ylham_gurbanaly
06.11.2022 14:58
Geçdigiçe geň göremok,
Adamlaryň haýrany kän
Tagam dadyp ýalanlardan,
Sakgyç edip çeýnäni kän

Gury ýerden iş bitenok,
Hantamadyr kömek eden
Bir gün meni taşlar diýip,
Gorkup ýörün kölegeden

Kelleleriň poslany hiç,
Batgalykda düşünjeler
Iki juwan gürrüňinde,
Üç müň sözde müň ejeler

Gülkinç görnen haýranlarma,
Durmuş meni iterip ýör
G:aljak bolup, çöp göwrede,
Daýawlary göterip ýör

"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",
Bu günki gün afişada
Mollasypat, "akyl öýi" -
Içi heňlän hapysa-da

Kiçi dilden "tüweleme" bar,
Görüplik bar ençe kalpda
Ynam indi gözlenip ýör,
"Ynam" atly dörtje harpdan

Bolmajaklaram bolup dur,
Tapawut ýok ertekiden
Garny doklaň, gözleri aç
Kanagat ýok bir, ikiden

Aýdylana geň görmäňem,
Aýdylmadyk zatlar köpdür...
Hakykaty aýtmasaň bor,
Senden gowy adam ýokdur...


Ylham GURBANALYÝEW
17
323
ylham_gurbanaly
7 Noýabr 2022
Serwi, ýoga, öňkülik)
Selwi
6 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
ylham_gurbanaly
6 Noýabr 2022
Девушка., Salam. Minnetdar!
ylham_gurbanaly
6 Noýabr 2022
Serwi, gowy, gowy, näme täzelik?)
Девушка.
6 Noýabr 2022
Salam gowy ýazlypdyr üstünlik.
ylham_gurbanaly
6 Noýabr 2022
Serwi, erbet däl. Işlerňiz gowmy , gördüm welin hal yagdaý soraýaýyn diýdim.
ylham_gurbanaly
6 Noýabr 2022
Serwi, Salam. Gowmy ýagdaýlar)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.