ylham_gurbanaly
06.06.2024 19:18
Güneş bizar etse, kölege boljak
Gözmonjugyň boljak gözler degende.
Gijeler ýoluňa Aý bolup dogjak,
Garaňkylyk gorkuzaýsa egerde.

Dälilerçe bolup, bozaly ýady
Dünýämiz synlaly, hiç zat eşitme.
Gözleň maňa aýdyp durka bar zady,
Maňa diňe gülkilerňi eşitdir.

Bilseň, men mydama seň bilen bolýan,
Göýberlende gözümdäki tutylar.
Dünýäň derdi bir ýan, goşgulam bir ýan
Barja derdim seniň bilen gutular.

Garaz, sözüm aýdyp durman hetjikläp,
Ähli zatdan ezizsiň sen, geregim.
Senden ýeke zadam talap etjek däl,
Söýýänligňi bilip dursa ýüregim.


Ylham GURBANALYÝEW
21
92
sabyrly
7 Iýun 2024
👏
iamemir
7 Iýun 2024
Yuregmi goydym su gosxga❤️
runia
7 Iýun 2024
Haladym..
flowers_
6 Iýun 2024
💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.