ylham_gurbanaly
03.06.2024 12:57
Men senden meýletin boýun towladym, 
Bu bir içki garaşsyzlyk darkaşy. 
Şondan bärem aýdym aýdýan zowladyp, 
Eýmendirip Wasy, 
Ýaňlandyryp Arkajy. 

Onuň her çümmügin der bilen ýugrup, 
Ruhumyň heýkelin döretjekdim men. 
Gursagym guranda ýüregmi sogrup, 
Nebir arzuwlarma böwet çekdim men. 

Elde dogry taýak, 
Ýanym çolukly 
Çopanlardan geçip, çöle giderdim. 
Ýeri, beýle bela nirden ýolukdy 
Ýazmaklyk azary, ýanmaklyk derdi? 

Bärde köçeler giň, öýlerem kaşaň, 
Adamlar tüpeň dek gurşanypdyrlar. 
Bazara gidende süýji sargasam, 
Deregne, ýalňyşyp, burç alypdyrlar. 

Şondan ötri dilim ýanyp topulýan 
Teý, alaç tapmamsoň derdi gozgara. 
Ümsümligiň kölgesinde bukulýan 
Kör-köpük getirip bilmän rozgäre. 

Bärik gelen bolsaň, ýöne ýer-ä däl, 
Hökman bähbit gözläp gelensiň – diýip. 
Bähbit bilen ýatyp-örýän kişiler 
Gownüme degdiler – geleňsiz – diýip. 

Olar başga dilde gepleýärdiler, 
Men bolsa ol dilden ýaňa gömükdim. 
Hoşanyň gymmatyn çöpleýän biler, 
Gara basan öli kimin demikdim. 

Depä çykdym. 
Degre-daşym çolardy, 
Her söz üçin golda barym berdim men. 
Eýsem, aýdyň, heý, gutulyp bolarmy 
Ýanman ýazmak, ýazman ýanmak derdinden?! 

© Sungat GURBANGELDI
20
58
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.