ylham_gurbanaly
04.07.2022 00:10
Belanyň körügi asyl özümiz
(Bir yaşulynyň gürrüñinden)


Öz edebimiz-ä ýatdan çykardyk
Her wagt diýdik "edepli bol" sözümiz
Çaga diýleni däl, edenmiz etdi
Belanyň körügi asyl özümiz

Iki söziň biri sögünç söz boldy
Edep hakda gürlemedi dilimiz
Çaga bolsa bizden eşdenin aýtdy
Belanyň körügi asyl özümiz

Erbetlik etdi, aý çagadyr diýdik
Düşündirmedik,
çytmadyk ýüzümiz
Çytylmadyk ýüz üýtgetdi edebin
Belanyň körügi asyl özümiz

Diýen etmedi
Gep gaýtardy gaýtam
Gerek ýerinde galmady elimiz
Galynmadyk el özümize degdi
Belanyň körügi asyl özümiz

Perzentden edipdik dag ýaly tama
Haklanmady haklanmaly duzumyz
Haklanmadyk duzdan gözlendi günä
Belanyň körügi asyl özümiz

Garranda perzentler ot bolar öýtdük
Öçmez diýdik ojakdaky közümiz
Emma ne közi galdy, ne-de küli
Belanyň körügi asyl özümiz

Galdyk ogul-gyzsyz....
Çalaran saçlar
Geçip gitdi ençe bahar-güýzümiz
Geçen bahar-güýzden gözledik günä
Belanyň körügi asyl özümiz

Şeýdip ömri ötýär ondan-biriniň
Ahmyr bilen geçer garran çagymyz
Ahmyrly ötmegiň sebäbi ýeke
Belanyň körügi asyl özümiz

Tertipsiz bolmaz edeplenen ogul
Tertipsiz bolmaz edeplän gyzymyz
Bolaýsa edebiňde hata bardyr
Belanyň körügi asyl özümiz

Haýyşym edepsiz galmasyn perzent!
Zaýalanmasyn geljegmiz, ilimiz
Çagadan öň özümiz edepläliň!
Belanyň körügi asyl özümiz


Ylham GURBANALYÝEW (2021.02)
11
74
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Poet, 9-10 hakda özümä beýle pikir etmändim

Zümerret🌺, belki, açykdyr hemmezat. Arkaýyn aýdyp bilersiň)
Poet
4 Iýul 2022
3-4-9-10 bentler
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Poet, meselem nirrägi?
Poet
4 Iýul 2022
YGurbanaly23, bu goşgyňyzda umumy pikir, ideýa bar, bu diýseň gowy. Her bendinde de ol pikir dürli ýollar bilen subut edilýär. Esasy bellenmeli zat goşgydaky akgynlylyk. Ýagny okap otyrkam gosgynyň akgynlylygy yitip gitdi, ozumi sözlem okap duran yaly duýdum. Ýene-de goşgynyň ideýasyny haladym, ozumem su hakda goşgy yazasym gelip du:rdy.
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Zümerret🌺, nãme üçin galdyka?)

Zümerret🌺, nähili bolupdyr?
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Peri, aha bolya)
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Peri, erbet däl
Ovezova_
4 Iýul 2022
👏👏👏👏👍
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Peri, 😊 gowmy ýagdaýlar)
ylham_gurbanaly
4 Iýul 2022
Aslynda şol bir ýaşuly meniň öz içimdäki Ylham agadyr:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.