ylham_gurbanaly
29.06.2022 16:39
Görülmedi öňler beýle ahwalat,
Geçdigiçe günler geň bolup barýar
Barlyňky bolup dur, şol öňki halat,
Misgin haly barha teň bolup barýar

Bir agza birikmez hemme başlaram
Ýat bolup bilenok hemme daşlaram
Düýnki önüp-ösen emmedeşlerem
Bugün bir-birine jeň bolup barýar

Ählisi şowuna, işleri oňan
Keýpleri asmanda, kelleler doňan
Etjek işinn edip, bolansoňlaram,
Bir bendäň bagtyna meň bolup barýar

Geljegim diýe guwanyp ýöräni
Belli bolman galdy, nirden döräni
Sylaman ösdüren ata-enäni
Indi "jüýje-horaz" deň bolup barýar

Ynsanýetiň beýik serhetin bozup
Baýamak islegi, möwç urýa, ozup
"Sagbolsun" gezip ýör gabryny gazyp
Imansyz wyždanlar leň bolup barýar

Şükür, aýdym-saza bolçulyk geldi
Daş alyp zyňaýsaň aýdymça degdi
Herkim bir notany üýtgedip indi,
"Awtorlyk" aýdymlar heň bolup barýar

Gowluga gidenok hemmeleň başy
Erbetlik gurşaýar töwerek-daşy
Özün görkezip bir kelleliň boşy,
Bolgusyz zat etse, ýoň bolup barýar

Her näme bolsa-da gowluga ýanaň
Şer işi ýok edip, haýyry sanaň!
Entek wagty däldi Ahyrzamanaň
Bolmaly wagtyndan öň bolup barýar


Ylham GURBANALYÝEW (2021)

7
77
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Poet, onda hiç hili mesele ýok:) başgalaram ýalňyş düşünesi ýok)
Poet
4 Iýul 2022
YGurbanaly23, agamjan menem şony diýýändä 😐
ylham_gurbanaly
3 Iýul 2022
Poet, çaga ata-enäni ösdürmejegi açyk aýdyň dälmi?)
Poet
3 Iýul 2022
"Sylaman (ösdüren) ata-enani", "Sylaman (ösdürlen) ata-enani" aýry manylary berýär diýjek boldum. Başdaky sözlem ata-enäni ösdüren çaga ýaly gödegräk many berýär. Gaýtadan seredip görüň 🙂
ylham_gurbanaly
3 Iýul 2022
Poet, " Sylaman ösdüren ata-enäni, Indi "jüýje-horaz" deň bolup barýar" . Dogrysy men size düşinmedim. Sebäbi o ýerde nähili düşinişmezlik bar? Ene-ataň ösdüren perzendi sylaman gezse, ene-ata gep gaýtaryp deň deň gidişse. Şol zatlar suratlandyrylan
Poet
2 Iýul 2022
YGurbanaly23, Eger goşgy bir duýga ýugrulan bolsa, birem umumy pikire gulluk edýän bolsa ondan gowy goşgy bolup bilmez diýip pikir edýän. Her bedin aýratyn gowy taraplaryny aýdyp bilerin, sebäbi liriki gahrymanyň öz duýgulary bilen döwrüň hakyky taraplaryny emosionalnyy acyp gorkezmesi okayan adamada lezzet berýär. Men özüm diýsen lezzet aldym. Yone yekeje yerine duşunmedim, has dogrusy aýtmak islenilyan pikire düşündim, Yone "Ata-enani sylaman ösduren" diyen setiriň manysy uytgapdir. Duzetseňiz has täsirli bolar👍👍👍
ylham_gurbanaly
30 Iýun 2022
Ylham.1989,Zoluşka,SAHYRLARWEMEN,Serwi,Tikgi, minnetdar ähliňize👍👏
Tikgi
29 Iýun 2022
Sonky bendi

We 4 nji bendi
sahyrlar_we_men
29 Iýun 2022
1-5-8 has gowy 👍🏻

1-5-8 has gowy 👍🏻
zolushka
29 Iýun 2022
Hemmesem gowy👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.