ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
09.11.2022 12:40
Dogry baha bermez hiç kim meňzime Pikirlem içimi iýäýjek ýaly Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim Olam
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
09.11.2022 00:34
Bilýän, çenden çykybam oýun etdim Etýärkäm seýran, söýgüň bile arşda Duýgulam birwagt meni boýun etdi Barsy üçin men aşygy bagyşla! Men-ä gurçuklan, sen terje alma sen Diýýänlermi hiç göwnüňe alma
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
08.11.2022 15:42
Barymdan bazar eýledim, Käte kemsindim ýoguma. Bir gün duýgularmy bogup, Ýanasym geldi ýoguna. Göwnüme hile gurdurdym, Urdurdym ýodany, ýoly. Ähli kişä gyýa bakdym, Ählisi kastymda ýaly. Jan
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
08.11.2022 12:12
Berdaşlydy, çeýe polat sim ýaly Her öňýeten atagza-da gysdyrman Şol adaty endigine atlanyp, Gidip barýar ýylgyrşyny gysganman Atsalar-da pitjiň, etmän pitiwa, Bildirmän hiç, köpçülikde gussasyn Iliň
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
08.11.2022 10:01
Gyşam bosagadan jyklaýar ýene... Onuň gelmegi-de adaty ahwal Emma, aýralykdan sowan ýüregme Wagtyndan öň gelen bolmagy ahmal Eýeläpdir bütin bedeni aňzak, Söýgiň şuwwuldysam ýüregmi gyýýar Azajyk nur
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
07.11.2022 13:31
Tebigatym berse howam Ýüregimde sen bolarsyň Jürküldisi barka sabaň Ýüregimde sen bolarsyň Sen birýana, dünýe birýan Sensiz jan-u-bagrym girýan Gaplasa-da güller dünýäm Ýüregimde sen bolarsyň Bakman
ylham_gurbanaly
06.11.2022 14:58
Geçdigiçe geň göremok,
Adamlaryň haýrany kän
Tagam dadyp ýalanlardan,
Sakgyç edip çeýnäni kän

Gury ýerden iş bitenok,
Hantamadyr kömek eden
Bir gün meni taşlar diýip,
Gorkup ýörün kölegeden

Kelleleriň poslany hiç,
Batgalykda düşünjeler
Iki juwan gürrüňinde,
Üç müň sözde müň ejeler

Gülkinç görnen haýranlarma,
Durmuş meni iterip ýör
G:aljak bolup, çöp göwrede,
Daýawlary göterip ýör

"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",
Bu günki gün afişada
Mollasypat, "akyl öýi" -
Içi heňlän hapysa-da

Kiçi dilden "tüweleme" bar,
Görüplik bar ençe kalpda
Ynam indi gözlenip ýör,
"Ynam" atly dörtje harpdan

Bolmajaklaram bolup dur,
Tapawut ýok ertekiden
Garny doklaň, gözleri aç
Kanagat ýok bir, ikiden

Aýdylana geň görmäňem,
Aýdylmadyk zatlar köpdür...
Hakykaty aýtmasaň bor,
Senden gowy adam ýokdur...


Ylham GURBANALYÝEW
17
323
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
02.11.2022 03:47
Ömrümiz yşk meýidir, barlyk bolsa bir bada, Ýaşa, dünýäm! Ýaşagyn! Hemem ýaşatgyn meni! Ähli gowulyklary görer ýaly birbada, Ýaşa, dünýäm! Ýaşagyn! Hemem ýaşatgyn meni! Özüňi aýa, Aýym! Baryňda
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
31.10.2022 14:37
***** Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlärsiň.. (Türk aýdymyndan) ***** Seretmän hiç geçýän pasla Şygyr ýazdym salyp waspa Ýatlama ýatyrmaz asla Geçmişiňe bakar ýaly Getiren ylham joşuny-
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
28.10.2022 09:50
Geçip gitdi baky bahar göçgüni, Kalbym indi müdümilik gyş güni Gussa gurşanynda ömrüň hoş güni, Mende başga, sende başga ýar bolar... Arzuwlarmyň ganatyndan ýaralap, Düňle ýörün, sessiz göwräm