ylham_gurbanaly
01.07.2022 13:40
Sensizlik

....
Мы в жизни любим только раз, А после ищем лишь похожих…
С. Есенин
......

Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp,
Pikirler bu günem duelde durlar
Senli günler ykbalyma bir yşyk,
"Sensizlik" - dokuz harp, bir ömür bolar

Dünýämde ýeke reňk, olam garalyk
Tümlikde ýatan, kalby kör, biri men
Bolar bir gün reňkli dünýä garylyp,
Şol umyt bile - entekler diri men...

Sendiň baky ylham, tükenmez gorum
Sensizlikde boşap galdy söz känim
Hem-ä ýekedigiň gaýtalap ýörün,
Hem gözleýän saňa meňzeş özgäni...



Ylham GURBANALYÝEW
10
60
ylham_gurbanaly
2 Iýul 2022
Poet, Salam. Şol setire kim jogap ýazarka diýip garaşyp otyrdym. Üns beripsiňiz. Aslynda ilki ylham gelende "Giderin bir gün reňkli dünýä garylyp" diýip ýazypdym. Soň birden üns bersem bogun hatardan çykypdyr. Onsoň durdumda şoňa 2 wariant hödürledim "Bolar" hem-de "Gitjek" şu 2sini onsoň 1nji wariandy hödürläp görmegi makul bilipdim. Teswiriňiz üçin minnetdar!
Poet
2 Iýul 2022
Goşgynyň çeperçiligi diýseň gowy. Ýöne serediň 2nji topbagyň 3nji setiri birazyrak agsaýa. Ýagny sözleri öz ýerli-ýerinde goýup görsek - "Bir gün reňkli dunya garalyp bolar" diýen manyda bolýar. "Bolar" sozunin deregne "Biler" sözi has gowy gelşmezmi? Birem aýtmasam bolmaz, soňky bent aýdyljak bolýan ideýaň manysyny gowy jemläpdir.👍
guli_
2 Iýul 2022
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️
ylham_gurbanaly
1 Iýul 2022
Gülhan, 😊😊😊
Gülhan
1 Iýul 2022
YGurbanaly23, eyse näme 😊
ylham_gurbanaly
1 Iýul 2022
Köwser,Kitaphon,Zümerret🌺, Harika😇,👏👏👏👍

Gülhan, 😊😊 😌 ( birhili jüňk boldumy ýöne😶)
Gülhan
1 Iýul 2022
😊😊😊👍👍
ay_kiz_
1 Iýul 2022
👍👍👍👍Zümerret🌺,👍👍👍👍
Kitaphon
1 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.