ýadyma düşdi.

@bismark01 Otto fon Bismarkyň näçenji nesli sen?

Öň miwelerden diňe @mandarin bardyr öýtsem, ýakynda @apelsinka diýlene gözüm düşdi. Kellä üýtgeşik sorag geldi.
@mandarin bilen @apelsinka -ny birleşdirsek näme bolar? (Yzda biri gygyrýa toý bolar, mugt nahar bolar diýip))

Hawi bilen köpden bäri habarlaşyp bilmän ýörün diýsem, Öwrenmelä girdim @gavi bar. @gavi indiki sezona nähili plan bar? Hawi gitdi, Flik geldi nämeler bolar?
42
530
ylham_gurbanaly
24.05.2024 15:34
Şu "Öwrenmeläm" üýtgeşik ýer-aý. "Her kimiň öz aladasy, kel gyzyň är aladasy" diýleni. Her kim özüçe başagaý şu ýerde. Tak, şto Gününi Öwrenmelide dogduryp, şu ýerde-de batyrýanlardan başlap, men ýaly arasynda jyklaýanlara çenli "ottduşi" salam ýollamak bilen, Ylham studiýasynyň gunamagynda "Tanyşmak aýyp däl" virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 19-njy sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu gezekki myhmany @medik_ hanym myhmançylykda. Like dawalaryna birazyk arakesme berip, gepleşigimize yssspakoýny gatnaşarsyňyz diýip umyt edýän. Taýýar bolsaňyz, reklama.
Gepleşigiň hemaýatkäri: Daşyna seredip 5manada 100 gram çigit alyp sokulýanlaryň dykkatyna, 10manada 1 banka çigit hödürleýän daýzalar jemgyýeti.

Başladyk onda.

1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).
2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk...
3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz? Ýalňyşmasam sizem gelnejelerden bolmaly dämi?
4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?
5. Siziň üçin durmuşyň manysy bir sözde näme?
6. Dostluk üçin ýaşyň tapawudy barmy?
7. Virtual dünýä ynanýarsyňyzmy? Virtuallaşmak gowumy?
8. Gyz bolmak gowumy ýa-da gelin?
9. Bir ýerde işleýärsiňizmi?  (Syr bolmasa)
Size köplenç näme bilen meşgullanmak has ýakymly, oňaýly?
10. Durmuşda erkegiň orny nähili?
11. Maňlaý, nesibe düşünjelere nähili garaýşyňyz bar?
12. Nähili gowy adam siz diýlende, Özüňize 10dan 100e çenli  bal sistemada näçe bal bererdiňiz?
13. Boş wagtyňyz nämeler bilen meşgullanýarsyňyz?
14. Öwrenmeliň agzalaryna hökman aýtmaly zadyňyz barmy?
15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?
16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?
17. Goý, Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun. Saglykda gõrşeliň!

Agzalar siziňem @medik_ agzadan gyzyklanýan soragyňyz bar bolsa, arkaýyn teswirde sorap bilersiňiz!
47
755