ylham_gurbanaly
05.07.2022 00:34
Adamzadyň ömür ýoly ýazylar
Eneden dogulyp çyrlan çagynda
Artyk-kemi saňa görä düzüler
Çarhypelek çarhyn pyrlan çagynda

Janyň berler, ýanynda-da kazasy
Her günäňe laýyk bolar jezasy
Hiç aýrylmaz ýadawlygyň yzasy
Maňlaý däl, ýüregiň derlän çagynda

Halal ýollar kynlyk bilen söküler
Zähmetiňe görä rysgal döküler
Arzuw mugt, bolsady mydam ekiler
Dok garynly dilleň gürlän çagynda

Garyn doýar, emma doýmaz garaklar
Gözbaşy dynmasa akar bulaklar
Ýolbarsdan kem bolmaz garagulaklar
Tanyş ýolbarslaryň arlan çagynda

Nätjek, kynlaşsa-da barha bu halat
Haka sygyn, mydam bolar delalat
Bilmen, belki bir gün bolar adalat
Hemmeleň wyždany parlan çagynda


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
11
54
ay_kiz_
5 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
guli_
5 Iýul 2022
YGurbanaly23,Şoda sunca garasdyň yene gayrat et azajyk galdy😁
ylham_gurbanaly
5 Iýul 2022
Guli_, 1 ýyl geçirdiň diýýäňmi😂
guli_
5 Iýul 2022
YGurbanaly23,😁hazirlikce diňe suhoý medal ba.Beyleki zada entak wagt kop bar
ylham_gurbanaly
5 Iýul 2022
Guli_, şu medallaryň ornuna, meň isleýän zadym geläýsedidää😂😂😁😌
guli_
5 Iýul 2022
Shamko,Youtubedan goraymesen isleyan vpn bamy
guli_
5 Iýul 2022
Shamko,hovgy)
guli_
5 Iýul 2022
Soz yok super 🥇😌❤️
ylham_gurbanaly
5 Iýul 2022
Kimde nähili pikir bar?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.