"Indä gyş gutardy" diýlen pursatda
Ownujak gar tozgalary galgaýar
Käte şeýle işler bolýar dünýäde
Tebigatam adamlary aldaýar
Ynam edip, käte ynsan ynsana
Özünde bar pikirlerin baglaýar
Käte garaşan tamaňam çykanok
Pikirlerem adamlary aldaýar
Hasrat laýyna batanda kä ynsan
Arak bilen keýplerini çaglaýar
Dogry ýoly gözlemäge çalşanok
Şeýtan mydam adamlary aldaýar
"Plan günden plan zat bolmalydyr hökman"-
diýip ynsan geçen günin sanaýar
Emma "nesip bolsa" ýada düşenok
Hasaplaram adamlary aldaýar
Kakasyndan aýra düşen çagajyk
"Bir gün kakam geler" diýip aglaýar
Umyt baglan kakasy-da gelenok
Käte umyt adamlary aldaýar
"Seret oňa
Ol mydama şadyýan
Şatlyk bilen ähli zady jaýlaýar"
Içdäki gaýgyny hiç kim bilenok
Daşky şatlyk adamlary aldaýar
"Bolan işde bir zadyň günäsi bar"-
diýip hemme öz-özüni goldaýar
Emma bar zadyň gözbaşy ynsanýet
Ynsan mydam öz-özini aldaýar
Ylham GURBANALYÝEW (2021.02)