Köp bolar
Samsyk üçin aýdan sözüň ýarsy-da köp bolar. (Hytaý nakyly)
****
Samsyk bilen gürleşseň,
Ýarty sözem köp bolar.
Hassa halyn soraşsaň,
Barja derdi dep bolar.
Akmaga-da on kitap,
Peýdasyz bir çöp bolar.
Käte ýeke hoş sözem,
Ýara göwne sep bolar.
Gybatça-da ýeke söz,
Bütin ile gep bolar.
Ýalan söz hem käteler,
Uly bela nep bolar.
Pukar sözi diňlenmez,
Otur, agzyň ýap bolar.
Ýokardan buýruk gelse,
Derhal gözle, tap bolar.
Yhlas etmeseň işe,
Arzuw dagyň Kap bolar.
Bu joýa setirlerem,
Günleň biri ýap bolar.
Ylham GURBANALYÝEW (2015)
#Arhiwimden...