ylham_gurbanaly
05.07.2022 00:55
Berdaşlydy, çeýe polat sim ýaly
Her öňýeten atagza-da gysdyrman
Şol adaty endigine atlanyp,
Gidip barýar ýylgyrşyny gysganman

Atsalar-da pitjiň, etmän pitiwa,
Bildirmän hiç, köpçülikde gussasyn
Iliň şatlygyna şatlygyn gatyp,
Hemem sorap garry, çaga, hassasyn
Bir arabajyk çekişse-de derdini
Çekişmekçi, öz derdini unudyp
Ruhy dünýäleri aç galan bolsa,
Sözlerini bermekçi ol, un edip

Dildenem köp, elden kömegi ýetse
Begenýärdi, öňkisinden bäş beter
Gar diýseler, Gimalaýdan gar daşar,
Güýjin jemläp, damja bolup, daş deşer

Özi dünýäň bu çetinde bolsa-da,
Alada bolupdy, dünýäň o çeti
Her bir işe petde-petde analiz,
Pikirleri ýyrtýardy oň iç-etin

Oňa mahsus ähli zatlaň dogrusy
Gaharjaň.
Mähirli.
Gaýgyçyl.
Şadam.
Bütin dünýäni oziniňki saýyp
Köçe bilen barýar duýguçyl adam


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
12
59
ay_kiz_
5 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
ideallider
5 Iýul 2022
Gurgenchli, köö ýazana boldum. Poisk ýerden nikimi ýazypgözläpgör.
Gurgenchli
5 Iýul 2022
IDEALLIDER, hekaýa ýazýaňmy? Haýsy saýtda paýlaşypdyň? Profiliňden gözledim, tapyp bilmedim
ideallider
5 Iýul 2022
Gurgenchli, synanş ýazanlarymdan!?
Gurgenchli
5 Iýul 2022
Hekaýa ýaz tankyt edeýin:))
guli_
5 Iýul 2022
YGurbanaly23,Mlds sagbol agam🥇😌
ylham_gurbanaly
5 Iýul 2022
Atayeva, otur jigim, otur:))
ylham_gurbanaly
5 Iýul 2022
Tankytlara we pikirlere doly açykdyr...

Guli_,pitjiň : pitjiň atmak birine göwnüň ýetmän, äsgermezçilik edip, gyşyk sözler aýtmak, jort atmak. pitiwa [pitiwa:]: pitiwa etmezlik biriniň haýsydyr bir hereketine, işine we ş.m. göwni ýetmän, oňa ähmiýet bermezlik. Ol bu gürrüňlere çigit ýalyjagam pitiwa etmedi.
guli_
5 Iýul 2022
Pitjiň nm zat pitiwa dusunmedim wln 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.