"Umytsyzlyk" boldy - ykbal baýdagy
"Keçpelegem" söýgümiziň senasy
Bir ömür gaýtalap şuny aýdaryn:
"Kireňsiz kalbymyň ýokdy günäsi..."
Tükenmez arzuwy bileje besläp,
Däli, sermest bolup, çasly gülsedik
Azajyk biz bilen bolmagny isläp,
Şatlygmyzy tussag edip bilsedik
Bir-birege deňje-deňje bölmänem,
Gussalary mäjumlaýyn iýdik biz
Bagtymyzyň göwnin alyp bilmänem,
Özümize "myhmansöýer" diýdik biz
Gülzarlyga iki ädim ätdiň-de,
Yza gaýtdyň, (nämemişin, çöl gördiň)
Uzatsak, gollarmyz ýetmez öýtdüň-de,
Golaý diýip, aýralyga gol berdiň
Ýeke-ýalňyz çekerin men yzany,
Asla degmez özgelere azarym
Hupbatlardan ýelim ýasap mazaly,
Gursakdaky ýyrtyklary ýamaryn...
Ylham GURBANALYÝEW