ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
02.07.2022 13:44
Arhiw(2015)
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
02.07.2022 01:27
Esaay zat ynam bolsun...
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
01.07.2022 21:25
Şundan gowsy barmydyr, eýsem...
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
01.07.2022 13:40
Sensizlik .... Мы в жизни любим только раз, А после ищем лишь похожих… С. Есенин ...... Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp, Pikirler bu günem duelde durlar Senli günler ykbalyma bir yşyk,
ylham_gurbanaly
01.07.2022 02:11
"Umytsyzlyk" boldy - ykbal baýdagy
"Keçpelegem" söýgümiziň senasy
Bir ömür gaýtalap şuny aýdaryn:
"Kireňsiz kalbymyň ýokdy günäsi..."

Tükenmez arzuwy bileje besläp,
Däli, sermest bolup, çasly gülsedik
Azajyk biz bilen bolmagny isläp,
Şatlygmyzy tussag edip bilsedik

Bir-birege deňje-deňje bölmänem,
Gussalary mäjumlaýyn iýdik biz
Bagtymyzyň göwnin alyp bilmänem,
Özümize "myhmansöýer" diýdik biz

Gülzarlyga iki ädim ätdiň-de,
Yza gaýtdyň, (nämemişin, çöl gördiň)
Uzatsak, gollarmyz ýetmez öýtdüň-de,
Golaý diýip, aýralyga gol berdiň

Ýeke-ýalňyz çekerin men yzany,
Asla degmez özgelere azarym
Hupbatlardan ýelim ýasap mazaly,
Gursakdaky ýyrtyklary ýamaryn...


Ylham GURBANALYÝEW
10
57
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
29.06.2022 19:47
Ýeke-ýalňyz çekerin men yzany, Asla degmez özgelere azarym Hupbatlardan ýelim ýasap mazaly, Gursakdaky ýyrtyklary ýamaryn... #goshgydan #ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
29.06.2022 16:39
Görülmedi öňler beýle ahwalat, Geçdigiçe günler geň bolup barýar Barlyňky bolup dur, şol öňki halat, Misgin haly barha teň bolup barýar Bir agza birikmez hemme başlaram Ýat bolup bilenok hemme
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
29.06.2022 10:06
Şeýle ogulyň bolanyndan bolmany ýeg!
ylham_gurbanaly
29.06.2022 01:57
Köp bolar

Samsyk üçin aýdan sözüň ýarsy-da köp bolar. (Hytaý nakyly)



****
Samsyk bilen gürleşseň,
Ýarty sözem köp bolar.
Hassa halyn soraşsaň,
Barja derdi dep bolar.

Akmaga-da on kitap,
Peýdasyz bir çöp bolar.
Käte ýeke hoş sözem,
Ýara göwne sep bolar.

Gybatça-da ýeke söz,
Bütin ile gep bolar.
Ýalan söz hem käteler,
Uly bela nep bolar.

Pukar sözi diňlenmez,
Otur, agzyň ýap bolar.
Ýokardan buýruk gelse,
Derhal gözle, tap bolar.

Yhlas etmeseň işe,
Arzuw dagyň Kap bolar.
Bu joýa setirlerem,
Günleň biri ýap bolar.



Ylham GURBANALYÝEW (2015)
#Arhiwimden...
10
93
ylham_gurbanaly
29.06.2022 01:27
Bagtymyzyň göwnini alyp bilmez derejede "myhmansöýer" bolduk biz...
9
127