Adamzadyň ömür ýoly ýazylar Eneden dogulyp çyrlan çagynda Artyk-kemi saňa görä düzüler Çarhypelek çarhyn pyrlan çagynda Janyň berler, ýanynda-da kazasy Her günäňe laýyk bolar jezasy Hiç aýrylmaz
Balyk porsar kelleden... Uly uly yerde däl, Kiçäm tapanok ýerin Sesiň çykarman dursaň, Köpsi bilenok çenin Başdan edep bermedik Erbet etse çagady Şol "çagady" söz bilen, Geljek güni dagady
Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana Bagtyň asyl manysyna düşünmän Janym sagat, demim rahat alýan-a Men bagt diýlende şoňa düşünýän Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp Nebsine haý diýmän, serhetden ozup
Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik Ýakyndanam görmändik ýol öterlik Emma seni görmek asla gerek däl, Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl, Mydam gabat gelse içki dünýämiz (Öte
Belanyň körügi asyl özümiz (Bir yaşulynyň gürrüñinden) Öz edebimiz-ä ýatdan çykardyk Her wagt diýdik "edepli bol" sözümiz Çaga diýleni däl, edenmiz etdi Belanyň körügi asyl özümiz Iki söziň
"Indä gyş gutardy" diýlen pursatda Ownujak gar tozgalary galgaýar Käte şeýle işler bolýar dünýäde Tebigatam adamlary aldaýar Ynam edip, käte ynsan ynsana Özünde bar pikirlerin baglaýar Käte
Tapyp bilemok köp zatlaň jogabyn Düşünmek kyn, düşündirmek has beter Kim baýlyk toplar, kim toplar sogabyn Düşünmek kyn, düşündirmek has beter Iş bitirseň senden uly minnetdar Iş bitmese-de dag ýaly